7 Kasım 2015 Cumartesi

Aşgabatda Halkara Söwda Sergisi Tamamlandy

Türkmen paýtagtynda Halkara söwda sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň söwda-ykdysady ulgamynyň üstünliklerini hem-de geljekki ösüş meýilnamalaryny, onuň serişdeler mümkinçiligini görkezdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan we döwlet düzümleriniň hem-de hususy işewürligiň, köp sanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini birleşdiren bu sergide uly möçberli bölümler harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi bilen tapawutlandy hem-de oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. 

Dürli azyk önümleri, egin-eşikler, durmuş tehnikalary, giňden ulanylýan beýleki harytlar, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda gurluşyk enjamlary, awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary, neşirýat önümleri, mebeller, aşhana enjamlary, ulag ulgamynda hyzmatlar, iri söwda merkezleriniň hem-de ulag ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar görkezildi. 

Türkmenistanda söwda ulgamynyň ösdürilmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek babatda, ýagny ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar özgertmeleri, eksport ugurly täze kärhanalary, innowasion hem-de ylmy önümçilikleri döretmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak nukdaýnazaryndan garalýar. 

Aşgabatda guralan Halkara söwda sergisi halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, daşary haryt dolanyşygyny giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň dünýä bazarlarynda öňe ilerleýşini görkezmäge gönükdirilendir. 

Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen söwda sergisi täze teklipler we pikirler bilen tanyşdyrmak, marketing strategiýalary we tehnologiýalary babatda tejribe alyşmak üçin meýdançany hödürledi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekde baý mümkinçilige eýe bolup, ýurdumyza getirilýän harytlara aýratyn üns bilen çemeleşip, olara berk talap bildirmek bilen, ekologiýa taýdan arassa, ýokary tehnologik hem-de hili ýokary önümlere aýratyn ähmiýet berýär. Sebäbi önümleri öndürmek hem-de hyzmat etmek işleriniň ekologiýa häsiýetleri häzir bütin dünýäde örän ähmiýet berilýän ugra,  sarp ediş bazarynda öndürijileriň bäsleşiginiň esasy ýagdaýyna öwrüldi. 

Halkara söwda sergisinde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň görkezen harytlarynyň görnüşleriniň olaryň türkmen bazarynyň sarp edijiliginden habarlylygyny şöhlelendirendigi bellärliklidir. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde diňe bir ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde däl-de, eýsem,  azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde hem meşhurdyr. Muny sergide ýurdumyzyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan azyk önümleri hem tassyklady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletiň öz-özüni ýeterlik azyk bilen üpjün etmegi, daşary söwda gatnaşyklarynyň şu böleginde onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatdaky alnyp barylýan syýasat oňyn netijeleri berip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna täsir edýär. 

“Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa” şygary bilen Milanda geçirilen EKSPO-2015 Bütindünýä köpugurly sergisine Türkmenistanyň gatnaşandygy munuň subutnamasyna öwrüldi.  Şoňa Türkmenistanyň milli sergisiniň “Azyk bolçulygy – parahat ösüş!” atly şygary hem laýyk geldi. Şol şygar astynda ýurdumyz döwrüň ählumumy meselesini, ýagny bütin dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi çözmek boýunça öz tejribesini we anyk tekliplerini hödürledi. 

Köptaraply halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürip, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak bilen, Türkmenistanyň sebitara hem-de halkara guramalarynyň işine, şol sanda ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýän standartlaşdyrmak babatdaky işlere gatnaşmaga uly ähmiýet berýändigi möhümdir. 

Halkara söwda sergisiniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda pudagy has-da ösdürmäge, bu ulgamda netijeli hem-de köptaraply hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen Halkara söwda sergisiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam berendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder