Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalyna gatnaşmagyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we festiwalyň baş baýragyna—Gran-pri Altyn kuboga mynasyp boldy.
Abraýly eminler toparynyň agzalarynyň sylaglamak dabarasynda belleýşi ýaly, türkmen jigitleriniň örän owadan we özüneçekiji çykyşlary 10 günläp dowam eden festiwalyň her tapgyrynda ilkinji pursatdan başlap, tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, bedewleriň ýokary okgunly tizligi, at üstünden ýerine ýetirilýän örän çylşyrymly tilsimler –bularyň ählisi tomaşaçylary özüne bendi etdi.
Ajaýyp ahalteke bedewlerinde çykyş edýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary okgunly çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleriň ýokary nusgasyny, belent derejesini görkezdiler.
Mahlasy, türkmen jigitleri öz bäsdeşleriniň ählisinden öňe saýlanyp, dünýä sirk sungatynyň haýran galdyryjy baýramyna öwrülen festiwalyň tomaşaçylaryny çykyşlaryň milli öwüşgini bilen haýran etdiler. Toparda ýigitler bilen bir hatarda, gyzlar hem öz ussatlygyny görkezdiler.
Türkmen jigitleriniň üstünlikli çykyşlary ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda sirk sahnalarynda çykyşlary guramagyň, artistleriň we bu ajaýyp bedewleriň tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Topara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “esasy zat bedewleriň dilini tapmakdyr, şonda hemme zat şowuna bolýar”.
Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýä sirk sungatynda uly ýeňişleri bilen birnäçe gezek meşhurlyga eýe boldy. 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirilen "Idol” Bütindünýä sirk sungaty festiwalynda bu topar ýeňiş gazanypdy. Şonda biziň sirk sungaty ussatlarymyz festiwalyň ähli ugurlary boýunça esasy baýraklary, şol sanda abraýly eminler toparynyň baş baýragy bolan “Altyn Idol” Kubogyna, ýörite baýraga—Monte-Karlodaky 15-nji festiwala “Galkynyş” toparynyň çakylyk almagyna, Italiýanyň Weron şäherinde Sirk sungaty merkeziniň ýerine ýetirijilik ussatlygy diýen ýörite baýragyna we diploma, halkara žurnalistleriniň eminleriniň “Bürünç manež” Kubogyna mynasyp boldular.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen ХVI halkara sirk sungaty festiwalynda jigitlerimiz uly ýeňşe eýe boldular. Şonda türkmen milli at üstündäki oýunlaryň ussatlary dünýä derejesindäki ýyldyzlar diýlip ykrar edildi. Olara bäsleşigiň baş baýragy — “Latina-2014” Altyn kubogy, şeýle hem festiwalyň “Di Albacete”, “Сonsegina il Premo”, “Сomune Di Latine” ýörite baýraklaryň we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomlary gowşuryldy.
Biziň ýurdumyza sapar bilen gelýän döwlet we hökümet baştutanlary ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözellikleri barada eşidip, ýurdumyzdaky atçylyk sport toplumlary bilen içgin tanyşýarlar, olarda “behişdi bedewleri” ösdürip ýetişdirmek, ideg etmek we köpeltmek, ussat seýisleriň we çapyksuwarlaryň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilendir.
Ýakynda, 23-nji oktýabrda bolsa Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gören mahaly, dostlukly ýurduň hökümet Baştutanyna “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri sirk sungatynyň çylşyrymly tilsimlerini ussatlyk bilen görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol gün “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitlerine we gyzlaryna sirk sungatynyň şu gezekki halkara festiwalyna ugramazlarynyň öňüsyrasynda ak ýol arzuw edip, abraýly halkara bäsleşiklerinde ajaýyp ýeňişleriň ençemesini gazanan türkmen çapyksuwarlarynyň Hytaýda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdigine, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygyna, şu sirk sungaty festiwalynda ýeňiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belende galdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Biziň jigitlerimiz özlerine bildirilen belent ynamy abraý bilen ödäp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň bedew bady bilen okgunly ösüşini alamatlandyrýan bedewleriň üstünde Döwlet baýdagymyzy nobatdaky gezek belende galdyrdylar, ata Watanymyzyň dünýäde abraýyny artdyrdylar. Türkmen atlylar toparynyň üstünlikli çykyşy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň sirk sungatyny dünýä derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň örän ýokary netijesiniň nobatdaky aýdyň subutnamasy, daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerini we türkmen sirk sungatynyň ussatlaryny wagyz etmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=3698
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder