Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Ýygnananlar milli Liderimizi türkmen topragynyň rysgal-bereketiniň hem-de ýurdumyzyň ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini alamatlandyrýan ähli halk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek ýolunda täze üstünlikler arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyza obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudagy bolan oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine aýratyn üns berýändigi, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň – ýokary hasyl ussatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladasy üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi, ekerançylar üçin şu ýyllaryň dowamynda mynasyp durmuş we zähmet şertleri döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ekerançylary üçin soňky ýyllarda mineral dökünlerini, tohumlary we oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy himiýa serişdelerini ýeňillikli nyrhlar bilen satyn almaga mümkinçilik döredildi, kärendeçileriň tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Döwletiň aladalaryna oba zähmetkeşleri joşgunly zähmet bilen jogap berip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda “2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň” çäklerinde türkmen topragynda buýdaýyň, bakja ekinleriniň, miwäniň we beýleki ir-iýmişleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Olar her maşgalanyň saçagyny bezäp, halkymyzyň abadançlygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hakyky ýer eýeleriniň şanyna döwlet derejesinde bellenilýän baýramyň ähmiýetini aýratyn nygtady, ekerançylarymyz öz ata-babalarynyň köp asyrlyk şöhratly däplerini dowam etdirýärler. Bellenilişi ýaly, olaryň ýadawsyz, tutanýerli zähmeti netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edildi, oňa tekjeleri tutuş ýylyň dowamynda ter gök we miwe önümlerinden doly ýurdumyzyň bazarlary hem şaýatlyk edýär.
“Biz geljekde hem oba hojalygyny ösdürmäge uly üns bereris, pudakda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýar” diýip, milli Liderimiz bu ugurda eýýäm durmuşa geçirilýän işleriň türkmen topragynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli obasenagat toplumynyň önümlerini daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýndigini nygtady
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän möhüm çäreleriň hatarynda ugurdaş ylmyň işini kämilleşdirmek, hojalygy ýöretmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy us ullary ornaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem toplanan tejribeleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giňden alyşmagy ýola goýmak görkezildi, bu işlere iri halkara forumlarynyň we oba hojalyk sergileriniň geçirilmegi hem degerli ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, Hasyl toýuny we oňa gabatlanyp geçirilýän çäreleri – zähmetde tapawutlanan ekerançylary sarpalamak dabarasyny, dürli oba hojalyk önümleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça dürli sergileriň, sport ýaryşlarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, at çapyşyklarynyň we beýlekileriň iň gowy milli ýörelgelerimize laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryk berdi.
Döwlet baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin egindeşlerine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, milli senenamamyzyň ajaýyp wakasy bilen oba zähmetkeşlerini gutlap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe gitmegini üpjün edýän täze zähmet ýeňişleriniň gazanyljakdygyna we öňde goýlan ähli sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder