Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk pudagyna hem-de Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyz bilen iş saparyny amala aşyrdy.
...Irden hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde “Oguzhan” köşkler toplumyndan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Ruhyýet köşgüniň arka ýüzünde, “Oguzkent” myhmanhanasynyň garşysynda ýerleşen “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähine tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, Aşgabadyň ajaýyp keşbini kemala getirmek hem-de jana şypaly howany emele getirmek üçin şeýle ýaşyl zolaklaryň wajypdygyny belledi.
Bag-seýilgäh, landşaft bezeginden başarnykly peýdalanmak şäheriň estetiki we ekologiýa ulgamynyň möhüm şertidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmeleriniň gerimini nazara almak bilen, bu ugruň ýokary derejede ösdürilmelidigini nygtady.
Ähli seýilgähleriň we seýilbaglaryň, meýdançalaryň möhüm bölegi bolan köpsanly suw çüwdürimleri hem Aşgabadyň bezegine öwrüldi. Suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň ýollaryndaky bölüji zolaklarda hem sazlaşykly guruldy. Şeýle çüwdürimler Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda hem bar. Ajaýyp binalar, amatly hem-de timar berlen ýaşyl zolaklar, dürli reňklerde öwşün atýan gül aýmançalary—bularyň ählisi sazlaşyk hem-de gözellik döred ýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şäherde tertip-düzgüni saklamagyň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Şäheriň ähli düzümleri takyk hem-de bökdençsiz işlemelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bar bolan käbir kemçiliklere ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary, şol sanda adamlar üçin oňaýly bolar ýaly ýerasty geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, şäherlileriň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, ulag ulgamynyň işini gowulandyrmak hem-de pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz seýilgähden Atamyrat Nyýazow şaýoluna çykdy, bu ýerde hormatly Prezidentimizi käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri garşyladylar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza ýörite kompýuter ulgamly welosipedi sowgat berdi. Bu ulgam nanotehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen kämil abzallaryň kömegi bilen ýüregiň urşunyň ýygylygyny, gan basyşyny we welosipedçiniň bedeniniň beýleki görkezijilerini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem ulagyň tizligini hem-de howanyň temperaturasyny görkezýär, Internet bilen baglanyşdyrylan JPS ulgamy bilen üpjün edildi.
...Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolmak bilen, işiniň örän köpdügine garamazdan, hemişe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar. Döwlet Baştutanymyz yzygiderli türgenleşmegiň diňe bir adamy beden taýdan taplaman, eýsem, onda ruhubelentlik, zähmetsöýerlik hem-de maksadaokgunlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz şunda ýaşlara görelde görkezip, iri möçberli köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, şol sanda welosipedli ýörişleriň başyny başlaýar. Şeýle sport baýramçylyklary olara gatnaşýanlary geljekde sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirýär, welosiped ýaly ekologiýa taýdan peýdaly ulagy wagyz etmäge ýardam edýär.
Milli Liderimiz ýygy-ýygydan weliosipedli ýörişleri ak mermerli paýtagtymyz boýunça iş saparlary bilen utgaşdyryp, möhüm gurluşyk meýdançalaryndaky hem-de täze desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar.
Ine, bu gezek hem hormatly Prezidentimiz sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, welosipede mündi we welosipedçileriň lybasyndaky beýleki welosiped ýörişine gatnaşyjylar bilen bilelikde Bitarap Türkmenistan şaýolundaky çatrykdan Atamyrat Nyýazow şaýoly boýunça ýola düşdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň şu böleginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, paýtagtymyzyň döwrebap keşbini kemala getirmek boýunça birnäçe maslahatlary we tabşyryklary berdi. Paýtagtymyzyň şu böleginde şäheri ösdürmegiň 12-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan ak mermerli binalar ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň dünýäniň nusgawy binagärlik ýörelgelerini hem-de milli binagärligiň ajaýyp däplerini we täze inženerçilik çözgütlerini özünde jemlemelidigini, Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligine görk goşmalydygyny aýdyp, degişli edaralaryň paýtagtymyzy, onuň ulag-aragatnaşyk düzümini, beýleki ykdysady pudaklaryň ählisini ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek bilen baglanyşykly işlere işjeň gatnaşmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryny şähergurluşyk taslamalaryna, paýtagtymyzda amala aşyrylýan bezeg işlerine has işjeň çekmegiň maksada laýykdygyny belledi.
Ýolugrunda milli Liderimiz “Köpetdag” sport toplumynyň golaýynda aýak çekip, bu ýerde toplumyň ýanaşyk çäginiň abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow Atamyrat Nyýazow şaýolunyň bu bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bolýan “NATA” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň ünsüni ýol düzümini dünýäniň iň ýokary ülňüleriniň derejesine çykarmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu kompaniýa şeýle desgalary gurmakda uly tejribä eýedir.
“NATA” kompaniýasynyň ýolbaşçysy daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin ähli şertleriň we ýeňillikleriň döredilýän Türkmenistanda işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ak mermerli Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösmegine, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň amala aşyrylmagyna goşant goşmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, şäher meýdançalarynyň giňelmegi hem-de ilatyň awtoulaglarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda paýtagtymyzyň ýol-ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýtdy hem-de ugurdaş düzümi, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, ýol aýrytlaryny, awtoulag duralgalaryny we beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm mesele bolup durýandygyny aýdyp, bag ekmek işleriniň depginine, şäheri agaç nahallary bilen üpjün etmäge ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişini, ýylsaýyn islegleriň artýandygy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň energetika kuwwatyny artdyrmagy şäher hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabadyň syýahatçylyk, sport we saglygy goraýyş düzümlerini ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berip, bu ugurlarda mahabatyň mümkinçiliklerinden, şol sanda daşky serişdeleriň – bannerleriň, telemonitorlaryň kömegi bilen has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.
Azyk bolçulygyny üpjün etmek, şäheriň söwda ulgamyny giňeltmek we bu ulgama hyzmatlaryň täze çemeleşmelerini hem-de görnüşlerini ornaşdyrmak meseleleri birjik-de ünsden düşürilmeli däldir, munuň özi ulag gatnawlarynyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary amala aşyrýan gulluklara hem degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň merkezinden Halkara howa menziline çenli uzalyp gidýän, durky täzelenen ýol boýunça welosipedli geçip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, pyýada ýolagçylar hem-de sürüjiler üçin amatlyklary üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Ini 30 metre barabar bolan ýol tehniki häsiýetnamalary boýunça şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplary doly ödeýär. Ýoluň döwrebap düşegi, awtoulaglaryň hereketini kadalaşdyrýan häzirki zaman ulgamlary, özboluşly yşyklary, maglumat tablolary we ugurdaş inženerçilik desgalary hem ýokary talaplara laýyk gelýär. Şaýoluň durky täzelenen böleginiň ugrunda awtobus duralgalarynyň 13-si guruldy. Onuň demir ýoluň aşagyndan geçýän böleginiň hem durky doly täzelendi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ulag düzümini ösdürmegiň ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine, onuň barha artýan halkara ornuna hem-de 2017-nji ýylda Aziýanyň sport paýtagty bolmak baradaky hormatly hem-de jogapkärli wezipä laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi şäheri abadanlaşdyrmagyň ähli ugurlaryna, onda seýilgäh zolaklaryny we oňaýlylyk ýagdaýyny döretmäge hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramak, ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şaýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirip, ýurdumyzyň paýtagty hökmünde Aşgabadyň Türkmenistanyň ähli sebitleri hem-de beýleki döwletler bilen aragatnaşygy üpjün edýän möhüm ulag merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýändigini belledi. Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny abatlamak, ýol aýrytlaryny hem-de köprüleri gurmak, durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar, şäheriň çägindäki seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar giňeldilýär.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, paýtagtymyzy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek uly baýramçylyk dabaralaryna hem-de 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlamak babatda geçirilmeli giň möçberli işlere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli edaralaryň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, energetika, söwda, awtomobil ulagy, syýahatçylyk, sport, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, azyk senagaty hem-de tebigaty goramak ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, ulanmaga berlen desgalaryň, şol sanda ýollaryň talaba laýyk ulanylmagyny üpjün etmegiň hem-de kadaly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir pudagyň öňünde anyk wezipeleri belledi.
Döwlet Baştutanymyz hyzmat edýän ulgamyň kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulag ulgamynyň işiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlarynda tertip-düzgüni berk berjaý etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz döwlet gulluklaryndan paýtagtymyzda desgalary gurmak babatda potratçylara bildirilýän talaplaryň, şol sanda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça edilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda toplanýan tejribäniň ýurdumyzyň beýleki şäherleri üçin hem peýdaly boljakdygyny, şoňa görä-de, şäher düzümini, onuň köpugurly ykdysadyýetini, hyzmat ediş ulgamyny, jemagat hem-de ýol-ulag hojalygyny dolandyrmagyň guralyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň biziň buýsanjymyzdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň has-da gözel keşbe eýe boljakdygyny nygtady. Bularyň ählisi Aşgabadyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny, onuň dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de welosipedli ýörişi Atamyrat Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň kesişýän ýerinde tamamlady.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň merkezine gaýdyp gelip, egindeşleri bilen bu ýerde ýerleşen seýilgäh zolagyndan ýöräp geçdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi ilatyň saglygy baradaky aladanyň möhüm bölegidir, şeýle hem biologiki köpdürlüligi aýawly saklamagyň hem-de artdyrmagyň wajyp şertidir. Adamlar hakyndaky alada, döwrebap düzümli şäher ulgamyny, türkmenistanlylaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleriniň ünsüni ýene-de şu günki saparyň barşynda beýan edilen meselelere çekip, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça işleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi we olaryň ýolbaşçylarynyň bu wezipeleriň ýerine ýetirilişi we möhletleri babatdaky şahsy jogapkärçiligini ýatlatdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder