24 Kasım 2015 Salı

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahatyndan

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky bäşinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty boldy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. 

Mejlisiň maslahatynyň işine gatnaşmak üçin hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy, maslahatyň barşynda onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça “Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna we “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasy hakyndaky” meselelere garaldy. Milli parlamentiň ähli komitetlerinde täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşmalary geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy ýörelgeleri we çemeleşmeleri, onuň girdeji bölegini kemala getirmegiň aýratynlyklary, geljek ýyl üçin göz öňünde tutulýan ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň görkezijileri häsiýetlendirildi. Bellenilişi ýaly, bu maliýe-hukuk resminamasy taýýarlanylanda ähli pudaklar boýunça seljeriş işleri geçirldi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetiň mejlislerinde aýdan bellikleri we anyk maslahatlary göz öňünde tutuldy. 

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýurdumyzy durmuş -ykdysady taýdan ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri çözmekde möhüm gural bolup durýandygyny çykyş edenler nygtadylar. Öňki ýyllarda hem bolşy ýaly, Döwlet býujeti ilkinji nobatda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlarda innowasiýa tehnologiýalaryny, ylmyň we tuhnikanyň iň ýokary gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we tutuşlygyna türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 478,5 million manada, çykdajy bölegi bolsa 104 878,5 million manada deň bolar. Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan özgertmeler maksatnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işleri netijesinde kemala getiriler. 

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegini öňki ýyllarda bolşy ýaly, nebitgaz, himiýa, elektrik energetika pudagy, düýpli gurluşyk ulgamy we beýleki pudaklar üpjün eder. Köp babatda ösüş mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürilmeginiň hasabyna obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamlary, dokma we azyk senagaty pudaklarynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk böleginiň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrylmagynyň hasabyna girdeji bölegini artdyrmak meýilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň ep-esli möçberi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Munuň özi esasy maliýe resminamasynyň däp boýunça durmuş ugurlydygyny we hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryna laýyklykda ilatyň abadançylygynyň ösüşini üpjün etmäge ýardam berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Uly möçberli maýa goýumlaryny giň gerimli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça, şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, dumuş medeni maksatly maksatly möhüm desgalaryň, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirmek göz öňünde tutulýar. 

“Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Deputatlar şeýle hem “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny biragyzdan kabul etdiler. 

Soňra “Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda eýeçiligiň görnüşleri, ýurdumyzda eýeçilik gatnaşyklarynyň hukuk we ykdysady esaslary kesgitlenilýär. 

Deputatlar bu kanunçylyk taslamasynyň eýeçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, emlägiň eýesi tarapyndan emläge eýeçilik hukugyny, ondan peýdalanmak hukugyny goramagy üpjün etmäge gönükdirilendigini bellediler. 

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen bu möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namasynda Türkmenistanda hususy we döwlet eýeçiliginiň, bilelikdäki kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň ykrar edilýändigi we kanuny taýdan berkidilýändigi, şeýle hem eýeçiligiň eldegrilmesizligi, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň derejede goralmagynyň we deň şertlerde ösdürilmeginiň kepillendirilýändigi beýan edilýär. 

Mejlisiň garamagyna hödürlenilen hukuk resminamalarynyň hatarynda “Kosmos işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem bar. Deputatlaryň belleýişleri ýaly, 2015-nji ýyl Watanymyzyň taryhy senenamasyna aýdyň sahypa bolup girer: ilkinji türkmen emeli aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine uçuryldy. Bu ägirt uly waka Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. 

Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň, hususan-da, kosmos tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlarynyň innowasiýa esasynda ösdürilmeginde hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar, daşky gurşawy goramak, önümçiligi dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmäge ýardam eder. 

Milli kosmos hemrasynyň älem giňişligine goýberilmegine ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden durnukly energetika howpsuzlygy, ulag we aragatnaşyk, ekologiýa, ýaragsyzlanmak ýaly ulgamlarda beýan edilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak nukdaýnazaryndan garamak gerekdir. Häzirki wagtda älemde bilelikdäki halkara işler dünýä boýunça energetika serişdeleriniň ugradylyşyna, ulag- aragatnaşyk ulgamlaryna syny we gözegçiligi has netijeli amala aşyrmaga, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklaryň öňüni almaga hem-de zyýansyzlandyrmaga, ägirt uly çäklerde ekologiýa goraglylygynyň derejesine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan “açyk gapylar” syýasaty ýurdumyza dünýäniň iri kompaniýalary, şol sanda kosmos barlaglaryny we işläp taýýarlamalaryny alyp barýan kompaniýalar bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy üpjün etdi. Ýurduň içindäki durnuklylyk, döwrebap maýa goýum kanunçylygy, ýurdumyzyň halkara abraýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki orny Türkmenistanyň dünýäniň iri döwletleri hem-de ykdysady we maliýe düzümleri, ylym we bilim edaralary bilen ýakyn we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. 

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän we bu işleri amala aşyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýan bu Kanunyň möhüm ähmiýeti bardyr. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda şeýle hem “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasyna garaldy. Bu kanunçylyk resminamasy prokuratura edaralarynyň işini, olaryň ygtyýarlylygyny kadalaşdyrmaga, olaryň işlerini döretmegiň we amala aşyrmagyň tertibini kesgitlemäge, şeýle hem kanunçylygy we hukuk tertibini, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, olaryň abraýyny hem-de mertebesini goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Deputatlaryň garamagyna “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Taslama boýunça çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atşynaslyk sungatyny gorap saklamaga we döredijilikli ösdürmäge, “behişdi” bedewleriň – türkmen halkynyň milli buýsanjynyň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça işlere örän içgin üns berýändigini bellenildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň düzümini ösdürmek boýunça, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini wagyz etmekde görlüp-eşidilmedik çäreler amala aşyrylýar. 

Olaryň hatarynda Ahalteke atçylygynyň halkara assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde häzirki zaman aýlawlarynyň we iri atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagyny, abraýly umumymilli bäsleşikleriň geçirilmegini görkezmek bolar. Geçirilýän çäreleriň netijesinde ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şöhraty has belende galýar, dünýäniň dürli künjeklerinde oňa sarpa goýýanlaryň sany artýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly ösüşiniň alamatyna öwrüldi. Türkmenistan özüni atşynaslygyň iri halkara merkezine öwrülen ýurt hökmünde görkezýär, Diýarymyz adamzada ajaýyp ahalteke bedewini peşgeş berdi we dünýä medeniýetiniň bahasyz gymmatlyly bolan bedewleri geljekki nesiller üçin aýawly saklaýar. 

Şu gezekki maslahatyň gün tertibine girizilen täze kanun atşynaslygy, atçylyk sportuny ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda arassa ganly tohum atlarynyň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem bedewleri ösdürip ýetişdirmekde, köpeltmekde we olary peýdalanmakda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Bu hukuk namasynyň kabul edilmegi milli atçylyk pudagynyň – tohumlyk we sport atçylygynyň halkara atşynaslyk ulgamyna goşulyşmagy hem-de ýer ýüzünde bäsdeşlige ukybanyň ýokarlandyrylmagy bilen şertlendirilýär. Türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň köp sanly nesilleriniň asyrlaryň dowamynda toplan gymmatly tejribeleri häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda uly islege eýe bolýar, ol gadymy atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki zaman, innowasiýa esaslarynda ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat hökmünde hyzmat edýär. 

Deputatlaryň ara alyp maslahatlaşan hukuk resminamalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar. 

Maslahatyň jemleri boýunça Mejlisiň deputatlary täze kanunçylyk taslamalaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler hem-de bu örän möhüm hukuknamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegine ýardam etjekdigini bellediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder