Milli Liderimiz mejlisi açyp, her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Berkarar döwletimizde uly baýramyň – Hasyl toýunyň giňden we dabaraly bellenip geçilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Hasyl toýunyň ajaýyp baýram hökmünde bellenilmeginiň halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, gazanan baýlyklaryna, sahawatly toprakdan öndüren bol hasylyna buýsanjyny aňladýandygyny aýdyp, bu baýramçylygyň zähmetsöýer daýhanlarymyz barada döwlet derejesinde uly alada edilýändigini aýdyň görkezýändigini nygtady.
Milli Liderimiz döwletimiz oba hojalygyny ösdürmäge, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berýändigini nygtap, milli Liderimiz sözüni bu ugurda köp sanly maksatnamalaryň kabul edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam berýändigini nygtady.
Oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen Berkarar Watanymyzda ýylyň - ýylyna ak bugdaýyň, gök - bakja ekinleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň has-da guwandyrýandygyny, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp zähmet sowgatly gelendiklerini, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý edendikderini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz merdana babadaýhanlarymyzyň, ähli oba hojalyk işgärleriniň ýadawsyz zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, munuň bolsa türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de edermen daýhanlarymyzyň ene ýerden ýokary hasyl almagyna ýardam berer, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döreder.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we mejlise gatnaşýanlaryň ählisini hem-de ýurdumyzyň ähli halkyny dabaraly Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, edermen babadaýhanlarymyza, ähli oba hojalyk işgärlerine bolsa, ene toprakdan bol hasyl öndürip, täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň alyp barýan işleri, şol sanda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllgy mynasybetli geçiirjek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şanly sene mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalaryň, teleradio gepleşikleriniň 200-si çap edildi hem-de ýaýlyma goýberildi, maslahatlaryň, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 148-si, şeýle hem 47 sany medeni we 51 sany sport çäreleri guraldy.
Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça döredilen guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetirilen işler we döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna 12-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň deslapky maksatnamasy hödürlenildi, bu çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada birnäçe döwletleriň baştutanlary we köpsanly daşary ýurtly myhmanlar geler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistan tarapyndan yzygiderli durmuşa geçiirlýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “açyk gapylar” hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygyny alamatlandyrýan şanly baýramy mynasyp garşylamak üçin ähli tagallalary jemlemegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda köpsanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýandygyny nygtap, baýramçylyk çärelerine, nesip bolsa, 4-nji dekabrda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisini geçirmek bilen başlanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz toplumlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem öz ministrliklerinde hem-de pudak edaralarynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurarlar.Bu çärelerden soň, Maslahat köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşy bolar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hem-de beýleki wise-premýerlere döwlet sylaglaryna teklip edilýän adamlaryň sanawyny düzmegi we degişli resminamalary bellenen tertipde hödürlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki ilçilerini, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlaryny çagyrmak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň býujet kanunçylygyna hem-de ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyga laýyklykda 2016-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenen möçberde Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny çykarmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, obligasiýalary goýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri boýunça degişli hukuknamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Wise-premýer hasabatyň çäklerinde, ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlara iberilýän önümi güwälendirmegi kadalaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berdi. “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän önüm, Türkmenistandan eksport edilýän ýa-da getirilýän önüm bellenilen tertipde güwälendirmäge degişlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümler bilen bilelikde bu ugurdaky işi kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen işleriň netijeleri boýunça daşary ýurtlara eksport edilende laýyklyk güwänamasy alynmaga degişli önümleriň sanawyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklamak, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, býujete serişdeleri çekmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin maýa serişdeleriniň gelmegini gazanmak üçin gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz munuň maliýeleşdirmegiň çeşmelerini giňeltmäge ýardam berjekdigini hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy gurallaryň biri bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerinde, önümleri hem-de hyzmatlary eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryň hödürleýän mahalynda, önümiň hiliniň kepillendirmesiniň netijeli usulynyň güwälendirmek bilen baglydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagyna ýardam etjekdigini hem-de daşarky bazarlarda eksport önümlerini öndürijileriň üstünlik gazanmagyny üpjün etjekdigini aýdyp, halkara derejesinde ykrar edilýän laýyklyk güwänamasynyň bolmagynyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklipleri ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler güýzlük ak ekinlere göwnejaý ideg edilýär – ösüş suwy tutulýar, ekin meýdanlarynda haşal otlara garşy degşili çäreler geçirilýär we mineral dökünler bilen gurplandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Hasabatyň çäklerinde 28-29-njy noýabrda Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Foruma dünýäniň 27 ýurdundan 80 kompaniýanyň wekilleri gatnaşar.
Wise-premýer ýurdumyzda her ýyl noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada aýdyp, paýtagtymyzda guraljak dabaralaryň çäklerinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň geçiriljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynda sürüm işlerini nitijeli geçirmäge, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga degişli işler barada birnäçe görkezmeler berip, şunda daşky gurşawy goramak meselelerine hem ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi- ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda bu ulgamda ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmegiň möhümdigine ünsi çekip, forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Hasyl toýuny geçirmek barada aýtmak bilen, däp boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän ählhalk baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna ýapon hem-de hytaý dilleri boýunça dersleri girizmäge taýýarlyk görmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.
Hususan-da, 2016-2017-nji okuw ýyllarynda Aşgabadyň alty, Balkan welaýatynyň bäş, Lebap welaýatynyň üç, Ahal, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynyň her birinde iki umumybilim berýän mekdeplerine, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw hytaý we ýapon dillerini öwrenmek boýunça dersleri girizmek meýilleşdirilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary hytaý dilini öwrenmäge girişdiler. Indiki okuw ýylyndan başlap, dünýä ykdysadyýeti, dünýä maliýe bazary, halkara maglumat işewürligi ýaly hünärler boýunça bilim alýan talyplaryň okuw meýilnamalaryna hytaý we ýapon dilleri boýunça dersleri girizmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hytaý we ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nazara almak bilen, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dil boýunça täze dersler giriziler. Hususan-da, nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy, daş-töweregi goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, nebitgaz geçirijilerini hem-de nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak hünärlerine hytaý hem-de ýapon dillerini öwretmek boýunça okuwlar giriziler. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Dil” diller merkezinde Halkara nebit we gaz uniwersitetinden iki topar ýapon we hytaý dillerini öwrenip başlar.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda şu okuw ýylynda täze açylan gämi gurluşygy hünäri boýunça bilim alýan talyplara ýapon dilinden goşmaça okuw dersleri geçilip başlandy. Geljekde ýapon dilini suw we howa ulagynyň ulanylyşy boýunça hünärleriň okuw meýilnamalaryna girizmek göz öňünde tutulýar. Geljek okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty ugry boýunça bilim alýan talyplara ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwretmek meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen Tokionyň halkara uniwersiteti bilen ýygjam hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunda degişli şertnama baglaşyldy we anyk meseleler boýunça gepleşikler geçirildi.
Ýapon we hytaý dilleri boýunça dersleri mugallymlar düzümi bilen üpjün etmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde degişli ugurlar boýunça kabul edilýän talyplaryň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde hem-de D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili we edebiýaty bölümi açyldy. Onuň uçurymlary häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öz ugurlary boýunça netijeli işleýärler.
Mekdepeler hem-de ýokary okuw mekdepleri üçin täze dil dersleri boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, gollanmalary we sözlükleri taýýarlamak bilen bir hatarda, ýapon hem-de hytaý dillerini öwrenmek boýunça gysga möhletli kurslary, şeýle hem ýaş mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrýan kurslary açmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň ykdysady, intellektual kuwwatlyklaryny artdyrmakda bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Hut şu jogapkärli wezipede döwlet syýasaty hem-de pudaklardaky özgertmeler öz beýanyny tapýar. Häzirki ählumumy dünýä ykdysadyýeti, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek şertlerinde ähli hünärmenlere daşary ýurt dilini öwrenmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň Hytaý we Ýaponiýa bilen gatnaşyklarynyň geljekki ösüşini, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini nazara alanyňda hünärmenler üçin bu ýurtlaryň dilini öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Daşary ýurt dilleri boýunça dersleri okatmagy talyplaryň olary diňe bir öwrenmegi üçin däl, eýsem, daşary ýurt dillerinde tejribe geçip bilmegi, özara gatnaşyklary ýola goýmak ukybyny artdyrmagy nukdaýnazaryndan alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli okuw meýilnamalaryny hem-de maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga mekdep derejesinden başlap örän jogapkärçilikli çemeleşmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak hem-de bu ugur boýunça tejribe alyşmak we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew dekabr aýynda Türkmenistan-Owganystan-
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki wakanyň – Türkmenistan-Owganystan-
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ilaty elýeterli bahadan sement bilen üpjün etmek, bu önümiň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Balkan we Lebap sement zawodlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerini özümizde öndürilen sement bilen üpjün etmek wezipesi çözüldi. Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň sement zawodlarynda 3 254 490 tonna sement öndürildi we ýyllyk meýilnama doly ýerine ýetirildi. Ilatyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan sement satmak üçin jemi 35 söwda dükany açyldy, olarda 1 tonna üçin bellenilen 175 manat bahadan häzirki güne çenli 206 568 tonna sement ýerlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýatlardaky söwda kärhanalarynyň we guramalarynyň üsti bilen ilata 31 539 tonna sement satyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamanyň çäklerinde gurluşygyň depginleriniň gurluşyk serişdeleriniň hiline we möçberlerine göniden-göni baglydygyny, olaryň iň ýokary talaplara we häzirki döwüriň ölçeglerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz importuň ornuny tutýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, şol sanda sement önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belläp, bu işlere telekeçilik düzümlerini hem işjeň çekmek babatynda degşili görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda 3-nji dekabrda belleniljek Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we baştutanlygynda Türkmenistanda pudagyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Şunda 3-nji dekabryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy bellenildi. Şol gün goňşy üç doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekdi, bu çözgüt türkmen demirýolçulary tarapyndan uly joşgun bilen kabul edildi we olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna 3-nji dekabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy hödürlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu mesele boýunça Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçiriş kuwwatyny durmuşa geçirmekde bu pudaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryny birleşdirýän strategiki ähmiýetli halkara çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit we ählumumy möçberde özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga uly goşant goşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurlarda işjeň orny eýeläp, halkara ulag gatnawlarynyň, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän degişli köpugurly geçelgeleriň kemala gelmegine ýardam berýän düzümleýin iri taslamalary durmuşa geçirmek baradaky birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz geljekde hem demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, onuň iň täze tehnika we enjamlar bilen üpjün edilmegi, pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş- durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine hemişe üns berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we ministrligiň ýolbaşçysyna öz edermen zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge uly goşant goşýan türkmen demirýolçularynyň hünär baýramyna gabatlanyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtynda alnyp barylýan işler hem-de ony abadanlaşdyrmagyň meýilnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan paýtagtymyzyň etraplarynda ýol-ulag we jemagat, energiýa üpjünçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, dürli desgalara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça bilelikde işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Paýtagtymyzyň ýollarynyň birnäçesinde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini nygtap, Aşgabadyň döwrebap binagärlik keşbini kemala getirmek hem-de durmuş, inžener-tehniki, ekologiýa we bezeg babatdaky wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz jemagat we beýleki gulluklaryň işini berk gözegçilikde saklamagy hem-de paýtagtymyzda arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça görülýän çärelere ünsi güýçlendirmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň baş şäheriniň eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal bilen tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyna we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer öňümizdäki çäreler mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda 148 bazarda hem-de söwda merkezlerinde we dükanlarda 1-nji dekabrdan baýramçylyk söwdasyny guramagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda söwda nokatlarynyň 566-sy işläp başlar. Olar azyk önümleriniň dürli görnüşleri hem-de Täze ýyl baýramçylyk çärelerini bezemek üçin niýetlenen harytlar, şol sanda sowgatlar bilen üpjün edilep.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini belläp, söwda ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek , ilatymyza ýokary derejede hyzmat etmek meselelerini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bazarlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamyndaky işler, ýurdumyzda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Belarusuň döredijilik işgärleriniň uly topary geler.
Medeniýet günleriniň esasy çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, “Aşgabat” kinoteatrynda, Türkmenabat şäherinde geçiriler. Çäräniň maksatnamasyny konsertler, amaly-haşam sungatynyň sergisi, kino görkezişler düzýär.
Wise-premýer dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy we Täze ýyl mynasybetli geçiriljek dabaralar dekabr aýyndaky wakalaryň esasylary bolar.
12-nji dekabrda – Bitaraplyk gününde Aşgabatda ýokary derejeli maslahat geçiriler, sungat ussatlarynyň döwlet konserti bolar, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri guralar, paýtagtymyzda bolsa dabaralar feýerwerkler bilen tamamlanar.
Dekabr aýy ýurdumyzyň medeni- durmuşynda hem uly ähmiýetli wakalara baý bolar. 23-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň alawlaryny ýakmak dabarasy bilen Täze ýyl çärelerine badalga berler.
Soňra wise-premýer “Mary - 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen ýylyň jemleýji çäreleri we “Türkmeniň ak öýi” täze binada geçiriljek türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Belarus Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary boýunça Türkmenistanyň esasy we däp bolan hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, bu ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olary giňden şöhlelendirmek, şeýle hem türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin medeni-gezelenç maksatnamasyny taýýarlamak barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz yzygiderli ýagdaýda dürli ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň diňe bir dostluk we sungat baýramçylygy bolmak bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň köprüsi bolmaldygyny we halklaryň we döwletleriň arasyndaky pugtalandyrmaga ýardam bermelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýakyn wagtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni çäreler babatynda anyk görkezmeleri berdi we türki dünýäsiniň 2015-nji ýylda medeni paýtagty – Mary şäherinde jemleýji çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinowa söz berildi. Bu halkara guramasynyň ýolbaşçysy doganlyk halklaryň medeni hyzmatdaşlygy meselelerine berýän aýratyn ünsi hem-de dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine ýardam berýändigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. D.Kaseinow “Mary – 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnamanyň çäklerinde forumlaryň, sergileriň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen medeniýet we sungat ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa TÜRKSOÝ-yň Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz öz nobatynda bu sylaga Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, türkmen halkyna berlen ýokary sylag hökmünde garaýandygyny aýtdy. Garaşsyz döwletimiz türki dünýäsiniň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Binagärlik we şähergurluşyk medeniýetini kämilleşdirmek boýunça hem köp işleri geçirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzda bu ugurda bitirilen işlere ýokary baha berendigiňiz üçin, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hem ýakyndan gatnaşyk saklaýandygyny, munuň bolsa, türki dilli döwletleriň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýändigini, türki halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna giň ýol açýandygyny nygtady.
Ttürkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan baý taryhy - medeni, binagärlik we şähergurluşyk mirasy bar. Halkymyzyň gadymy mirasyny aýawly saklamak we düýpli öwrenmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu aýdylanlara gadymy Merwdäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda alnyp barylýan işler hem aýdyň mysaldyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu gün jemleýji çäreler geçiriler.
Bu çäreleriň türki halklaryň edeniýetini dikeltmekde we ösdürmekde, özara bähbitli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde täze tapgyr boljakdygyna berk ynanýaryn. Jemleýji çärelere döwletimiziň ähli ýolbaşçylary hem gatnaşar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň Baş sekretaryna we bu halkara guramasynyň ähli agzalaryna sylag üçin minnetdarlyk bildirip, olarya öz işlerinde uly üstünlikler, şeýle hem Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda, döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder