Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 10-njy maslahaty geçirildi. Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen duşuşyga Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de 2015-2016-njy ýyllarda bu düzümde başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Ýapon tarapy şu çäkde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyjy 2004-nji ýylda resmi taýdan beýan etdi. Özüniň döredileni bäri bu forum sebit üçin möhüm bolan syýasy we ykdysady meseleleri, şeýle hem howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmen tarapynyň wekilleri halkara derejeli maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, şu forumyň Türkmenistan üçin şanly wakanyň — dünýä bileleşigi tarapyndan onuň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini bellediler. Şol geçen döwürde türkmen döwleti Bitaraplygyň ýurdumyzyň halkara giňişligindäki oňyn hem-de parahatçylyk döredijilik ornunyň artmagyna ýardam edýändigini subut etdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan daşary syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýa, Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge möhüm orun berýär.
Bütin dünýäde, hususan-da, şu sebitde goşulyşmak ýagdaýynyň çuňlaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşygynyň möhüm orny nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan bellemegine görä, ol bilelikdäki iş üçin netijeli binýat bolup hyzmat edýär. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda türkmen Lideri şu görnüşde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Çykyş edenler “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň hereket edýän döwründen bäri dünýäniň häzirki ösüşiniň wajyp meseleleri boýunça dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözlemekde bilelikde hereket etmegiň baý tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we beýleki wajyp ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmekde öňegidişlikler duýulýar.
Şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Bu ugurlar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň öňki duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň başlygy bolmak bilen, forumyň gün tertibine Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly meseläni girizmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz üçin hem, Merkezi Aziýanyň açyk deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriniň ählisi üçin hem bu başlangyjyň ähmiýeti nygtaldy. Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň çäginiň üstünden Ýewropa tarap alternatiw guryýer ýollaryna eýe bolmak mümkinçiligini döretmek babatda bu ulgamda taslamalary durmuşa geçirmek Ýaponiýa üçin uly gyzyklanma döredýär. Çykyş edenler bular barada aýdyp, şu ulgamda hyzmatdaşlygyň sebit söwdasyny hem-de maýa goýumlaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge anyk goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň sebit hem-de yklym möçberinde ulag-üstaşyr düzümi ösdürmäge özüniň çemeleşmelerini kemala getirip, soňky ýyllarda möhüm halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň birnäçesi bilen çykyş edendigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe süren, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de öňden barlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Ulag kommunikasiýalarynyň köp şahaly düzümini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyna we şeýlelikde, parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, durmuş-ykdysady ösüşe ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň bu ulgamda öňe sürýän oňyn teklipleriniň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny bellemelidiris. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ähmiýetli resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen hem-de ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmeleriň kemala getirilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat jarnamasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. BMG-ä agza ýurtlaryň 66-sy Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi.
Türkmen tarapynyň teklibi ýokary wezipeli wekilleriň maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy. Bellenilişi ýaly, bu başlangyç Aziýada we Ýewropada aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda häzirki wagtda Ýaponiýanyň öňe sürýän pikirlerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapynyň özüniň baý tejribesini we tehnologiýalaryny ulanyp, bu ulgamdaky taslamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. Çykyş edenler bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde türkmen we ýapon hünärmenleriniň Aşgabady Türkmenbaşy şäheri bilen birleşdirjek ýokary tizlikli demir ýoly döretmek baradaky meseläni öwrenmek meselesi bilen içgin meşgullanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, geljekde şeýle demir ýoluň gündogar ugurda gurulmagynyň mümkinçiligine garamak göz öňünde tutulýar.
Oba hojalyk ulgamynda gatnaşyk etmek Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň ähmiýeti bellenildi. Oňa laýyklykda, iň täze tehnologiýalary ulanmak hem-de ýapon kompaniýalaryny çekmek arkaly bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Sebitde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselesi bolup durýar. Duşuşykda Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine ýardam etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Ýygnananlar ýapon maýa goýumlaryny foruma gatnaşýan döwletleriň milli ykdysadyýetlerine çekmegi hem-de bilelikdäki täze taslamalary hem-de maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde howanyň üýtgemegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine hem garaldy. Türkmen tarapynyň wekilleri milli Liderimiziň şu meseleler boýunça beýan eden tekliplerine ýygnananlaryň ünsüni çekdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň howplaryny azaltmak boýunça tagallalaryň geljekki meýilnamalarda hem-de durnukly ösüş maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygynyň, ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga daýanmalydygynyň tarapdary bolup durýar.
Hususan-da, gürrüň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjy barada barýar. Sebit merkeziniň esasy wezipeleri tehniki hem-de tehnologiki hyzmatdaşlygy höweslendirmekden, howanyň düýpli üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan ýaramaz hadysalara garşy durmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam bermegiň maksatnamasyny işläp düzmekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Sebitde tebigy betbagtçylyklaryň howplarynyň öňüni almak we azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak hem Merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aşgabatda zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardygy bellenildi.
Maslahatyň barşynda ýokary wezipeli wekilleriň nobatdaky maslahatyna hem-de foruma gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesinde 2016-njy ýylda Aşgabatda geçiriljek altynjy maslahata taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meselä hem garaldy.
Ýygnananlar forumyň jemini jemläp, şu duşuşygyň “Merkezi Aziýa+ Ýaponiýa” gatnaşygyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler. Maslahatyň ahyrynda ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen amatly şertler üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder