24 Kasım 2015 Salı

Halkara Festiwalynyň Ýeňijileri

Hytaýdan Watanymyza sag-aman gaýdyp gelen "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de "Türkmen jigitleri" toparynyň agzalaryny şu gün baýramçylyk dabarasy, aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Olar Hytaýda II halkara sirk festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldular. 



Dünýäniň 22 ýurdundan sirk toparynyň 32-siniň arasynda ussatlar diýlip ykrar edilen hem-de festiwalyň baş baýragyna—Altyn kuboga mynasyp bolan türkmen atçylarynyň nobatdaky üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän ildeşlerimize bolan buýsanjy nobatdaky gezek artdyrdy. "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Italiýada, Russiýada Ukrainada, Belarusda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda çykyş edip, uly seslenme döretdiler. Olaryň hasabynda abraýly halkara bäsleşiklerinde we sirk sungatynyň festiwallarynda gazanylan ýeňişleriň ençemesi bar. 

Şu gün irden aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň halkara howa menziline alyp barýan ýoluň ugrunda ýygnanyp, awtobusda gelýän halkara festiwalynyň ýeňijilerini "Aşgabat" kinoteatryna çenli aralykda mübäreklediler. Bu ýerde, baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. 



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň orkestri we "Miras" tans topary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleri hem ýörite şu güne niýetläp öz sowgatlaryny taýýarladylar. 

Jigitler bu ýerden öz ajaýyp bedewlerine atlanyp dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde Magtymguly şaýoly bilen ýörişlerini dowam etdiler. Bu şaýolunyň ugrunda Döwlet sirkine çenli bu waka mynasybetli awtomobil hereketi togtadyldy. Ýörişiň dowamynda ata babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara görä, toýdur baýramlara mahsus bolan çar çekilip, hemmeler toýa çagyryldy. Köpsanly sazandalar bu ýere ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny göterip, ähli ýerlerde milli saz gurallarynyň owazy, joşgunly aýdymlar, türkmen toýuna mahsus bolan degişmelerdir gülküler ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde dürli žanrlarda çykyş edýän sirk artistlerini görmek boldy. 



Bu şatlykly ýörişe aýratyn-da çagalar begendi, ulular bolsa özüni ýetginjek kimin duýdular. Bu ýörişiň esasyny bolsa ýaşlar düzdi. 

Birnäçe wagtdan soň ýöriş sirkiň öňündäki meýdançada tamamlandy. Meýdança hakyky baýramçylyk lybasyna beslenipdir. 

Dabaranyň gahrymanlarynyň hormatyna Döwlet tans toparynyň, "Serpaý" folklor-etnografik toparynyň, "Galkynyş" tans toparynyň gatnaşmagynda konsert guraldy. Olar "Uçar ganatly bedew" atly aýdym-sazly, tansly çykyşy ýerine ýetirdiler. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň "Türkmen jigitleri" toparynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan nobatdaky ýeňişleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy. 

Jigitleriň belleýşi ýaly, olar hakynda edilýän alada ussatlary has-da netijeli çykyş etmäge, täze, özboluşly, çözgütleriň döredijilik gözlegine çykmaga hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerimizi mundan beýläk-de dünýä ýaýmak işinde çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ruhlandyrýar. 



Soňra sirkiň sahnasynda "Türkmen jigitleri" hem-de "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparlarynyň ýeňijileriniň görkezme çykyşlary boldy. 

Behişdi bedewler ýurdumyzyň umumymilli dabaralarynyň, toýdur baýramlarymyzyň bezegi bolup durýar. Uçar ganatly bedewlerimiziň gözelligi we okgunlylygy, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çakganlygy tomaşaçylary haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary giň meşhurlyga eýe boldy. Olaryň oýunlary sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýyp, ahalteke bedewleriniň üstünde çapyksuwarlar oýunlaryň dürli tärlerine eýe bolandygyny ussatlyk bilen görkezýärler. 



Türkmen jigitleri her gezek tomaşaçylarda uly täsir döredýärler, olar bolsa öz gezeginde jigitleri şowhunly el çarpyşmalary bilen sylaglaýarlar. Bu bolsa hakyky sungat ussatlary üçin ýokary sylag bolup durýar. 

Şu gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesiniň gatnaşan dabaralary aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Halk döredijilik äheňleri esasynda goýlan tansly çykyşlar, halk aýdymlary we häzirki zaman estrada owazlary, eziz Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan çykyşlar baý mazmunly maksatnamanyň esasyny düzdi. 

Döredijilik ýörişi sirkiň sahnasynda tamamlandy, bu ýerde tomaşaçylar belli estrada aýdymçylaryna we sirk artistlerine, tans toparlaryna hem-de sazandalara, milli sungatyň baýlygyny we özboluşlylygy şöhlelendiren baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşyjylara şowhunly el çarpdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder