2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Malik bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman Pakistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlik gazanan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigi nygtady. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili tutuş dünýäde bolşy ýaly, Pakistanda hem türkmen döwleti tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasata ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu turbageçirijiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam etjekdigine hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki döwletiň migrasiýa babatynda gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, taraplar iki dostlukly ýurduň raýatlaryna wizalary resmileşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berdiler.
Taraplar hoşlaşanlarynda, iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine doly gabat gelýän hyzmatdaşlygyň, şol sanda migrasiýa babatynda dostlukly gatnaşyklaryň geljekde has-da berkidiljekdigine berk ynam bildirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder