Mary welaýatynyň merkezinde täze durmuş medeni maksatly desganyň – “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler öz çykyşlaryny ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşda giňden bellenilýän şanly senä – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşladylar.
“Mary—2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly halkara çäresiniň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty häzirki wagtda giň halkara ykrarnamasyna eýe boldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitaraplyk syýasatyny doly durmuşa geçirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalary bolsa halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýigrimi ýyl mundan ozal, Türkmenistan bitarap döwletiň derejesine eýe bolmak bilen, ähli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyna açyklygy bilen seçip alan ýoluna ygrarlydygyny görkezýär.
Medeniýet ulgamy ählumumy möçberde gatnaşyklary ýola goýmagyň
hem-de ösdürmegiň netijeli ugurlarynyň biridir we häzirki wagtda halkara bileleşiginiň türkmen medeniýetine, onuň gözbaşlaryna hem-de
däp-dessurlaryna uly gyzyklanma bildirýändigi äşgär görünýär. Häzir Türkmenistan ata-babalarymyzyň beýik ruhy mirasyny aýawly saklap hem-de artdyryp, umumadamzat medeniýetiniň bütin dünýä genji-hazynasyna saldamly goşant goşýar. Gadymy Merwiň ajaýyp däplerini mynasyp dowam etdirýän häzirki Mary şäheri munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu şäher Türkmenistanyň halkara we medeni durmuşynyň işjeňliginiň merkezine, köpsanly syýahatçylaryň hem-de zyýaratçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
Şu günler Mary şäheri şu ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde geçiren giň möçberli işleriniň netijelerini jemleýär. Şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow tarapyndan türkmen döwletiniň Baştutanyna gowşurylan “Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary” medaly türki dilli halklaryň dostlugyny pugtalandyrmakda, medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň hem-de hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz bu sylaga Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, türkmen halkyna berlen sylag diýip düşünýäris. Bitarap Türkmenistan halkara guramalarynyň, şol sanda TÜRKSOÝ-yň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa, türki dilli döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýär, türki halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna giň ýol açýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde Mary şäheriniň wezipesi hem hut şu maksatlara eýerildi. Habar berlişi ýaly, jemleýji çärelere gatnaşmak üçin Murgabyň boýundaky şähere Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň, türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň, türki dilli ýurtlaryň birnäçesiniň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tükiýeden, Gagauziýadan (Moldowa Respublikasy), Tatarystandan (Russiýa Federasiýasy) döredijilik wekiliýetleri geldiler. Ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlaryndan bu ýere uly döredijilik topary geldi.
Baýramçylyk konserti şähere “2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmegi mynasybetli işlenip taýýarlanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Mary şäherinde ýylyň dowamynda geçirilen köpsanly döredijilik çäreleriniň özboluşly jemlemesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan dostluk konsertiniň şu gün dabaraly ýagdaýda açylan “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilendigi bellärliklidir. Bu bina iri dabaralary hem-de medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.
Ak öý türkmenleriň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşanydyr. Tutuş Türkmenistanda döwlebap ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin gurulýan häzirki günlerinde hem diňe bir oba ýerlerinde däl, eýsem şäherlerde hem ak öýlere duş gelmek bolýar. Ýewraziýa yklymynyň uç-gyraksyz giiňşliginde göçüp-gonan türkmenleriň gadymy ata-babalary bu ak öýlerden peýdalanypdyrlar. Häzirki döwürde olar ýaşaýyş jaýlary hökmünde ulanylmaýar, ak öýleri köp halatlarda halkymyzyň gymmatly mirasy hökmünde gurýarlar. Ak öý gadymy kökleriň we çeşmeleriň, taryhy-medeni mirasyň özboluşly nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Mary welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – hususy gurluşyk kompaniýalarynyň konsorsiumy gurdy.
Täze Gündogar bazarynyň hem-de Aşgabat-Mary awtoulag ýolunyň golaýynda peýda bolan, türkmeniň ak öýi görnüşindäki täze binanyň özboluşly keşbinde milli binagärligiň ajaýyp däpleri hem-de binagärlik sungatynyň häzirki gazananlary aýratyn sazlaşyk döredýär. Bu desganyň gurluşygynda döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy. “Türkmeniň ak öýi” täsin desga bolmak bilen, özüniň içki we daşky bezegi babatda däp bolan türkmen ak öýüniň bezegine doly laýyk gelýär.
Halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerinde, onuň dessanlarynda hem-de rowaýatlarynda ak öý dünýäniň döreýşiniň özboluşly nusgasyny alamatlandyrýar we şoňa görä-de, ol tegelek görnüşindedir. Ägirt uly binanyň beýikligi 35 metre, diametri 70 metre barabardyr. Üç gatly binanyň üçeginiň gurluşygynda täsin bezegler –paneller ulanyldy, desganyň gapdal taraplary aýna – alýuminiý witražlar görnüşinde guruldy. Dürli reňkdäki granitleriň ulanylmagy bolsa bu binanyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýýar. Döwrebap serişdeler şeýle uly desgada türkmen ak öýlderiniň däp bolan bezegini saklap galmaga mümkinçilik berdi. Ak öýüň altyn guşagynda milli haly nagyşlary şekillendirildi.
Bu ýerde giň möçberli dabaralary hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. “Türkmeniň ak öýi” binasynda birnäçe zolak – girelge, eýwan, konsert zaly, VIP otaglar, edara we dynç alyş zolaklary bar.
Binanyň birinji gatynda ýerleşen 3 müň orunlyk konsert zaly aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol ajaýyplygy hem-de oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Döwrebap enjamlar hem-de binanyň uly sahnasy bu ýerde dürli çäreleri, şol sanda şan-şöhraty dünýä dolan milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýerde restoran we edara otaglary hem ýerleşýär.
Binanyň ikinji gatynda dynç alyş zolagy, kafe ýerleşýär. Şekillendiriş sungatynyň taryhy mowzuga bagyşlanan eserleri olaryň özboluşly bezegine öwrüldi. Üçünji gat tutuş diýen ýaly artistler zolagy üçin niýetlenendir. Bu ýerde şeýle hem restoran we edara otaglary ýerleşýär.
Ak öýüň girelgesi hem däp bolan ýörelgelere esaslanyp gurlupdyr. Ägirt uly gapynyň ýokarsynda eňsi haly bezegi ýerleşdirilipdir. Ol mukadddes maşgala ojagynyň goragçysynyň gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýar. Eňsiniň ýüzüne ýaý hem-de peýkam görnüşinde tumar berkidilipdir. Gapynyň öňüne ajaýyp haly önümi bolan “gapylyk” asylypdyr.
Binanyň giň eýwany hem özboluşly bezelipdir. “Türkmeniň ak öýüniň” eýwanynda türkmen şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalary goýlupdyr. Olar halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň iň gowy nusgalaryny özünde jemläp, many-mazmuny hem-de gönüşleriniň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde durmuşda ulanylýan zatlaryň baý sergisi guralypdyr. Bezegler hem-de durmuşda ulanylýan haly önümleri diwarlarda ýerleşdirilipdir, olaryň bezeginde hem türkmen ak öýüniň däp bolan zatlary ulanylypdyr. Ak öýüň beýleki otaglary hem milli äheňde bezelipdi, olarda haly gölleri ulanylypdyr.
“Türkmeniň ak öýi” binasyna ýanaşyk ýerler hem döwrebap abadanlaşdyryldy. Şol ýerde gül aýmançalary döredildi, dürli ýaprakly we pürli agaç nahallary oturdyldy, özboluşly çyralar ornaşdyryldy. Taslama boýunça bu ýerde çagalar dynç alyş toplumy we awtoduralga hem göz öňünde tutuldy.
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, şol ýere bu şanly günde dabara gatnaşyjylaryň köpsanlysy ýygnandy.
Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, ak öýleriň ýüzlerçesinden ybarat bolan türkmen obasy döredildi. Pawilonlarda başarjaň ussalaryň işleri görkezilýär. Bu özboluşly sergide däp bolan senetler, milli lybaslar hem-de tebigy matalar, halylar we keçeler, küýze we zergärçilik önümleri, halk saz gurallary hem görkezilýär. Myhmanlar türkmenleriň durmuşy, däp bolan senetleri bilen ýakyndan tanşamaga, milli sport ýaryşlaryna, şeýle hem ahalteke bedewleriniň gözelligine we “çöl gämileriniň”-- düýeleriň buýsançly aýak basyşyna syn etmäge mümkinçilik aldylar.
Meýdançada ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
“Türkmeniň ak öýüniň” toý bagyny kesip, binany dabaraly ýagdaýda açmak hormaty ýurdumyzyň il sylagly ýaşulularyna ynanyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda giň möçberli çäreleriň ählisi hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde geçirilýär. Köpsanly dabara gatnaşyjylar gadymy türkmen topragynda bina edilen täsin desganyň bezegi bilen tanyşdylar.
Baýramçylyk dabarasy ajaýyp konsert zalynda dowam etdirildi, bu ýere dabara gatnaşyjylaryň köp sanlysy – ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleiň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy merkezleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinde gelen hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň medeni mirasyna çuňňur gyzyklanmasyny alamatlandyrýar.
Soňra “Türkmeniň ak öýüniň” ajaýyp konsert meýdançasynda köp öwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Konsertiň başynda ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleri, şeýle hem meşhur folklor we tans toparlary “Oguz ýoly” edebi aýdym- saz kompozisiýasyny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Onda geçmişiň we häzirki döwrüň, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň beýik işleriniň we täze taryhy eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň berk arabaglanyşygy şöhlelendirildi. Tomaşaçylaryň öňünde türkmenleriň beýik ogullary peýda bolýarlar, olaryň atlary dünýäniň köp halklary üçin örän ezizdir. Olaryň kuwwatly hem-de garaşsyz türkmen döwleti baradaky arzuwlary halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrýan ajap eýýamda doly hasyl boldy. Özboluşly sahna oýnunda janlandyrylan keşpler arkaly türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan häsiýetler – parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik, dostluk hem-de myhmansöýerlik häsiýetleri şöhlelendirildi.
Halk aýdym-sazlary, köpöwüşginli horeografiki kompozisiýalar hem-de folklor sahna oýunlary konsertiň maksatnamasynyň esasyny düzdi. Olarda türki dilli halklaryň asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten hem-de häzirki döwürde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlary öz aýdyň beýanyny tapdy.
Tomaşaçylar Tatarystandan gelen meşhur folklor toparynyň, Türkiýeden gelen “Türk dünýäsi” toparynyň ussatlygyna el çarpdylar. “Symbat” gyrgyz tans topary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň T.Satylganow adyndaky Döwlet filormoniýasynyň “Ataý” folklor toparynyň aýdymçylary tomaşaçylara joşgunly aýdym-tans kompozisiýasyny peşgeş berdilep.
Meşhur aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmeginde azerbaýjan, tatar, özbek, gazak, türk aýdym-sazlary ýaňlandy.
Ýurdumyzyň meşhur tans, folklor we aýdym-saz toparlary, milli estrada aýdymçylary hem-de halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler türkmen sungatynyň köpöwüşginliligini görkezdiler. Artistleriň çykyşlary bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny şöhlelendirýän wideogörnüşler bilen utgaşdyryldy.
Konsert çykyşlarynyň ählisi özboluşlylygy hem-de many-mazmunlylygy we çuňňurlygy bilen tapawutlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda häzirki zaman tehniki serişdeleriniň ulanylmagy hem çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.
Däp bolşy ýaly, gadymy “küştdepdi” türkmen tansy baýramçylyk dabarasynyň ýatdan çykmajak we köpöwüşginli çykyşlarynyň birine öwrüldi. Onda milli medeniýetiň sazlaşygy hem-de egsilmez ruhy güýji jemlendi. Bu tans ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň folklor toparlary tarapyndan bilelikde ruhubelentlik hem-de aýratyn döredijilik joşguny bilen ýerine ýetirildi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň joşgunly çykyşy bu ýere ýygnanan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ganatly bedewleriň gözelligi hem-de ýyndamlygy, at üstünde dürli çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetiren türkmen jigitleriniň çalasynlygy hem tomaşaçylary haýran galdyrdy. Gaýduwsyz türkmen jigitleri özleriniň okgunly çykyşynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tuguny belentde parlatdylar.
Dostluk konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hem-de tomaşaçylaryň müňlerçesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyna we sözlerine döredilen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu aýdym täze binanyň ajaýyp zalynda Garaşsyz hem Watanymyzyň, parahatçylyk dörediji türkmen halkynyň zahininiň we ylhamynyň özboluşly belent senasy bolup ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlar ör turup, bu ajaýyp aýdymy mähriban Arkadagymyza aýratyn hoşallyk duýgusy bilen ýerine ýetirdiler. Bu watançylyk aýdymy türkmenistanlylaryň ählisiniň kalbyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza buýsanç duýgusyndan doldurdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Marynyň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmündäki wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gadymy türkmen şäherleriniň birine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň köp müňýyllyk şöhratly taryhynyň siwilizasiýalaryň arsyrlaryň dowamyndaky medeni aragatnaşyklar ulgamyndaky ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi, ählumumy parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň, türki we dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmeginiň bähbidine döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiziň sözleri ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Soňra Ginnesiň bütin dünýä Rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşa söz berildi. Ol ajaýyp “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna haýran galýandygyny aýtdy. Onda dört müňden gowrak adam bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýagdaý Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge mynasyp dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy. Myhman türkmenistanlylaryň ägirt uly watançylyk duýgusynyň dabaralanmagynyň şaýady bolandygyny belledi.
Şeýda Subaşy ajaýyp eseri döredenligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasynyň şu rekordy bellige almak babatda kabul eden çözgüdi barada habar berdi. Ol ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli şahadatnamany gowşurdy hem-de Türkmenistanyň Baştutanyny, ähli tükrmen halkyny ruhubelent we watansöýüji jemgyýeti döretmekde ýurdumyzyň gazananlaryna şaýatlyk edýän bu üstünlik bilen gutlady.
Soňra türki döwletleriň wekillerini – ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Tatarystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Sylaglara mynasyp bolanlar özleriniň işine ýokary baha berlendigi hem-de türki halklaryň medeniýetini we sungaty mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara TÜRKSOÝ guramasynyň “Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary” medalynyň gowşurylmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza türki halklaryň medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň netijeli döredijilik gataşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde Maryda geçirilen çäreleriň ähmiýetini hem-de olaryň ýokary derejede guralandygyny nygtady. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy bütin dünýäde parahatçylygy, dostlugy, doganlygy we agzybirligi berkitmek işine, şeýle hem türki halklaryň baý medeniýetini aýawly saklamaga we wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize, doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk we abadançylyk, ösüşler we rowaçlyklar ýolunda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Türkmeniň ak öýi” binasynda Mary şäheriniň TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşine gatnaşyjylar tarapyndan 2016-njy ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylan Azerbaýjanyň Şeki şäherine ýörite nyşany gowşurmagy dabaranyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Şu pursat iki dostlukly ýurduň artistleri doganlyk halklaryň özboluşly “ýüzüne” öwrülen türkmen halk “küştdepdi” tansynyň hem-de azerbaýjan mugamlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda “Türkmeniň ak öýünde” eziz Watanymyza çäksiz söýgi duýgusy bilen ýugrulan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyň sözleri öwran-öwran belentden ýaňlandy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder