25-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Matrade” Sergiler we maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi, ol iki dowtlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri, energetika, gurluşyk we binagärlik, dokma senagaty, oba hojalygy ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş döwlet bankynyň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Haryt dolanyşygyny öwrenmek boýunça milli institutyň, şeýle hem ýurdumyzyň hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň, gaýtadan işleýän, gurluşyk, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen düzümleriň birnäçesiniň wekilleri girizildi.
Mälim bolşy ýaly, Malaýziýa biziň ýurdumyzyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen barha ösýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy nukdaý nazaryndan Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razakyň arasynda geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi. Şol duşuşygyň jemleri boýunça uzak möhletleýin netijeli türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, nebitgaz pudagynda, bilim we medeniýet ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan resminamalar toplumyna gol çekildi.
Şu gezekki işewürler maslahatynyň barşynda Malaýziýa tarapyna bu ýurduň Milli söwda-senagat edarasy we “Jumah Enerji Ventures Sdh Bhd”, “Petronas”, “Premium vegetable oils Sdh Bhd”, “Seri Makaýa Traver ýaly iri senagat kompaniýalary wekilçilik etdiler, duşuşykda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetleriniň häzirki ýagdaýyna we ileri tutulýan ösüş ugurlaryna syn berildi, şeýle hem pudaklar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirilip, olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, baş maksady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek bolan iri möçberli özgertmeleriň okgunly häsiýeti bilen şertlendirilýär. Ýurdumyzda ýokary depginlerde senagat ugurly pudaklaryň senagatlaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda, hususy telekeçiliginiň döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylara görkezilen wideofilm işewürler üçin ýurdumyzda döredilen amatly şertlere bagyşlandy.
Ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň mysaly hökmünde iri “Petronas Sharigali” iri malaýziýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mysal getirildi, bu kompaniýa Hazar deňziniň ýalpaklygynda bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýar, şeýle hem Petronas tehnologiýa uniwersitetinde degişli hünärler boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam berýär.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin köp sanly ugurlar bar, olarda taraplaryň tagallalaryny birleşdirmekleri anyk we uly netijeleri berip biler. Döwlet düzümleriniň we kärhanalarynyň arasynda önümçilik ulgamynda göni gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Bular energetika, aragatnaşyk, ulag we gaýtadan işleýän senagat ýaly ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna, şeýle hem oba hojalyk önümlerini hem-de azyk pudagyny gaýtadan işlemek ulgamyna maýa goýumlaryny goýbermekdir.
Bank ulgamy we şähergurluşyk işi möhüm ugularyň hatarynda görkezildi. Syýahatçylyk pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Bu ulgamda biziň ýurdumyz Malaýziýanyň degişli düzümleri döretmek boýunça tejribesine uly gyzyklanma bildirýär, hususan-da, malaýziýaly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça peýdalanyp biliner.
2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda göni howa gatnawynyň açylmagy diňe bir söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda däl-de, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boldy. Syýahatçylyk ulgamynyň birnäçe ugurlary boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklary işjeňleşdirildi. Düzüminde iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolan türkmen wekiliýeti şu ýylyň birinji çärýeginde Malaýziýanyň syýahatçylyk işewürlik merkezinde geçirilen işewürler maslahatyna gatnaşdy, onuň barşynda bu pudak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gezekki işewürler maslahatynda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, bäsdeşlige ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýan eksporta ugrukdyrylan dürli türkmen önümlerini Malaýziýanyň bazarynda ýerlemek üçin degerli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Malaýziýaly kärdeşlere ýokary hilli we ekologiýa taýdan howpsuz harytlar, şol sanda “Toprak”, “Altyn Hilal”, “Erkin gurluşyk” türkmen hususy kärhanalarynyň önümleriniň nusgalary görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýe bolan iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder