Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýoluny halkara ölçeglere laýyk getirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 12766-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygyny tamamlamak we ony enjamlaşdyryp, doly taýýar edip tabşyrmak barada “Özerli Inşaat Sanayi ve Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Işlere 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we desgany 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, öndürilýän bugdaýyň mukdarynyň artdyrylmagy bilen bagly ony daşarky bazarlara ýerlemek boýunça ýurdumyzyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine:
ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinden artýan böleginden bugdaýyň jemi 200 müň tonnasyny, şol sanda 2013-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň 150 müň tonnasyny hem-de 2014-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň 50 müň tonnasyny;
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykaran 12363-nji Kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň hasylyndan öndürilen daşarky bazarlara ýerlenilmäge degişli jemi 300 müň tonna bugdaýyň 90 müň tonnasyny ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin goýberip, onuň ýerine 2014-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň 90 müň tonnasyny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemäge ygtyýar berildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder