10 Kasım 2015 Salı

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Owganystandan we Dominik Arkalaşygy ýurtlaryndan gelen işewürler “B” kysymly karbamid (“Türkmenhimiýa” DK)  satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 90 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 4 million 842 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 31 million manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder