Şu hoş habar Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden gelip gowuşdy, şol ýerde abraýly hökümetara guramanyň 24-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Bu waka umumy dünýä ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň oňyn syýasatynyň giň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Oňyn bitaraplyk, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň işjeň orny, onuň uly ykdysady kuwwaty bilen berkidilen bu syýasat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilip, biziň ýurdumyza uly abraý getirdi.
1947-nji ýylda esaslandyrylan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň sebit komissiýalarynyň bäşisiniň biri bolmak bilen Ýewropa we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda ykdysady işjeňligi ösdürmegi we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegi ugur edinýär. BMG-niň ÝYK agza ýurtlaryň arasynda hereketleri sazlamak we pikir alyşmalary ýeňilleşdirmek maksady bilen konwensiýalary, kadalary hem-de standartlary işläp taýýarlamak üçin sebit forumy bolup hyzmat edýär. Komissiýa bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen sarp edijilere howpsuzlyk we hil kepilliklerini üpjün edýär, daşky gurşawyň goralmagyna, söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem sebitiň döwletleriniň jebisleşmegine hem-de olaryň dünýä ykdysadyýetine has doly goşulmagyna ýardam edýär.
Komitetiň esasy maksady häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan ählumumy durnukly energetika ulgamyny döretmek, gymmat bolmadyk we ygtybarly energiýa serişdelerini hemmelere elýeterli etmek hem-de tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.
Işine komitetiň agza döwletleriniň, halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň, şeýle hem nebitgaz we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda işleýän kompaniýalarynyň wekiliýetleri gatnaşan mejlisiň gün tertibi ady agzalan ugurlar boýunça energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Hususan-da, Komitetiň kömekçi edaralarynyň – Tebigy gaz boýunça bilermenler toparynyň, Tebigy serişdeleriniň gorlary boýunça bilermenler toparynyň, Gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek boýunça bilermenler toparynyň ýerine ýetirýän işleri we geçirýän çäreleri baradaky maglumatlary pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hereket ediş çygrynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulgamyny ösdürmek we giňden ýaýratmak mowzugy boýunça “tegelek stol” görnüşindäki maslahatlaşmalar geçirildi, şeýle hem Komitetiň amala aşyrmaly işleriniň 2016-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasyna garaldy.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, dünýä energetikasyny ösdürmek hem-de degişlilikde bu strategik taýdan möhüm ugurda taslamalary amala aşyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek meseleleri energiýa serişdeleriniň halkara ibermeleriniň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek meselesi bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň täze dünýä arhitekturasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Ol häzir döwletleriň durnukly ösmeginiň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýa şol başlangyçlaryň zerurdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu resminamanyň möhümligi onuň energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyk üçin esaslary döretmäge ýardam edýändiginde jemlenýär. Şol hyzmatdaşlyk energiýa serişdelerini öndürýän, ugradýan hem-de sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini nazara alýar.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň umumy düzgünlere laýyklykda dünýäniň energetika giňişliginde işleri hakynda täze halkara – hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Bu resminamany taýýarlamak üçin halkara bilermenler topary döredildi.
Türkmenistan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça öz ugruny kemala getirmek bilen, köpugurly turbageçirijileriň köp şahaly ulgamyny döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň iberilmegini üpjün etmäge ukyply geçiriji düzümi diwersifikasiýalaşdyrmagy strategik ugur hökmünde kesgitledi. Bu strategiýanyň amala aşyrylmagy gyzyklanma bildirýän ähli taraplar – döwletler, şeýle hem halkara guramalary, hususan-da, 2017-nji ýylda biziň ýurdumyzyň başlyklyk etjek Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen Türkmenistanyň nukdaýnazary biziň döwletimiziň energetika syýasatynda öz beýanyny tapýar. Ol ýakyn onýyllyklar üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny takyk kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmak ýolunda anyk ädimlerini göz öňünde tutýar.
Türkmenistan energetika ulgamynda däbe öwrülen strategik gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta-Gündogar ugurlarda göni energo gatnaşyklaryny ep-esli giňeldip, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara taslamalarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli turbageçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijiniň ikinji şahasynyň gurulmagy şol gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar. Ady agzalan desgalaryň işe girizilmegi Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiň döremegini alamatlandyrdy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry bolup durýar. Şu ýylyň dekabrynda onuň gurluşygyna badalga berler.
Geçiriljek ugrunda düzüm desgalarynyň ýüzlerçesi guruljak TOPH-nyň çekilmegi halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly goşant, durnuklaşdyryjy şert bolar diýip ynamly aýtmak bolar. Ol umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirip, Aziýa yklymynda syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşmaça durnuklylygy çaýar.
Ýangyç-energetika ulgamynyň Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hil taýdan täze gatnaşyklaryň kemala gelýän binýady bolup durýandygy kanunalaýyklykdyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli erk-isleg, açyklyk we birek-birege hormat goýmak, özara ykdysady bähbitlilik ýörelgelerine esaslanandyr. Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine artýan islegi olaryň energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hem-de dünýäniň energetika bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny şertlendirýär.
Türkmenistan senagatlaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, ýangyç-energetika toplumyna girýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Giň gerimli maksatnamalar nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijileriniň isleg bildirýän önümlerini çykarýan, öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda işleýän döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak işlerini göz öňünde tutýar.
Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion taýdan ösdürmek üçin elektroenergetika möhüm orun eýeleýär. Häzir bu pudak elektrik energiýasyny iberiji hökmünde hem okgunly ösýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň we beýleki düzüm desgalarynyň gurulmagy netijesinde türkmen elektrik energiýasy daşary ýurtlara ugradylýar. Türkmenistan öz energetika strategiýasyny amala aşyrmagy bilen baglylykda geljekde eksport ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň serişdeler binýadynyň, tebigy şertleriniň bolmagy elektrik energiýasyny öndürmegiň alternatiw, ekologiýa taýdan arassa usullaryny ornaşdyrmak, has takygy, gün we ýel energetikasyny ösdürmek üçin ygtybarly esas döredýär.
Şunda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistan üçin esasy mesele bolup galýar. Bu babatda anyk teklipler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş meseleleri boýunça Sammitde beýan edildi. Bu duşuşyk şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda (ABŞ) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň ählumumy forumynda çykyş edip nygtaýşy ýaly, durnukly ösüş bilen bagly bolan wezipeler ykdysady, durmuş we ekologik düzüm bölekleriniň üçüsiniň nazara alynmagy bilen halkara bileleşigi bilen toplumlaýyn çözülmelidir.
Gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa üpjünçiligine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, ykdysady ösüşe we doly iş üpjünçiligine ýardam etmek, çeýe düzümi döretmek, senagatlaşdyrmagy goldamak hem-de innowasiýalary höweslendirmek önümçiligiň we sarp etmegiň durnukly nusgalaryny döretmäge, ýurtlaryň içinde we arasynda deňsizligi kemeltmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi howanyň we ekologiýanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmezden mümkin däldir diýip, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini ýatlatdy. Biziň ýurdumyz bu pikire ygrarly bolmak bilen, 2016-njy ýylda BMGÖM bilen bilelikde şeýle merkezi Aşgabatda döretmek babatda çäreleri görmäge taýýardyr.
Türkmenistan adamzadyň geljekki ykbaly bilen bagly bolan möhüm meseleleri çözmäge goşant goşmaga taýýardygyny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitlerde peýdalanmagy, global maksatlara garaýşyny hem-de olary gazanmakda öz mümkinçiliklerini hem teklip edýär.
Bu işler ýurdumyzda alnyp barylýan, şol sanda 2012-nji ýylda tassyklanan we önümçilik işleri bilen meşgullanýan ähli esasy ugurlaryň ekologik howpsuzlyk ölçeglerine tapgyrlaýyn geçmegini göz öňünde tutýan türkmen döwletiniň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň dowamy bolup durýar. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, ýurduň durmuş üpjünçilik ulgamynyň binýatlyk bölegi hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu dünýäniň esasy nebitgaz döwletleriniň biri, uglewodorod çig malyny öndürýän hem-de halkara derejesinde ugradýan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem degişli bolup durýar.
Şunuň ýaly jogapkärli çemeleşme ekologiýa ugry esasy bolup çykyş edýän
energiýa howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny işläp düzmegiň zerurlygynda ýurdumyzyň eýeleýän ýörelgesini şertlendirilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” (Braziliýa, 2012 ý.) maslahatynda beýan edip, täze guraly--Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika gatnaşyklaryny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.
Biziň umumy wezipämiz ekologiýa sazlaşygyny saklamagyň zerurlygy bilen aýdyň ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýlaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Şu babatda Türkmenistan beýleki döwletler we halkara düzümleri bilen, şol sanda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, ekologiýa töwekgelçiliklerini has azaltmak, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny tapmakda hemişe işjeňlik görkezdi. Ýurdumyzda häzir uglewodorod çig malyny çykarmagyň usullarynyň iň ýokary ekologiýa ülňülerine laýyk gelýändigini, degişli kadalaýyn-hukuk binýadyny döredilendigini bellemek zerur.
Milli çäklerden has daşary çykýan wajyp meseleleriň arasynda Hazar sebitiniň uglewodorod gazyp almagyň hem-de üstaşyr ugratmagyň dünýäde iri merkezleriň birine okgunly öwrülýändigini nazarda tutup, Hazar deňziniň bioköpdürlüligini we ekologiýa deňagramlylygyny saklamak meselesi bar.
Ösüş meseleleri boýunça Sammitde kabul edilen täze gün tertibi — 2030-yň 17 maksatlarynyň arasynda tebigaty goramak işi bilen gönüden-göni baglanyşykly şu aşakdaky maksatlar bar. Olar howanyň üýtgemegine hem-de onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini gorap saklamak hem-de aýawly peýdalanmak, gury ýeriň ekoulgamyny gaýtadan dikeltmek, tokaýlary aýawly peýdalanmak, çölleşmäge, ýerleriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek hem-de bioköpdürlüligiň ýitmegini saklamak maksatlarydyr.
Şu babatda ählumumy elýeterliligiň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, umuman, yzygiderli, toplumlaýyn ykdysady ösüş meselelerine garamak gerek.
Türkmenistan BMG-niň esasy tebigaty goramak konwensiýalaryna goşulyp öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ählisine yzygiderli eýerýär. Ýurtda howa düşýän bug gazlarynyň hasaby alnyp barylýar, howanyň üýtgemegi hasaba alynýar, beýleki barlaglar geçirilýär. Şeýle hem daşky gurşawa ýaramaz tehnogen täsirleriniň azalmagyna ýurduň ylmy-innowasion kuwwatynyň artmagy, ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk senagatynyň, himiýa senagatynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalarynyň giňden döwrebaplaşdyrylmagy hem ýardam edýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna häzirki saýlanmagy hem döwrüň ählumumy meseleleri çözmek babatda strategik başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegi üçin täze itergi berer. Şol bir wagtda-da BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da artdyrmak, gürrüňsiz suratda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlyk we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýan Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine-de ýardam berer.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder