Eýran Yslam Respublikasynda resmi sapar bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, strategiki häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin köpýyllyk tejribä we kuwwata eýedir. Döwletara, hökümetara we beýleki derejelerde, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça yzygiderli geçirilýän duşuşyklar şol mümkinçilikleriň we ozal gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär, ýakyn geljek we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň isleg bildirilýän görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topryna aýratyn orun degişlidir, geçen hepdede Aşgabatda bu toparyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri—Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri, ýurduň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan göni gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr, bu sebitler bilen dürli pudaklar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, öz russiýaly kärdeşine döwletara gatnaşyklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp Prezident Wladimir Putine köpsanly adam pidalaryna getiren "Kogalymawia" awiakompaniýasynyň uçarynyň heläk bolmagy zerarly çuňňur gnanjyny beýan etdi we Türkmenistanyň halkynyň Russiýanyň dostlukly halkyna agyr pursatlarda hemişe goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Russiýanyň Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, munuň ikitaraplaýyn binýatlyk resminamalarda berkidilendigini aýtdy. Prezident Wladimir Putiniň belleýşi ýaly, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär, munuň özi özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýediginiň subutnamasydyr.
Iki ýurduň Liderleri türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, bilim we medeniýet ulgamlarynda emele gelen köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsietini bellediler. Şunda mysal hökmünde häzirkizaman binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna 2007-nji ýylda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň gatnaşan, Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebi, yzygiderli guralýan bilelikdäki medeni we döredijilik çärelerini, şol sanda ýurdumyzda ýakynda geçirilen "Mosfilmiň" günlerini getirmek bolar. Türkmenistanda rus dilinde döwürleýin neşirler çap edilýär, tele we radio gepleşikler ýaýlyma berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, iki döwletiň ikitaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, beýleki iri guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen köptaraplaýyn görnüşde hem däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Tähranda geçirilýän Sammitiň gün tertibi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan strategiki energetika pudagynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli gurallaryň döredilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şunda Bitarap Türkmenistanyň bu ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Iki döwletiň Baştutanlary Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri, hususan-da, onuň tutuş giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geljek ýylda Gazagystanda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky sammati geçiriler. Şunda milli Liderimiz gazagystanly kärdeşlerimiziň Hazar deňziniň üstünden uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi boýunça biynjalyk bolýandyklaryna ünsi çekdi, muňa olaryň türkmen awiadispetçer gulluklaryna yzygiderli ýüz tutýandyklary hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda gazagystanly kärdeşlerimiz Hazaryň üstünden raýat ýolagçy we ýük uçarlarynyň uçuşlary üçin howpsuzlyk şertlerini döretmegiň zerurdygy baradaky haýyş bilen ýüz tutýarlar.
Türkmen Lideri şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, öz russiýaly kärdeşine ýurdumyza gelip görmegi we bu şanly senä bagyşlanyp şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere, şol sanda ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy. Mälim bolş ýaly, Türkmenistan dünýäde hemişelik bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýek-etäk döwletdir, munuň özi BMG-nyň Baş Assambleýasynyň degişlilikde, 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen iki rezolýusyýasynda öz beýanyny tapdy.
Çakylyk üçin hoşallyk bildirip hem-de öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini belläp, Russiýanyň baştutany Russiýa Federasiýasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenstanyň bitaraplyk hukuk derejesine uly hormat goýýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk ýörelgelerine we taraplaryň erk-islegine esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder