25 Kasım 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Bitaraplyk Senesi Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilýän makalalaryň sany barha artýar, bu şanly sene bilen baglylykda, ýurdumyzda 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäde abraýy barha belende galýan türkmen döwletiniň durmuşynyň dürli ugurlaryna dünýä jemgyýetçiligi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýokary gyzyklanma bildirýär.

Halkara işewürlik žurnaly “Image. ua”  Ukrainada çap edilýär, onuň tutuş bir sany ýörite Türkmenistana bagyşlandy. Bu taslama biziň ýurdumyzyň we Ukrainanyň ilçihanalarynyň 2015-nji-- Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiren bilelikdäki işleriniň netijesidir.

Göwnejaý derejede bezelen žurnalda Türkmenistan barada, ýurdumyzyň döwlet nyşanlary, milli baýramlary, garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler, hususan-da, oktýabr aýynda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň ýurdumyza resmi saparyna bagyşlanan makala žurnalda esasy orny eýeleýär. 

Žurnalyň ýörite sanynda Türkmenistanyň daşary syýasat  ugry, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleri barada materiallar ýerleşdirildi. “Bitaraplyk –Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary”, “Bitaraplyk we parahatçylyk Türkmenistanyň durmuş gymmatlyklarynyň ulgamynda”, “Türkmenistan: parahatçylyk we abadançylyk” we beýleki makalalarda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirkizaman geosyýasatyndaky ornuna ýokary baha berilýär.  

“Image. ua”   žurnalynyň köpsanly okyjylary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň münberinden yglan edilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlary bilen tanşyp bilerler. Mälim  bolşy ýaly, türkmen döwleti döredijilik daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, dawalaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly  çözülmeginiň tarapdary ýörelgelerinden ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiň barşynda biziň ýurdumyz tarapyndan ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze halkara başlangyçlarynyň birnäçesi beýan edildi. Olaryň hatarynda  ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik meseleleri bar. 

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan bölekler getirilýär, ol jümlelerde Türkmenistanyň halkara derejesinde alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär.

Soňky ýyllarda ähli pudaklarda ýokary makroykdysady görkezijiler bilen häsiýetlendirilýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine bagyşlanan aýratyn makala çap edilýär. Makalada bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylyň birinji ýarymynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň subutnamalarydyr, hususan-da,  jemi içerki önümiň ösüşi 9,1 göterime deň boldy. Halkara walýuta gaznasynyň çaklamalary boýunça bu görkezijiniň 11,5 göterime ýetiriljekdigi nygtalýar. Gaznanyň syn beren ýurtlarynyň arasynda bu iň ýokary görkeziji bolar.

Žurnalyň okyjylary iri taslamalar – TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, ulag düzüminiň ösüşiniň we beýlekileriň ähmiýeti baradaky makalalaryň  tapgyry bilen tanşyp bilerler. 

Žurnalyň ýörite goýberilişiniň bir bölüminde türkmen halkynyň baý medeniýeti we däp-dessurlary, meşhur halylary, ahalteke bedewleri  barada gürrüň berilýär. Makalanyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň milli medeniýeti  dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär” diýen sözleri getirilýär.

Aýry-aýry makalalarda bilim ulgamynda geçirilýän oňyn özgertmeler, ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşi we beýlekiler barada gürrüň berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda 2017-nji ýylda biziň ýurdumyzda Ýapyk binalar we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu waka mynasybetli çap edilen makalada  Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport abraýyny ýokarlandyrmak,  bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek babatynda öňde boljak iri möçberli sport çäresiniň ähmiýeti nygtalýar.

Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüş depginleri baradaky makala hem žurnalda aýratyn orun eýeleýär, onda türkmen topragynyň  gaýtalanmajak keşbi we tebigy baýlyklary barada gürrüň berilýär. Makalalaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda döredilýän halkara derejeli deňiz şypahanasy, ägirt uly 
taslama -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky makalany bellemek gerek.

Köpsanly medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň mekany, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezleriniň biri bolan ýurdumyzyň çäklerinde uly ähmiýetli taryhy we medeni ýadygärlikler ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda žurnalyň okyjylaryna gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galasy ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikler, şeýle hem Dehistan baradaky makalalar hödürlenýär, olar biziň 
ata-babalarymyzyň dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetleri blen ýakyn baglanyşykly bolup, dünýä medeniýetini maddy we ruhy gymmatlyklar bilen baýlaşdyrandygyna şaýatlyk edýär.

Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň şypahanalary we sagaldyş merkezleri baradaky maglumatlar getirilýär, olaryň her biri gaýtalanmajak tenakärlik ähmiýeti bilen tapawutlanyp, tebigy-howa şertlerine we mineral-bejeriş çeşmeleriniň aýratynlyklaryna baglydyr. 

“Image. ua”  halkara işewürlik žurnaly baradaky synymyzy tamamlamak bilen bu žurnalyň rus, iňlis we ukrain dillerinde çap edilýändigini bellemelidiris.

Täjigistanda çap edilýän “Elite Magazine” döwürleýin neşirleriniň sanlarynyň birinde Türkmenistan barada gyzykly makalalar ýerleşdirilýär. Onuň daşky sahabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti we biziň  ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan makalalaryň sanawy ýerleşdirilýär.

Çap edilen makalalaryň hatarynda milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna syn berýän makalalary bellemek bolar, ol syýasat parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelegelerine daýanýar we dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn özara bähbitli hyzmatdaşlyga ösdürmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň uly ähmiýetli parahatçylyk söýüjilik başşlangyçlary barada gürrüň bermek bilen, “Elite Magazine” žurnaly olaryň bitaraplyk hukuk derejesiniň  döwletara gatnaşyklarynda güýç ulanmazlyk,  ähli ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara gatnaşyklarynda BMG-niň çözgütlerini ileri tutmak ýaly binýatlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belleýär. Özüniň goesyýasy, ykdysady, serişdeler mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, Türkmenistan häzirki wagtda halkara derejesinde gepleşikleriň hem-de pikir alyşmalaryň täze görnüşini işläp taýýarlaýar. 

Türkmenistan ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmak we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmek bilen uglewodorod çig malynyň dünýä bazaralaryna çykarylmagynyň ygtybarlylygyny  hem-de goraglylygyny  durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär diýlip, “Energiýa serişdeleriniň howpsuzlygynyň   konsepsiýasy – durnukly ösüşiň kepili” atly mkalada bellenilýär. 

Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda ulag geçelgeleriniň ösdürilişi hakyndaky meselä aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlangyjy boýunça Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň iş ýüzünde kemala gelýändigine eýýäm çekilen müňlerçe kilometr, şeýle hem gurluşygynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýan demir ýollar we awtomobil ýollarynyň ulgamlary, öň bar bolan deňiz we howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we täzeleriniň gurulmagy aýdyň şaýatlyk edýär.  

Žurnalda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we durmuş ugurly döwlet syýasatynyň milli nusgasy hakynda gürrüň berýän makala aýratyn ünsi çekýär. “Döwlet adam üçindir: -- abadançylyk we ösüş syýasaty” atly makalada Türkmenistanyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegine  her ýylda býujet serişdeleriniň 80 göterimine golaý möçberi goýberilýär diýlip bellenilýär. Žurnalyň sahypalarynda türkmen halkynyň milli 
däp-dessurlary, milli mirasy we Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikleri barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilýär.

Moskwada rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Türkmenistan” žurnalynyň türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite sany çap edildi. Awtorlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan makalalary we fotoşekilleri taýýarladylar. 

Žurnalyň daşky sahabyndaky “Žurnaly okap --ýurdy açýarsyň”  diýen şygar bitaraplyk derejesine degişlidir—okyjy Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, iri innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we BMG-niň belent münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň awtory hökmünde yglan eden başlangyçlary bilen tanşyp biler. Häzirki wagtda biziň ýurdumyza okgunly depginler bilen täze-täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýän “türkmen gudraty” dünýäniň syýasy we diplomatik toparlarynyň ara alyp maslahatlaşýan meselesine öwrülýär, iri daşary ýurt syn beriş-seljeriş neşirleri Türkmenistana ýörite makalalary, makalalar toplumlaryny we ýörite neşirleri bagyşlaýarlar.

Neşiriň aglaba bölegini ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar barada gürrüň berýän makalalar eýeleýär, şunda Türkmenistanyň içinde amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem daşary gatnaşyklaryň  ösüş ugurlary, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilişi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda  ýurdumyzyň ornunyň pugtalanmagy barada hem nygtalyp geçilýär.

Žurnalyň “Syýasat” bölüminde “Parahatçylyk döredijiniň öňden görüjiligi” atly habary çap edilýär, onda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň tejribesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk dörediji syýasatçy hökmünde ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine ägirt uly ruhy kuwwat bermek boýunça alyp barýan belent jogapkärçilikli wezipesi barada gürrüň berilýär, bu syýasat türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň kemala gelmeginiň kanunalaýyk dowamydyr. 

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, hususan-da, Astrahan oblasty bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilişine ýörite makala bagyşlanýar, bu gatnaşyklar öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar we taryhy we medeni umumylyga daýanýar. Bu şertler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky aýratyn gatnaşyklary alamatlandyrýar, ol köptaraplylygy bilen tapawutlanýar. Žurnal muňa mysal hökmünde soňky ýyllarda amala aşyrylan  bilelikdäik taslamalar we medeni alyşmalar baradaky maglumatlary getirýär. 

Neşiriň birnäçe bölümi Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanýar. Olaryň awtorlary biziň garaşsyz döwletimize üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hakynda içgin gürrüň berýärler. Žurnalda bellenilişi ýaly,  millii Liderimiziň durmuş ugurly syýasaty döwrüň esasy aýratynlygydyr, onuň netijesinde häzirkizaman türkmenistanlylar abadan we bagtyýar 
durmuşda ýaşamaga mümkinçilik aldylar.

Makalalaryň birinde Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilen çäreler barada gürrüň berilýär, olaryň çäklerinde dabara köpsanly gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen halkynyň folklor döredijiligi, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary, aýdym-saz sungaty, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň  eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berildi. 

Aýry-aýry makalalarda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda ýeten sepgitleri hakynda gürrüň berilýär, neşiriň pikirine görä, bu ulgamlaryň her birinde Türkmenistan haýran galdyryjy belentliklere ýetdi. 

Degişli bölümde okyjylar ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrylýar. 

Žurnalyň sahypalarynda okyjylary Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli neşir önümleri bilen hem tanyşdyrylýar.
 
Žurnalyň ýörite sanynyň bölümleriniň her biri owadan bezelipdir, bu bolsa okyja türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň ruhuny duýmaga ýardam berýär. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we 2015-nji ýylyň  ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp  çap edilen žurnallaryň ýörite sanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn, öňdengörüjilikli syýasatyň häzirki wagtda ählumumy we sebit ähmiýetli  möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga hil taýdan täzeçe çemeleşýän Türkmenistanyň belent halkara abraýyny üpjün edendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder