24 Kasım 2015 Salı

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Kiprden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, şeýle hem uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosini satyn aldylar. Germaniýaly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny, türkiýeli işewürler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna boýalan tüýjümek önümler we nah ýüplügi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 610 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden we Hindistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 387 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 6 million 410 müň manatdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy we süýümli ulýugy satyn aldylar.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder