Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli geçirmek bilen, parahatçylygy, abadançylygy hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ähli döwletler bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkidýär.
Türki dilli ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň oňyn depgini munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup, olaryň halklary bilen türkmen halkyny gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy gatnaşyklaryň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu däpler öz dowamyna eýe bolup, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Onuň esasynda özara hoşniýetli erk-isleg, ägirt uly ykdysady kuwwat hem-de ösüşe we rowaçlyga bolan ymtylma durýar.
Bu gatnaşyklarda TÜRKSOÝ-yň ugry boýunça özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Bu guramanyň wezipesi medeniýet we sungat ulgamynda türki dilli ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge, türki dilli halklaryň gelip çykyşyny, taryhyny, dilini, edebiýatyny, milli döredijilik däplerini öwrenmek, dünýäniň polifoniki medeni görnüşini aýawly saklamak babatda ylmy işleri artdyrmaga gönükdirilendir. TÜRKSOÝ-yň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly hem-de Mary şäherini 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi şonuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
2010-njy ýylda Stambulda kabul edilen doganlyk ýurtlaryň şäherleriniň birini türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi barada kabul edilen çözgüt asylly däbiň esasyny goýup, medeni gatnaşyklary giňeltmek hem-de bilelikdäki döredijilik taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze itergi berdi.
Gadymy Merwiň mirasdüşeri—ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen Mary şäherine bu derejäniň berilmegi parahatçylygy we halkara medeni gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem bu ulgamy ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlaryny artdyrmak işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmegini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary şäherindäki dabaralaryň şanly taryhy senäniň - Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilmegi bellärliklidir. Biziň ýurdumyz BMG-niň beýik ynsanperwer maksatlaryna ygrarly bolmak bilen, Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny yzygiderli we maksada gönükdirip geçirýär hem-de ylalaşdyryjylyk işlerine giňden ýardam edýär.
Mary şäheri ýurdumyzyň medeni we ylmy durmuşynyň merkezleriniň biri hökmünde dünýäniň köpsanly alymlaryny, syýahatçylaryny we zyýaratçylaryny özüne çekýär. 2012-nji ýylda Mary şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmünde üstüne ýüklenen hormatly wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy. Bu gün bolsa ol türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň netijelerini jemleýär.
“Mary — 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly ýylyň jemleýji çärelerine gatnaşmak üçin bu ýere köpsanly myhmanlar—halkara guramalarynyň, türki dilli ýurtlaryň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, döredijilik toparlary, daşary ýurtly žurnalistler, paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan köpsanly medeniýet işgärleri geldiler. Şäheriň howa menzilinde myhmanlar mähirli, duz-çörek, milli aýdymdyr sazlar bilen garşylandy.
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky XXXIII mejlisi Ýylyň ýapylyş dabarasynyň esasy çäresi boldy. Ol Mary myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Forumyň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, bu halkara gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de synçylary çykyş etdiler.
“Türkmen topragynda, tutuş türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýan gadymy Merwiň mirasdüşeri—Mary şäherindäki duşuşyk bizde umumy şatlyk we tolgunma duýgularyny döretdi diýsem, ýalňyşmaryn” diýip, Dýusen Kaseinow mejlise gatnaşyjylary mübärekledi.
Tutuş bir ýylyň dowamynda bu ýerde, Merkezi Aziýanyň ýüreginde türki dilli ýurtlaryň medeni durmuşy gaýnap joşdy. Bu ýerde türki dünýäniň medeniýet, sungat we ylmy işgärleri bolup, olar döredijilik tejribesini alyşdylar we bilelikdäki möhüm taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türki dilli döwletleriň medeniýetini, sungatyny we bilimini işjeň goldaýandygy, “Mary — 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly ýylyň çärelerini ýokary derejede geçirmäge ýardam edenligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şol çäreler türki dilli ýurtlaryň medeni jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Dabara gatnaşyjylar doganlyk türki halklaryň medeni däplerini we sungatyny aýawly saklamak we ösdürmek, olary dünýä ýaýmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş etdiler.
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi hasabat döwrüniň netijelerini jemlemegi, şeýle hem guramanyň 2016-njy ýyl üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.
2015-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň geçiren işleri barada hasabat bermek bilen, onuň ýolbaşçysy geljekki mümkinçilikleri kesgitleýän ugurlara we çärelere ünsi jemledi. Şunuň bilen baglylykda, türki dünýäniň sungatynyň dürli görnüşlerini aýawly saklamaga we wagyz etmäge ýardam edýän halkara taslamalaryň, türki dilli döwletleriň görnükli işgärleriniň ýadygärliklerini ebedileşdirmek işleriniň, şeýle hem döredijilik bäsleşikleriniň ähmiýeti bellenildi.
Mejlise gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň XXXIII mejlisiniň Jarnamasyna we Iş teswirnamasyna gol çekdiler. Gurama agza ýurtlardan we sebitlerden gelip gowşan teklipleriň esasynda 2016-njy ýyl üçin işleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Mary — 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly ýylyň maksatnamasyny düzmäge edilen ýardam we howandarlyk üçin, ähli türkmen halkyna gadymy we müdimi juwan türkmen topragynda—rowaçlyk eýýamyny başdan geçirýän Garaşsyz, Bitarap ýurtda görkezilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder