26 Kasım 2015 Perşembe

Türkmen-Belarus Toparynyň Mejlisi

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýedinji mejlisi geçiirldi, oňa gatnaşmak üçin wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. 

Duşuşygy açmak bilen bilelikdäki toparlarynyň başlyklary soňky wagtda Türkmenistan bilen Belarusyň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen we 2008-nji ýylda işe girişen bilelikdäki topar şu ýyllaryň içinde özüni netijeli düzüm hökmünde görkezdi, muňa köp babatda emele gelen köpugurly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem doganlyk halklaryň dostluk, özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ýardam edýär. 

Şu gezekki mejlisiň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Olaryň hatarynda ýangyç-energetika we söwda-ykdysady pudaklary, häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy, ylmy ugurly pudaklar, Belarusdan iberilýän ýöriteleşdirilen enjamlary, awtomobil ulaglary we oba hojalyk tehnikasy, ýeňil we dokma senagaty hem-de beýleki möhüm ugurlar görkezildi, bu ugurlarda hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem gyzyklanmasyna eýe bolýar. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzüminde Belarus Respublikasynyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralynyň ýolbaşçylaryndan başga-da iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri bar. 

Gepleşikleriň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy we olary tizden-tiz durmuşa geçirmegiň anyk ädimleri barada pikir alyşmalar boldy. 2009-njy ýylda iki ýurduň Prezidentleriniň - Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berilen kaliň dökünleriniň önümçiligi boýunça Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan dag-baýlaşdyryjy toplumy döwletara ykdysady hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasy bolan bilelikdäki taslamadyr. 

Pikir alyşmalaryň barşynda, kuwwatly serişdeler binýadyna, şeýle hem ösen düzüme eýe bolan iki ýurduň mümkinçiliklerini peýdalanmak we ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döredýär. 

Mejlise gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan we bellenilen çäreleriň ählisiniň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, şol sanda bilim ulgamy boýunça we Türkmenistan üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işine, şeýle hem syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ulgamyna gönüden-göni täsir etjekdigine ynam bildirdiler. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama kabul edildi. 

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda ikitarpalaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar, olarda anyk ugurlar boýunça bilelidäki işiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder