Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Belarus Türkmenistan bilen iki tarapyň erk-islegine esaslanýan hem-de ýyl-ýyldan täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ägirt uly ähmiýet berýär. Mihail Mýasnikowiçiň belleýşi ýaly Belarusda özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda durmuş-ykdysady ösüşinde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanan hem-de saýlap alan döredijilik ýoly bilen öňe barýan türkmen döwletiniň gazananlaryna tüýs ýürekden guwanýarlar.
Türkmenistanyň Baştutany Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugruna ygrarlydygyny tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman ozal gazanylan ylalaşyklar bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary we hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi, şunda bilelikdäki Hökümetara toparynyň hem-de Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça işewürler geňeşiniň işlerine aýratyn orun degişlidir. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, bilelikdäki tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ulag we senagat, energetika, ylmy-tehnologiýa ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, obasenagat toplumy hem-de beýleki pudaklar üçin häzirki zaman tehnikasyny ibermek boýunça täze mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi ýarmarkalaryny geçirmek tejribesi hem özüniň peýdalydygyny görkezdi, olarda iki ýurtda öndürilen harytlaryň giň toplumy görkezilýär.
Örän iri bilelikdäki taslamanyň - Lebap welaýatynyň kaliý duzlarynyň örän baý gorlary ýerleşýän Köýtendag etrabynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy baradaky gürrüň söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy üstüne alan borçnamalaryna ygrarly bolan belarus hyzmatdaşlarynyň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nyşany bolan bu örän möhüm senagat desgasynda işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtady.
Türkmenistan bilen Belarus däp boýunça ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýärler, bu ugurda iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi bar. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman bilim, ylym hem-de medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar, muňa bar bolan hyzmatdaşlyk etmegiň degişli şertnama-hukuk binýady amatly şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda Belarusda köp sanly türkmen talyplary dostlukly ýurduň iri ýokary okuw mekdeplerinde okap, dürli hünärleri özleşdirýärler. Dürli bilelikdäki döredijilik çäreleriniň, şol sanda özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki döwletiň we halkyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam berýär.
Türkmenistan hem-de Belarus Respublikasy ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge çalşyp, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyna Belarusda ýokary baha berilýändigi we doly goldanylýandygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin Belarus Respublikasyna minnetdarlygyny beýan edip, belarusly hyzmatdaşlarymyzy dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy.
Milli Liderimiz we myhman döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň hem-de dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmagyň oňyn ähmiýetini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda kanun çykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribäni alyşmagyň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyza netijeli gürrüňdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de diwersifikasiýlaşdyrmak boýunça täze teklipleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýukow gatnaşdy.
* * *
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde hem Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçiň ýolbaşçylygyndaky belarus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder