24 Kasım 2015 Salı

Türkmenistanda Şweýsariya Konfederasiýasynyň Ilçisi Işe Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Şweýsariya Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Filipp Ştalderden ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Ilçi myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň—Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Simonetta Sammarugyň türkmen döwletiniň Baştutanyna iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. 

Filipp Ştalderiň belleýşi ýaly, Şweýsariýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatyna hem-de öňe sürýän, tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň sütünlerini hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, myhman iki ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary üçin esas bolan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň halkara hukuk derejesiniň diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmak ýagdaýyny saklamak işinde däl-de, eýsem, ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy nukdaýnazaryndan ähli global meseleleri çözmekde täsirli gural hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. 

Parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek hem-de türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň geljegi babatda toplanan kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmak meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Ýewropa Bileleleşiginiň hem-de BMG-niň düzümine girýän edaralaryň çäklerinde ösdürilýär. 

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika hem-de ynsanperwer ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda, Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýanyň ösdürmäge uly ähmiýet berýän beýleki möhüm ugurlarda işewür hyzmatdaşlygynyň geljegi babatda özara pikirler beýan edildi. 

* * *

Şu gün şweýsar ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-şweýsar gatnaşyklaryny has-da ösdürmek meseleleri boýunça netijeli pikir alşyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder