2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Milli muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistan barada surat sergisi gurnaldy. Çäre Gruziýanyň Milli muzeýiniň hem-de Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Sergä diplomatik korpusyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýurduň ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Sergi parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn bitaraplygy ösdürmeklige hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanandyr. Serginiň öň ýanynda Türkmenistanyň ýeten sepgitleri barada wideofilm görkezildi.
Serginiň açylyş dabarasynda gutlag sözleri bilen Gruziýanyň Milli muzeýiniň baş direktorynyň orunbasary M.Sereteli hem-de Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Myradow çykyş etdiler. Çykyşlarda şunuň ýaly dabaranyň geçirilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolar diýip bellenildi.
Serginiň ahyrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy dabaraly kabul edişlik gurnady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder