“Türkmennebit” Döwlet konserniniň burawçylary ýylyň başyndan bäri önümli guýularyň 60-dan gowragyny ulanmaga berdiler. Olaryň esasy bölegi Balkan welaýatynyň günorta - günbatarynda ýerleşýär. Olar Altyn guýy, Ekizek, Ördekli, Ak patlawuk, Çekişler, Nebitlije ýataklarydyr.
Beýleki nebitgazly ýataklaryny, şol sanda Gündogar Gamyşlyja, Günbatar Barsagelmez, Günbatar Çeleken, Kemer ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Bu ýerde Nebitdag buraw işleri müdirliginiň toparlary taslama çuňlugy 1650 metr bolan bir gije-gündiziň dowamynda 40 tonna töweregi “gara altyn” berýän 1777-nji guýyny burawlamak işlerini üstünlikli tamamladylar.
Barsagelmez ýatagynda ýerleşýän 1292-nji guýynyň taslama çuňlugy 2730 metrdir. Bu ýerde buraw işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basyp, ondan golaý wagtda senagat nebit akymynyň alynmagyna garaşylýar.
Goturdepe ýatagynda hem “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň toparlary iş alyp barýarlar. Olar soňky aýlaryň dowamynda ýokary önümliligi bilen tapawutlanýan birbada täze iki guýyny - 1779-njy, 1800-nji guýulary hem ulanmaga berdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder