25 Kasım 2015 Çarşamba

Türkmenistan-ÝUNISEF

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş we ykdysady abadançylygynyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerine beslenýär. Şol özgertmeler bolsa türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, bagtly çagalygy üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesliniň sazlaşykly ösmegi hem-de olaryň zehinleriniň açylmagy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Şu örän jogapkärli hem-de möhüm işde Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, ilkinji nobatda, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) örän ähmiýetli hem-de möhüm hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler. ÝUNISEF-iň işi iň ýaş raýatlaryň – çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny  goramaga hem-de üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge gönükdirilen, BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlary bilen berk baglanyşdyrylan bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň ençemesiniň  üstünlikli durmuşa geçirilmegi we olaryň amala aşyrylmagynyň dowam etmegi ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýän oňyn gatnaşyklaryň netijesi boldy. 

1. Eneligi we çagalygy goramak 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hakdaky aladanyň geljek üçin iň asylly we ygtybarly maýa goýumlardygyny bellemek bilen, ilkinji nobatda, enäniň sagdynlygynyň we abadançylygynyň çagalaryň bagtyýarlygynyň girewi bolup durýandygyny aýratyn nygtaýar. Hut şoňa görä-de, eneligiň we çagalygyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi. Şol syýasat bolsa ynsanperwerlikli türkmen halkynyň däp-dessurlara esaslanýar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň degişli Kanunyna laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Bu belent sylag eneleriň jemgyýetimizi hem-de tutuş ýurdumyzy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandynyň hem-de hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Her ýyl bu hormatly ada köp çagaly türkmen zenanlarynyň ýüzlerçesi mynasyp bolýar. Olar täze taryhy eýýamyň geljekki gurujylary bolan ösüp gelýän nesli mynasyp terbiýelemek üçin asylly zähmet çekýärler. Ol nesliň öňünde bolsa eziz Watanymyzyň ägirt uly üstünliklerini hem-de gazananlaryny pugtalandyrmak we artdyrmak wezipesi durýar. 

Şunda döwlet ilatyň sanynyň artmagyny höweslendirmek, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, maşgalanyň durmuş derejesini pugtalandyrmak hem-de däp bolan maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilendir. 

Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak babatda syýasat yzygiderli durmuşa geçirilýär, şol sanda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, döwrebap saglygy goraýyş hem-de sagaldyş merkezleri, sport desgalary gurulýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlan, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezleri hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnamalaryň, şol sanda, ene süýdi bilen iýmitlendirmek hem-de ganazlyga garşy göreşmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çaga dogrulýan edaralarynyň hemmesinde diýen ýaly “Çagalara  hoşniýetli garamagyň hassahanasy” diýen derejäniň berlendigini bellemelidiris. Bu dereje Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. 

BMG-niň Çagalar gaznasy indi köp ýyllaryň dowamynda tanyşlyk häsiýetine eýe bolan, şeýle hem ösüp gelýän nesliň saglygyny berkitmäge we goramaga gönükdirilen mowzuklaýyn çäreleri guramakda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hemişelik hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistanda eneleriň, täze doglan körpeleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça 2015—2019-njy ýyllar üçin Milli strategiýanyň we işleriň meýilnamasynyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. 

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen şeýle bilelikdäki başlangyçlar aýratyn giň gerime eýe bolýar. Şol döwürde türkmen çagalary ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Soňky ýyllarda Gökderedäki hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri çagalaryň uly höwes bilen barýan ýerlerine öwrüldi. Olarda mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, ýatdan çykmajak täsirleri almagy hem-de saglyklaryny berkitmegi üçin ähli şertler döredildi. 

Her ýyl 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belläp geçmek asylly däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berýän Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen sazlaşdy. 

2. Saglygy goraýyş 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça geçirilýän işleriň, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegi türkmenistanlylara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan giňden peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Şol hyzmatlary bolsa ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan döwrebap hassahanalar hem-de keseli bejeriş-anyklaýyş merkezleri hödürleýärler. Tehniki üpjünçiligi babatda olaryň köpüsi daşary ýurtlardaky şeýle merkezlerden ep-esli öňe geçdi. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kanunlaryň birnäçesi, şol sanda raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky, azyk önümleriniň hili we  howpsuzlygy hakyndaky, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hem-de çagalaryň iýmitine  bildirilýän talaplar hakyndaky kanunlar kabul edildi. 

Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, kesellere garşy göreşmek işinde, zenanlaryň hem-de çagalaryň saglygy üçin amatly şertleri üpjün etmekde gazanylan uly üstünlikler we ýetilen belent sepgitler iri halkara düzümleriniň we guramalarynyň arasynda giňden ykrar edildi. Türkmen döwleti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň möhüm halkara sertifikatlarynyň ençemesine eýe bolmak bilen, degişli daşary ýurt düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenýär. Bu babatda hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumyzyň lukmanlarynyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ol toplanan tejribäni alyşmaga mümkinçilik berýän duşuşyklary, maslahatlary  hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli guraýar. 

3. Immunizasiýa 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda abraýly halkara guramalary bilen bilelikde adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de eliminasiýasy boýunça uly işler bitirildi. 

BMG-niň iri guramalary—Çagalar gaznasy hem-de BSGG “Immunoöňünialyş” milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda ýokanç keseller bilen kesellemekligiň görnetin azalandygyny belleýärler. Şol maksatnamada   sebitde has giňden ýaýran keselleriň, şol sanda inçekeseliň, poliomielitiň, täjihorazyň, gökbogmanyň, bürmek keseliniň we beýlekileriň garşysyna hökmany sanjym geçirmek göz öňünde tutulýar.

ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan geçirilýän ilaty immunizasiýalaşdyrmagyň durnukly hem-de ählumumy gurşalyp alynmagyny oňlap, immunizasiýanyň keselleriň öňüni almak we ömri uzaltmak üçin örän möhüm ähmiýeti bolup, her bir çaganyň esasy hukugydygyny nygtaýar. 

Immunizasiýalaşdyrmagyň her ýylda geçirilýän Ýewropa hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak we immunizasiýalaşdyrmak maksatnamasy bilen gurşalyp alynmagy üçin tagallalaryny birleşdirýär.

Türkmenistan özara hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýardam bermeginde BSGG tarapyndan şahadatnama berlen immunobiologik serişdeleri yzygiderli satyn alyp, ilata mugt hökmany sanjym geçirilmegini gurady. Şeýlelikde, durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde türkmen döwleti drakunkulýozyň eliminasiýasy hakynda halkara şahadatnamasyna, çaga poliomielitiniň doly aradan aýrylandygy hakynda halkara şahadatnamasyna eýe boldy. Ýurdumyzda şeýle hem gyzdyrma doly ýok edildi we 2010-njy ýylda Türkmenistana degişli halkara şahadatnamasy gowşuryldy.

ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda şeýle hem maglumatlar işlenip taýýarlanylýar hem-de neşir edilýär, jemgyýetçilik çäreleri we duşuşyklar, lukmançylyk işgärleriniň we talyplaryň tehniki maslahatlaşmalary 
guralýar.  

4. Iýmitlenmek   

BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlyk ýyllary içinde uly taslamalaryň birnäçesi, şol sanda ýod-demir ýetmezçilikli keselleri azaltmak boýunça taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. 

Türkmenistanda 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, eýeçiligiň hemme görnüşli kärhanalary tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän iň ýokary hem-de birinji hilli bugdaý ununy foliýe turşylygy hem-de demir bilen baýlaşdyrmak doly ýola goýuldy.   

Türkmenistan GDA hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde ilkinji we dünýäde dördünji bolup, umumy kabul edilen halkara ülňülerine laýyklykda duzy köptaraply ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde hem ählumumy ykrarnama eýe boldy.    

5. Kanunçylyk

Ýurdumyz adam hukuklary boýunça esasy konwensiýalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.

Türkmenistan çaganyň hukuklary ulgamynda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalaryna,  şol sanda çagalaryň ömrüni, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna hem-de çagalaryň hukuklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasyna goşuldy. “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Kodeksiň, kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda ýurdumyzda çaga dünýä inende, ony ösdürip ulaltmak boýunça, maýyplyk, şol sanda çagalykdan maýyplyk we beýlekiler boýunça berilýän kömek pullarynyň möçberleri ençeme esse köpeldildi. Ilatyň has ejiz gatlaklaryny, şol sanda beden taýdan mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamaga türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerini hem-de ýörelgelerini nazarda tutup, döwletimizde aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Munuň özi hukuk kepillikleriniň, maksada gönükdirilen ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.

Ýuwenal adylýetiň yzygiderli kämilleşdirilmegi, hereket edýän milli kanunçylyga adam hukuklary boýunça, şol sanda çagalaryň hukuklary babatda umumy ykrar edilen halkara şertnamalarynyň hem-de konwensiýalarynyň iş ýüzünde implementasiýalaşdyrylmagy Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar.

Bu umumy işiň baş maksady ýaş nesilleriň abadançylygyny üpjün etmekden, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
Ýuwinal adylýeti çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýa hem-de hereket edýän dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, şeýle hem çagalaryň hukuklarynyň goralmagyny pugtalandyrmak maksady bilen, kanunyň hemme zatdan ileri tutulmagy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny nazarda tutup, soňky ýyllarda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adalatlylyk ulgamyny özgertmek we has-da ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 

2009-njy ýylda ÝUNISEF Türkmenistan tarapyndan ulular bilen bolşy ýaly, çagalar babatda hem   ynsanperwer adalatlylygy göz öňünde tutýan täze Jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň kabul edilmegini oňlady. 

Häzir Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen özara hereket etmek bilen, çagalaryň jenaýatçylygynyň öňüni almak we olary mümkin bolan iň az möhletlere çenli azatlykdan mahrum etmek maksady bilen, çagalaryň hukuklary we abadançylygy babatda milli kanunçylygy özgertmek boýunça işleri dowam edýärler. Yzygiderli esasda dünýäniň ösen döwletleriniň döwrebap konsepsiýalaryny, ülňülerini hem-de ýuwenal adylýet ulgamynyň ýagdaýlaryny öwretmek boýunça geňeşme duşuşyklary we çäreler, çaga adylýetliligi babatda halkara ülňüleri boýunça okuw maslahatlary geçirilýär. Bu çäreler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça gözegçiler hem-de ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri üçin ýörite guralýar.    

6. Bilim we sport 

Biziň döwletimiz çagalaryň we ýaşlaryň amatly ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi we medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

Şu maksatlar bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we oba jümmüşinde — “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamanyň” çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap okuw-bilim toplumlary, sport, medeni-aň we döredijilik merkezleri guruldy we bina edilýär. Olar bilim bermegiň täze tehnologiýalary, innowasion multimediýa we interaktiw ulgamlar, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilýär.

Orta mekdep okuwynyň eýýäm ilkinji ýylyndan başlap,  çagalar öz elektron kömekçileri — netbuklar bilen işlemegiň  inçe syrlaryny özleşdirýärler. Olary  ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň hemmesi her ýyl milli Liderimizden sowgat alýarlar.

Türkmen döwleti çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, olaryň mekdebe çenli terbiýesine hem-de ösüp gelýän nesliň bilim almagyna örän uly üns berýär. Munuň şeýledigine üstünlikli amala aşyrylýan “Çaganyň irki ösüşi hem-de ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011—2015-nji ýyllar üçin milli maksatnama” aýdyň şaýatlyk edýär.  Bu maksatnama Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝUNISEF-iň biziň ýurdumyzdaky Wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde işlenip taýýarlandy.

“Çagalara mähirli garaýan mekdepler” (ÇMGM) diýen halkara başlangyjynyň okuw-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy hem bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan innowasion bilim konsepsiýasynyň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan “ÇMGM” boýunça sertifikasiýa bukjasynyň işlenip taýýarlanmagy şol işleriň esasy netijesine öwrüldi. Ol onuň esasy ölçeglerini, şol sanda bilim bermegiň netijeliligini, mugallymlaryň, ata-eneleriň hem-de jemgyýetiň okuwçylaryň durmuşyna işjeň we bilelikde gatnaşmagyny öz içine alýar. Olar hökmany suratda mähirli garaýşyň üns merkezinde bolmalydyr. Türkmenistanda “Çagalara mähirli garaýan mekdepler” diýen halkara güwänamasyna umumybilim berýän edaralaryň  eýýäm onlarçasy eýe boldy.

Türkmen döwletiniň tejribesiniň görkezişi ýaly, şol maksatnamalaýyn hereketleri amala aşyrmakda has uly netije durmuş syýasatyny utgaşdyrmakda gazanylýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek şol hereketleriň möhüm ugry bolup durýar.  Bularyň hemmesi saglygy uly baýlyk hasaplaýan jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir.

Sport sagaldyş hereketi hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze tarapdarlaryny öz hataryna  işjeň çekýär. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşlerinde uly üstünlikleri gazanýan, şol sanda  gyşky olimpiýa oýunlaryny — figuralaýyn typmak we hokkeý ýaly görnüşleri üstünlikli özleşdirýän ýaş türgenler hem bar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze döwrebap sport merkezleriniň giň gerimli gurluşygynyň depginleri ýokarlanýar, olaryň hatarynda bolsa 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigi öz hormatly ornuny eýelär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝUNISEF bilen bilelikde amala aşyrylýan, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine gönükdirilen giň gerimli çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda örän batyrgaý arzuwlaryň amala aşýandygyny, beden we ruhy taýdan baý ýaş nesliň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär. Bu nesil öz berkarar, Garaşsyz Watanynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşmalydyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder