Daşoguzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda Işewürler merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Üç sany aýratynlykdaky belent binalardan ybarat bolan bu toplumy häzirki zaman şäher gurluşygynyň oňyn gazananlaryny we milli bina gurluşygynyň gadymy däp-dessurlaryny nazara almak bilen, "Ynsan guwanjy" hususy kärhanasynyň toparlary gurýar.
Bu täze gurluşygyň umumy tutýan meýdany dört gektardan ybaratdyr. Bäş gatly merkezi binada TSTB welaýat bölüminiň otaglary, "Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat müdirligi, telekeçileriň okuw mekdebi, maslahatlar zaly, telekeçiler gurluşlarynyň edara jaýlary ýerleşer.
Söwda-dynç alyş binasynda supermarket, haly we sowgatlyk önümleri satylýan dükanlar göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde harytlaryň giň görnüşleri, şol sanda ýerli önüm öndürijileriň hem, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin oýun zolaklary, kafe ýerleşer. Bäş ýüz orunlyk "Toý mekany" dabaralar merkezi özbaşdak binada ýerleşer.
Topluma ýakyn ýerleşýän ýerlerde pürli we saýaly baglar hem-de güller ekiler. Şeýle hem bu ýerde ulaglary goýmak üçin hem ýörite ýer bölünip berildi.
Işewürler merkeziniň binalar toplumyny 2017-nji ýylyň aprel aýynda dolylygyna taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder