25 Kasım 2015 Çarşamba

Türkmen-Gazak Toparynyň Mejlisi

Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýnça hökümetara türkmen-gazak toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministri Wladimir Şkolnigiň baştutanlygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Mejlisiň gün tertibine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda gurulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Mejlisiň dowamynda taraplar 2014-nji ýylyň iýunynda Astanada geçirilen toparyň ýedinji mejlisiniň we şol ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Toparyň agzalary ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, bilim we medeniýet ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edilmeli işleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda hereket edýän şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň, eksport-import amallarynyň göwrüminiň köpeldilmeginiň, edilýän hyzmatlaryň we ugradylýan harytlaryň göwrümlerini hem-de dürlüligini giňeltmegiň derwaýysdygyny belläp geçdiler.

 

Hökümetara toparynyň işiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder