24 Kasım 2015 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Yrak Respublikasynyň Prezidenti Fuad Masum bilen duşuşdy. 

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýän anyk çäreleri ylalaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Baştutany bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga we tanyşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi. Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri biziň ýurdumyzyň Yrak Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

Türkmenistan üçin Yrak geljegi uly hyzmatdaşdyr, bu ýurt bilen guralýan döwletara gatnaşyklary däp bolan dostluga we deňhukukly gatnaşyklara daýanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Sebit we halkara ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak şu gezekki Sammitiň gazy eksport ediji ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn. Biziň ýurdumyz ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýedir we gyzyklanma bildirýän taraplary bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen Lideri aýtdy. 

Şu ýyl türkmen halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde taryhy senäni – Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagynyň 20 ýyllygyny belleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Yrak Respublikasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şonuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Fuad Masumy halkara maslahatyna we bu şanly senäniň hormatyna şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda guraljak baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 

Öz nobatynda Yragyň Baştutany onuň ýurdunda Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berilýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtap, Prezident Fuad Masum halkara bileleşiginiň türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýändiginiň alamaty bolan bu şanly sene bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny gutlady. Görnükli döwlet işgärleriniň we öňdengörüji syýasatçylaryň biri bolan türkmen Lideri bilen şu günki ýüzbe-ýüz duşuşyk häzirki wagtdaky türkmen döwleti barada has giň düşünje almaga mümkinçilik berdi, bu döwlet uly özgerişlikler ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip, Yragyň Baştutany aýtdy. 

Biziň ýurtlarymyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berýär diýip, yrak lideri aýtdy. Yrak gazyň uly gorlaryna eýedir, emma gaz ýataklaryny işlemegiň depginleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýärdiýip, Prezident Fuad Masum belledi. Biz Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan sepgitlerini we üstünliklerini bilýäris diýip, Yrak Lideri sözüni dowam etmek bilen, biziň ýurdumyz bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň bu we beýleki ulgamlarda toplan oňyn tejribesi Yrak üçin örän peudaly bolardy diýip, Prezident Fuad Masum belledi. 

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, doly möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanmasyny beýan etdiler. Türkmen-yrak gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanlary şeýle hem iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk we çuňňur hormat goýmak däplerini nazara almak bilen, medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. 

Bu ýurtda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Yragyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, hökümetde ýokary we jogapkärli wezipeleri eýeleýärler diýip, Prezident Fuad Masum nygtady. Biz ýurdumyzda ýaşaýan türkmenlere uly hormat goýýarys diýip, yrak Lideri aýtdy. 

Iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara meseleleriniň has möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Fuad Masun Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar. Şu gezekki duşuşygyň deňhukuklylyk, ynam we iki ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, söhbetdeşler türkmen we yrak halklarynyň parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder