10 Kasım 2015 Salı

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasyndaky Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary birek-biregi mähirli, doganlarça mübärekläp,  türkmen hem-de owgan halklarynyň  bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige döredilendigine kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Mohammad Aşraf Gani öz kärdeşine we tutuş türkmenn halkyna ýakynda bolup geçen güýçli ýertitremesi zerarly has uly heläkçilik çeken Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynyň ilatyna iberilen ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden  hoşallygyny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly,  hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwer we giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly syýasaty ýöredýän Türkmenistan  tebigy heläkçilik baradaky habara ilkinji bolup seslendi hem-de zerur gurluşyk serişdelerinden we azyk önümlerinden ybarat ynsanperwer ýüki goňşy ýurda ugratdy.

Owgan Lideri öz ýurdunda   Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanylýandygyna  we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolan  parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyna ýokar baha berilýändigini aýratyn nygtady.  Dostlukly döwletiň Baştutany Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň binýadyny pugtalandyrmakda we durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermekde şu ýyllaryň içinde berlen ägirt uly kömek, şol sanda ýeňillikli nyrhlar bilen elektrik energiýasyny hem-de suwuklandyrylan gazy ibermegiň, durmuş maksatly desgalary gurmagyň we ýaşlary okatmaga kömek bermegiň hem-de işgärleri taýýarlamagyň hasabyna berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi. 

Owganystanyň Prezidenti  türkmen Lideri tarapyndan owgan meselesiniň çözgüdini tapmak üçin hemmetaraplaýyn möhüm halkara başlangyçlarynyň   öz watanynda hökmany suratda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şunda ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda amala aşyrylýan sebit ähmiýetli iri taslamalaryň ägirt uly  ähmiýeti bardyr. Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň çekilmegi barada barýar. 

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararynyň taryhy ähmiýeti nygtaldy, bu resminama laýyklykda, dekabr aýynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijiisiniň gurluşygyna badalga berler. Bu örän iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolup, ählumumy energetika howpsuzlygynyň netijeli ulgamynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna kemala gelmegine ýardam berer.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň Owganystanyň serhedine çenli ýetirilendigi, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, hususan-da, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Atamyrat (Türkmennistan) – Andhoý (Owganystan) ugry boýunça elektrik energiýasyny ibermek barada ýakynda kabul edilen çözgüt üçin tüýs ýürekden  hoşallyk bildirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem goňşy Owganystanyň dikeldilmegi boýunça halkara tagallalaryna has işjeň gatnaşmagy hem-de durmuş-ykdysady düzümleriniň gaýtadan dikeldilmegine  ýardam bermek bilen, owgan halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşa tarap ugruny hemmetaraplaýyn goldajakdygyny aýdyp, Owganystanyň Baştutanyny şu ýylyň 13-nji dekabrynda yklymyň iň iri gaz geçirijileriniň biri – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň   düýbüni tutmak dabarasyna çagyrdy. “Türkmengaz” döwlet konserni bu taslamanyň esasy maýadary hökmünde çykyş edýär. 

Prezident Mohammad Aşraf Gani çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebit üçin aýratyn möhüm  ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi. 

Söhbetdeşler özara tagallalar netijesinde soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly ösüş depgininiň berlendigini kanagatlanma bilen belläp, munuň şol hyzmatdaşlygy umumy bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar. Türkmen Lideriniň şu ýylyň awgust aýynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar hem bu asylly maksatlara gönükdirilendir.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, goňşy döwletiň Baştutanyny Türkmenistana gelmäge hem-de “Hemişelik Bitaraplyk: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna  hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp şu ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine   gatnaşmaga çagyrdy. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani  Owganystanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekde hem asyrlaryň dowamynda kemala gelen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara ynanyşmak  hem-de  düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy  boýunça geçirildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder