26 Kasım 2015 Perşembe

Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet Güni

Paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde işewürler maslahaty — Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýetiniň güni geçirildi. Aşgabatda 5-nji gezek geçirilýän çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy guraldy. Duşuşyga iki döwletiň ministrlikleriniň, pudak hem-de bank edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň esasy meselesi açylýan mümkinçilikler babatda  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze gurallaryny işläp taýýarlamakdan hem-de iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat boldy.  

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili duşuşygy açyp, dürli derejelerde özara bähbitli birnäçe üstünlikli gatnaşyklara eýe bolan däp bolan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Nobatdaky forum ähli ugurlar boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam eder. 

Öz gezeginde GFR-niň Ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň wekili jenap Frank Waýzig hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ösüşlere beslenen syýasatynyň dünýäniň işewür toparlary, şol sanda nemes işewür toparlary tarapyndan Türkmen döwletine bolan barha artýan gyzyklanmany höweslendirendigini nygtady. 

Jenap Frank Waýzig türkmen paýtagtynda her ýylda geçirilýän forumyň täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de netijeli aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly meýdançada bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Myhman deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy GFR-niň has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, esasy nemes kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda bolmaklaryny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdy. Munuň özi Türkmen döwletiniň iri ykdysady we serişde kuwwaty hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ösüşlere beslenen uly özgertmeler bilen şertlendirilendir. 

Wekiliýetiň uly düzümi hem GFR-niň kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň düzümine Ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň,  Söwda we maýa goýumlar boýunça German jemgyýetiniň,  Germaniýanyň oba hojalygynda taslamalary dolandyrmak jemgyýetiniň, Germaniýanyň akademiki alyş-çalyşlar gullugynyň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «International Trade Consult GmbH», «Anna Niederländer Handelsvertretung», «Cifal Groupe Deutschland GmbH», «Investment &Trading Services AG», «Hans Lingl Anlagenbau und Verfahrenstechnik GmbH& Co.KG», «Bray Armaturen Antriebe», «Edison Technologies KG», «Heidelberg Cement AG», «Krah GmbH», «Grespania SA, «Lebo GmbH», «Draeger AG&Co.KG», «Fresenius Medical Care», «Procter&Gamble» kompaniýalarynyň wekilleri we köpsanly beýlekiler girdi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň çykyş eden wekilleri ileri tutulýan milli hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerine laýyk gelýän  giň halkara hyzmatdaşlygynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ýörelgesiniň baş we üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny bellediler. Şu babatda hem Germaniýa Federatiw Respublikasy strategiki hyzmatdaşlykdyr. Türkmen döwleti bu ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen  ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligine garamazdan, iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň durnuklylygynyň göze ilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Häzir türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň 160-dan gowragynyň ýerine ýetirilmegi hem-de durmuşa geçirmegiň tapgyrynda durandygy üstünlikli ösdürilýän türkmen-german aragatnaşyklaryna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde nemes maýasynyň gatnaşmagynda hojalyk edaralarynyň 60-dan gowragynyň bölümleri hem-de wekilhanalary işleýär. 

Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine Türkmenistan hakynda wideofilm görkezildi. Onda  döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary we önüm öndürijileri bilen işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýan  türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiki meýilnamalary  hem-de bu ugurda ýetilen sepgitler beýan edildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda iki dostlukly döwletiň ykdysadyýetleriniň şu günki ýagdaýyna hem-de olary ösdürmegiň geljegine syn berildi.

Türkmen hünärmenleri öz çykyşlarynda makroykdysady ýagdaýy  jikme-jik häsiýetlendirdiler. Ýurdumyz soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça  amala aşyrylýan uly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetiň  ösüşiniň ýokary görkezijilerini gazanyp, maýa goýum işjeňligini artdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri taslamalary işläp düzmek üçin pugta binýady döredýär. Bu gün ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi, daşary ýurt telekeçileriniň üstünlikli işlemegi üçin degişli şertler we ýeňillikler bar, senagatyň ähli pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy güýçli depginler bilen alnyp barylýar,   kiçi işewürlige we hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde  energetika pudagynda, ulag we logistika düzümlerini ösdürmek ulgamynda, himiýa senagatynda hem-de ulaglarda we maşyngurluşygynda, oba hojalyk pudagynda, gurluşykda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, saglygy goraýyş we derman senagatynda  özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Ylym-bilim ulgamynda, hususan-da, iş dolandyryjy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ugry boýunça özara hereket etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýokary tehnologiýalar we elektrotehnika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boly. Nemes kompaniýalarynyň wekilleri bu ulgamda bar bolan tejribelerini we gazananlaryny hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Germaniýanyň maliýe ulgamynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan bölümçede geljegi nazarlap hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan iri durmuş-ykdysady özgertmeler babatda iki döwletiň banklarynyň arasynda mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryna garaldy. Nemes hünärmenleri Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän  milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýasynyň, bank-maliýe düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijeliligini belläp, maksady ýurdy ösüşiň täze sepgitlerine çykarmak bolup durýan bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýandyklaryny nygtadylar. 

Bu ýere ýygnananlar forumyň netijelerini jemläp, hormatly Prezidentimize Germaniýanyň ykdysadyýet gününi geçirmekde goldawy üçin tüýs ýürekden  hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan gelen pikirine görä, myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen nobatdaky işewür duşuşygy Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw  Respublikasynyň arasynda netijeli özara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, şunuň ýaly forumlar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hakyky guraly bolup durýar.

Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlyk etmegiň açylýan mümkinçiliklerini nazarda tutup, mundan beýläk hem özara gatnaşyk etmegiň meýilnamalary anyklaşdyryldy.

“Mizan” täjirçilik merkezinde bolan çäreleriň çäklerinde guralan sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri görkezildi.  Bu ýerde ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary bolan nemes kompaniýalarynyň hem birnäçesiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder