Baýramaly etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginiň çäklerinde häzirki zaman maldarçylyk toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 50 tonna süýdi we 60 tonna sygyr etini öndürmäge niýetlenendir. 100 gektar meýdany eýeleýän bu desgany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak hünji” hususy kärhanasy gurýar.
Bu ýerde sygyrlaryň 200-ne we göleleriň 110-na niýetlenen, mallara gezim etmäge ýeri bolan ýataklaryň iksi, dolandyryş-durmuş binasy, gorag jaýy, her biri 100 kub metr sygýan ýangyn garşy uly göwrümli gaplaryň ikisi we iki sany agyz suwy üçin niýetlenen uly göwrümli gaplaryň ikisi we beýleki desgalar gurular.
Toplumyň çäkleriniň ýedi ýarym müň inedördül metr meýdanyna asfalt örtüler, on müň inedördül metre golaý meýdany gök baglyga büreler. Gözbaşyny Garagum derýasyndan alyp gaýdýan suw suwaryş akabasy arkaly suw batlandyryjy başnýa gelip gowşar.
Iýmleri mehanizimleşdirilen usulda paýlaýan we galyndylary aýyrýan birinji mal ýatagy gurnamaga taýýar diýlen ýaly. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu desganyň hem ýerli howa şertleri we bina gurluşygynyň ata-baba däp-dessury göz öňnde tutulyp düzülen şahsy taslama boýunça düýbi tutulýar. Mallara fermanyň işgärleri tarapyndan ýokary mehanizimleşdirilen usulda ideg ediler. Demir karkasdan taýýarlanan binanyň diwarlary kerpiçden galdyrylýar we armirlenýär. Binanyň üçegi sendiç-panel bilen örtüldi, özi hem, şu ýylda “Ak hünji” HK önümçiligi ýola goýlan önümden. Kerpiçler bolsa ýerli kärhanalarda öndürilýän berk kerpiçlerdir. Demir konstruksiýalar demir sozulmalardan satyn alnyp, telekeçileriň öz güýçleri bIlen ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde gerek bolan kerpiç örüjiler, kebşirleýjiler, gurnaýjylar, mehanizatorlar we işçi güýçleri ýeterlikdir.
Toplumyň özi bölünip berilen ýeriň diňe 5 gektar meýdanyny tutýar, galan 95 gektar meýdan bolsa iýmlik binýady üpjün eder. Bu ýekeje giden ekin meýdany bolman, ol köp gektarlara bölünen ýerler bolup, ynsanyň gujurly elleri bilen bejerilen ýerlerdir. Onuň bir bölegi edil eliň aýasy ýaly tekizlenip, oňa ýorunja ekilendir. Beýleki bölegine bolsa mekgejöwen ekilip, onuň eýýäm birinji hasyly ýygnaldy. Bölünip berilen ýerlerde işler telekeçiler tarapyndan şu ýylyň başynda ýaýbaňlandyryldy. Gysga wagtyň içinde ot-iýmlik binýadyň düýbi berk tutuldy. Onuň gerek bolan mukdaryny artdyrmak bolsa toplumyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyryna gadam basmagy bilen bagly bolar. Baýramaly etrabynda gurulýan maldarçylyk toplumy Mary welaýatynyň etraplarynda telekeçiler tarapyndan gurulýan şular ýaly onlarça desgalaryň biridir. Olary arasynda hem et-süýt, hem guşçulyk fermalary bardyr. Şol Baýramaly etrabynda geçen ýyl ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tona guş etini öndürýän guşçulyk toplumy ulanmaga berildi. Bu desga ýerli hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder