29 Kasım 2015 Pazar

“Mary-Türki Dünýäsiniň Medeni Paýtagty” Ýylynyň Netijeleri Jemlendi

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Mary bu hormatly derejäni Kazan şäherinden (RF-nyň Tatarystan Respublikasy) kabul etdi. 27-nji ýanwarda Ruhyýet köşgünde “Mary--2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly Ýylyň açylyş dabarasy boldy we şähere berlen hormatly derejä laýyklykda meýilleşdirilen çärelere badalga berildi. Şu gün Mary şäheri geçirilen giň gerimli işleriň netijelerini jemleýär.

“Türki dünýäniň medeni paýtagty” taslamasy türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açmaga, olaryň mirasyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Ol türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde her ýyl döredijilik serişdeleriniň bir ýere jemlenmegini, onuň esasynda medeni we ynsanperwer çäreleriň baý we köpdürli öwüşgininiň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şol çäreler bolsa taryhy döwürlerden gözbaş alýan hem-de  türki dilli döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda dowam edýän ruhy gatnaşyklara esaslanandyr.

Mary şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanyp alynmagy möhüm ýagdaýlaryň birnäçesi bilen şertlendirilendir. Mälim bolşy ýaly, Mary ýaýlasy—dünýä sungatyň, gurluşygyň, onlarça senetleriň beýik nusgalaryny pesgeş beren siwilizasiýanyň gadymy ojagydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw özboluşly medeniýetleriň merkezi hökmünde kemala geldi. Bu gadymy toprakda iri kerwensaraýlar, bazarlar, köp adamly çaýhanalar, metjitler we öz döwründe jemgyýetiň garaýşyny we düşünjesini kemala getirmäge uly täsirini ýetiren  medreseler ýerleşipdir.Orta asyrlarda Merw öz baý kitaphanalary bilen tanalyp, olar ylmyň täsirli merkezleri bolupdyr we adamzadyň ylym biliminiň genji-hazynasyna mynasyp goşandyny goşupdyr.

Häzirki Mary şäheri Merwde köp wagt gaýnap joşan gadymy siwilizasiýalaryň taryhy mirasynyň doly derejeli eýesidir. Asyrlar geçse-de türkmen halkynyň beýik medeni mirasy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň täze nesilleri tarapyndan aýawly saklanýar. 

Türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň hormatly derejesi  şähere öz taryhy-medeni baýlygyny  açyp görkezmäge, Türkmenistanyň gözelliklerini halkara derejesinde tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri berdi.

Geçen ýyl bu ýerde tanymal alymlaryň, taryhçylaryň, aheologlaryň, muzeý işgärleriniň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli  halkara çäreleri geçirildi. 

Şähere hormatly derejäniň berilmegine bagyşlanan dabaradan soň Ruhyýet köşgünde baýramçylyk konserti bolup, onda türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Soňra Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Şekillendiriş, bezeg-amaly we foto sungat eserleriniň halkara sergisi geçirildi.

Ýylyň çäreleriniň hatarynda  maý aýynda guralan “Gadymy Merw-türki dünýäniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat bolup, ol türki dilli ýurtlaryň edebiýatçylaryny, medeniýetini, sungatyny öwrenijileri, taryhçylary, binagärleri we arheologlary birleşdirdi hem-de Türkmenistanyň taryh ylmyny ösdürmekde hem-de halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şol bir wagtda bu ýerde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti guralyp, onuň maksatnamasyna türk şahyry Ýunus Emräniň eserlerine döredilen aýdym-sazlar girdi.  

Ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine Mary we Türkmenabat şäherinde iýunda geçirilen türki dünýäsiniň sungat ussatlarynyň—opera artistleriniň konsertleri gabatlandy.

Türki dilli ýurtlaryň medeniýet işgärleri, redaksion birleşikleriň žurnalistleri we işgärleri bolsa sentýabr aýynda “tegelek stoluň” başynda duşuşdylar. Ol “Kitap-hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol” atly X Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Oktýabr aýynda Mary şäherinde Türki dilli döwletleriň  medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň sahna ussatlarynyň
IV maslahatynyň barşynda türki halklaryň teatr sungatynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri we geljegi, milli dilleri we medeniýetleri goramakda, taryhy-medeni mirasy täze nesillere ýetirmekde eýeleýän orny   ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem doganlyk halklaryň teatr sungatynyň köp dürli öwüşgini bilen tanyşdyryldy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Sabir Amutbaýew adyndaky Menzeli Tatar döwlet drama teatrynyň,  Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň döwlet teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Nurmuhan Janturin adyndaky sazly-drama teatrynyň  hem-de teatr sungaty maslahatynyň sahna eýeleriniň--Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň spektakllary gökezildi. 

Türkmen paýtagtynda noýabr aýynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde “Türki halklaryň medeni mirasy” diýen mowzuk bilen döredijilik duşuşygy guraldy.

Maryda ýylyň jemleýji “Mary-türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly çäresi, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen geçdi. Bu konsert parahatçylyk dörediji türkmen halkynyň myhmansöýerligini, milli medeniýetiň iň gowy däpleriniň dowam edilýändigini alamatlandyrýan täsin bina bolan “Türkmeniň ak öýünde” geçirildi.  

Şu gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Ýylyň ýapylyş dabarasynyň barşynda şular hem-de beýleki döredijilik çäreleri barada jikme-jik hasabat berildi. Dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň /TÜRKSOÝ/, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar, şeýle hem jemleýji çäreleri geçirmek üçin Mary şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinowyň nygtaýşy ýaly, “Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary” taslamasynyň çäklerinde hormatly nobaty kabul edip, gadymy türkmen şäheri Mary bu hormatly hem-de jogapkärli wezipä abraý bilen hötde geldi. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmäge berýän aýratyn ünsi,  myhmansöýerlik, geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylygy, gumanitar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolan halklaryň arasynda döredijilik alyş-çalyşmalaryna döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hoşallyk bildirdi.

Dabarada çykyş edenler häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň oňyn ornuny aýratyn nygtadylar. Şol özgertmeler türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň öwrenilmegine, onuň maddy we ruhy mirasynyň saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine ýardam edýär. 

Teatr sahnasynda Türkmenistanyň Gahrymany şahyr Gözel Şagulyýewanyň özüniň ýerine ýetirmeginde türkmen halkymyzyň berkarar döwletimiziň berkararlyk döwrüni dörediji bolan Arkadaga bagyşlanan şygyr ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlaryň ýüreginde uly täsir döreden şahyrana eser şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Çäräni guraýjylara hem-de oňa gatnaşyjylaryň birnäçesine TÜRKSOÝ-yň minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek barada ýadawsyz aladasy, ýurtda döredijilik işi bilen hemmetaraplaýyn meşgullanmaga hem-de döwletara gumanitar hyzmatdaşlygyna örän amatly şertleriň döredilendigi, türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde Maryda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylykly bolmagyna ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. 

“Mary-türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2015” atly ýylyň jemleýji çäresine gatnaşyjylar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.  Ol çärä gatnaşyjylaryň türkmen paýtagtynyň hem-de Mary şäheriniň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp gözellikleri bilen tanyşlygyny öz içine aldy. Şu gün günüň ikinji ýarymynda myhmanlar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler hem-de onuň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem gadymy türkmen topragynyň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligine, bu bereketli ülkäniň täsin we gaýtalanmajak tebigatynyň gözelligine ýene-de bir gezek mynasyp baha berdiler.

Şöhratly taryhy hem-da baý medeni mirasy bolan Mary şäherinde onuň hormatly wezipäni—2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty wezipesini ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen çäreler, gürrüňsiz  
suratda, halkara hyzmatdaşlygyna, tejribe alyşmaga hem-de medeniýet işgärleriniň dostluk köprüsini pugtalandyrmaga täze itergi berip, dünýäniň halklarynyň özara düşünişmegine ýardam eder. 


Türkmen Türgenleriniň Pauerlifting Boýunça Bürünç Medaly

Türkmenistanyň ýygyny topary pauerlifting boýunça (agyrlygy arkan ýatan ýeriňden götermek) mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryş Wengriýanyň Eger şäherinde geçirildi. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde Daşoguzly türgen Roza Mätýakubowa tapawutlandy.

Ýaryşa dünýäniň 44 ýurdundan 230-a golaý türgen gatnaşdy. Ýewropanyň açyk çempionaty geljek ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek bütindünýä  paralimpiýa oýunlaryndan  öňünçä geçirilmeli iň soňky iri halkara ýaryşydyr. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparlar üçin bu bäsleşikler diňe sport babatda dälde eýsem, ýaryşa gatnaşyjylaryň ruhy we beden taplygy, berdaşlylygy we gujurlulygy babatda hem  jogapkärli synag boldy.  Türkmenistanyň ýygyndysy  bu toparlaýyn bäsleşikde oňat netije görkezdi. 

Roza Mätýakubowa 41 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Ol özüniň ilkinji synagynda 70 kilogram agyrlygyň hötdesinden gelmegi başardy. Bu bolsa onuň Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen sportuň bu görnüşi boýunça örän güýçli türgenleriň ençemesini yza galdyryp, baýrakly orny eýelemegini üpjün etdi.

Toparymyzyň düzüminde Maýagözel Ekäýewa hem oňat netije görkezdi. Ol 73 kilograma çenli agram derejesinde 100 kilogram agramy göterip,  dördünji  orna mynasyp boldy. 

Geçen ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýa paralimpiýa oýunlarynda kümüş medaly eýelän Sergeý Meladze hem iň güýçlüleriň bäşligine düşmegi başardy. Ol 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip 185 kilogram netije görkezdi. 

Şol paralimpiýa oýunlaryna gatnaşan beýleki bir  türkmenistanly türgen, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň wekili Mekan Agalykow 59 kilograma  çenli  agram derejesinde ýedinji orny eýeledi. Ol 158 kilogram agramy götermegi başardy. 

Balkan welaýatyndan bolan pauerliftingçi ussat Baýram Saparow çempionatyň iň güýçli on türgeniniň hataryna goşulmagy başardy. Ol 97 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 175 kilogram netije görkezdi hem-de dokuzynjy orny eýelemegi başardy. 

İndi boýunça milli ýygyndymyzyň erkekler we zenanlar düzümi bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna güýçli taýýarlyk görýärler. Bu jogapkärli ýaryşyň başlamagyna bir ýyla golaý wagt galdy.      

Biziň ýygyndy toparymyzyň pauerlifting boýunça Ýewropa çempionatynda gazanan oňat netijeleri Türkmenistanda sport bilen diňe sagdyn adamlaryň däl-de, eýsem,  jemgyýetiň doly derejeli agzalary bolup durýan beden taýdan mümkinçilikleri çäkli  adamlaryň hem meşgullanýandygyny aýdyň görkezdi.


Türkmenistanyň Howa Maglumaty 30.11.2015

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
30.11.2015
Aşgabat
+17… +19°
Türkmenbaşy
+11… +13°
Balkanabat
+13… +15°
Mary
+17… +19°
Türkmenabat
+12… +14°
Daşoguz
+7… +9°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Türkmenistan Suratlary 90

Türkmenistan Suratlary 90




http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1980

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar.  Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi, pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar.  Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 49 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 22 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 928  müň manatdan gowrak möçberde polipropileni (TNGIZT-yň önümi) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.


Aşgabatda Halkara Sergi Geçirildi

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Pudaklaýyn wekilçilikli iki günlik forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, paýtagtymyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, din we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny aýratyn üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz bu sergi-ýarmarkanyň we halkara maslahatynyň geçirilmegi eziz Diýarymyzyň oba hojalygyny, pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde, esasy baýlyklarymyzyň biri bolan pagtaçylyga degişli ylmy barlaglaryň gerimini has-da giňeltmekde hem-de bu ugurda halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamakda uly ähmiýete eye boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Forumyň işine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, esasan-da, pagtaçylyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň bölümleri hem-de Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Bangladeşden, Türkiýeden, Germaniýadan, Italiýadan, Hindistandan, Latwiýadan, Moldowadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýlekilerden daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň 80-sine wekilçilik edýän dünýäniň 27 ýurdundan hyzmatdaşlar gatnaşdylar.  

Asylly däbe görä, Aşgabatda geçirilýän pagta önümleriniň sergi-ýarmarkasy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni ýylsaýyn özüne çekýär,   halkara giňişliginde pagtaçylyk babatda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Wekilçilikli pudak forumyna gatnaşyjylaryň sany hem artýar, olaryň hatary täze geljegi uly hyzmatdaşlar, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri bilen dolýar.

Mysal üçin, 2014-nji ýylyň sergi-ýarmarkasynda daşary ýurtly myhmanlar  dünýäniň 23 ýurdundan kompaniýalaryň 55-sine wekilçilik etdiler, şu ýyl bolsa daşary ýurt kompaniýalarynyň sany (27 ýurtdan) birnäçe onlarça çenli artdy. Bu foruma gyzyklanmanyň şeýle ýokarlanmagy Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň kuwwatynyň artmagy, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň artmagy bilen şertlendirilendir.

2015-nji ýylyň sergi-ýarmarkasynyň bölümleriniň köpdürlüligi foruma gatnaşyjylara we myhmanlara taýýar önümleriň täze nusgalary, önümçiligiň ösen tehnologiýalary bilen tanyşmaga, tehniki we azyklyk ekinleriň sortlaryna, tohumlaryň we gaýtadan işlenen çig malyň hiline baha bermäge, dünýäniň köp ýurtlary üçin bu strategik taýdan möhüm pudakda gymmatly iş tejribesi bilen paýlaşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Her ýyl geçirilýän forum öz işine ýola goýlan asylly däbe görä Hasyl toýunyň öň ýanynda başlaýar. Şonda ýurdumyz edermen daýhanlarymyzyň, şol sanda şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren hem-de pagtanyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnan pagtaçylaryň gazanan üstünligine sylag ýapýar.

Sergi köşgüniň owadan bezelen zallaryndaky ünsüňi özüňe çekýän mazmunly  ekspozisiýalar ýurdumyzyň edara-kärhanalary—dokma, pagtany gaýtadan işleýän senagat, söwda, hojalyk jemgyýetleri, telekeçiler tarapyndan görkezildi. Sergi pawilonlarynyň hatarynda “Türkmenpagta” döwlet konserni, “Ak altyn” satyn alyş kärhanasy,Döwlet haryt-çig mal biržasy, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, gymmatly çig maly gaýtadan işleýän hem-de pagtadan önüm öndürýän kärhanalar bar.         

Milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly ähmiýetli pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümlerini görkezýän uly bölüm sergi-ýarmarkanyň köp sanly myhmanlarynda we oňa gatnaşyjylarda  gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň görkezen bölümlerinde oba hojalygynda sebitleriň gazanan ähmiýeti üstünlikleri,obasenagat toplumynyň önümleriniň giň görnüşleri, türkmen topragynyň bereketli hasyllary, azyk önümleri öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň ekspozisiýasy hem oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Telekeçiler et-süýt, çörek we çörek önümlerini, dokma hem-de önümleriň beýleki görnüşlerini görkezdiler.

Daşary ýurtly gatnaşýanlaryň arasynda diňe bir oba senagatynda däl, eýsem  himiýa, maşyngurluşyk, metalurgiýa senagatynda meşgul bolýan kompanýalar we kärhanalar, obasenagat toplumy bilen olary tehniki, çig mal taýdan üpjin etmekde hyzmatdaşlyk alyp barýanlar bar. Arasynda Türkmenistanyň köp ýyldan bäri hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtlylaryň   sergi bölümlerı  «Maschio Gaspardo» (Italiýa), «Project Trading Limited» (Turkiýe), «Claas» (Germaniýa), «Central Cotton Comp. LTD» (ABŞ), «ICT Cotton Limited" (Italiýa),  «Premier Cotton Spinning» (Bangladeş), «Lemken» (Germaniýa), «Valley» (ABŞ), «Ruchim S.R.L» (Moldowa), "Bayer" (Germaniýa) we beýleki kompanýalar önümleriniň giň görnüşlerini görkezdiler.

Sergi-ýarmarkasynyň barşynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda ýörite ugurly pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de obasenagat pudagynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlarynyň, oba hojalyk maşyngurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň, oba hojalykçy alymlaryň hem-de pudagyň esasy bilermenleriniň gatnaşmagynda  “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahat guraldy.  

Maslahat iki bölümçede öz işini dowam etdi. Olaryň ilkinjisi S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwerstitetiniň maslahatlaer zalynda, ikinjisi bolsa paýtagtymyzyň oba hojalyk toplumyň binasynyň maslahatlar zalynda guraldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň barha artýan mümkinçilikleri, olary has-da ösdürmegiň geljegi, pagta önümleriniň daşarky bazarlara ugradylyşyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň wekilleriniň çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de obany durmuş we ykdysady taýdan galkyndyrmagy üpjin etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň hemmetaraplaýyn ösüşi we barha artýan derejesi aýdyň beýan edildi. Maslahatyň çäklerinde oba hojalyk senagatyny netijeli ösdürmäge tarap ugur alan maliýa-ykdysady gurallar, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürjiler üçin döredilen ýeňillikli şertler, obany ýokary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň orny, pudakda häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ylmy maslahatyň çäklerine-de pagtanyň bereketli hasylyny almak üçin agrotehniki çäreler, pagtanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilişi hem-de dünýä bazarynda pagta önümleriniň söwdasy ýaly möhüm meseleler şöhlelendirildi. Pagtanyň tohumçylygy hem-de ony ylmy esasda ösdürip ýetişdirilmegiň usullary, pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirkizaman gazananlary we olary geljekde has-da ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň esaslarynda pagtany gaýtadan işlemek, dünýäniň pagta bazarlarynyň ýagdaýlary hem-de onda Türkmenistanyň pagta önümleriň ýerlenilmegi ýaly meseleler hem beýan edildi. Şu babatda dünýäde uly islegden peýdalanýan dokma senagatynyň önümlerini eksport etmek ulgamynda Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmeginiň, şeýle hem öňdebaryjy tehnikalary we enjamlary getirmegi artdyrmagyň geljegine üns berildi.

Maslahatda şeýle hem ählumumy azyk bazaryny ösdürmegiň, oba senagat ulgamynyň netijeliligini hem-de öndürijiligini artdyrmagyň wajyp meselelerine garaldy. Bilermenler bilen türkmen “ak altynyny” sarp edijileriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň umumy pikirine görä Aşgabatdaky häzirki iki günlük pudaklaýyn forum oba senagat pudagynda köptaraply halkara hyzmatdaşyny has-da pugtalandyrmakda  we ösdürmekde,  elbetde, Türkmenistanyň pagta süýümini öňdebaryjy öndürjileriň biri hökmünde dünýä giňişligine doly möçberli goşulmagy ugrunda, şeýle hem pudaga maýa goýumlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek ugrunda ýene bir ädime öwrüldi.


Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de  ”Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda halkara nusgaly diplomlar gowşuryldy.

Ykdysady gözden geçirilişiniň işi tamamalnandan soň oňa gatnaşyjylar bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul etdiler.


Türkmenistanyň Bereketli Hasyllaryny Ýetişdirmegiň Ussatlarynyň Şanyna Dabaralar

Tutuş ýurdumyz boýunça däbe görä noýabr aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk dabaralary Aşgabatda Atçylyk sport toplumynda geçirildi. Toplumyň toý görnüşinde bezelenen meýdançasynda baýramçylygyň gahrymanlaryny -- öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, oba hojalykçy alymlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň oba senagat toplumunyň ösmegine mynasyp goşant goşýan oba hojalykçy beýleki hünärmenlerini hormatladylar.

Hasyl baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna Ministrler Kabinetiniň agzaralary, mejlisiň agzalary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ministrlikleriň pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medenýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriň wekilleri, talyp ýaşlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. 

Ýokary hasyl almagyň ussatlarynyň yhlasly hem-de joşgunly  zähmetiniň, görnükli ýer eýeleriniň we elbetde türkmen topragynyň bereketiniň hormatyna bu ýerde açyk asmanyň astynda Türkmenuistanyň oba senagat toplumynyň  dürli gazananlarynyň sergisi ýaýabaňlandyryldy. Pudak edaralarynyň wekilleriniň taýýarlan sergisinde pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk we dokma senagatynyň önümleriniň nusgalary, tohumlaryň ýokary görnüşleri, oba hojalyk ulaglary, kuwwatly öňdebaryjy tehnikalryň görnüşleri görkezildi.

Türkmen heýkeltaraşlary, žiwopisçiler, zergärler ýer eýeleriniň zähmetine   bagyşlan özleriniň  işlerini görkezip, serginiň ajaýyp döredijilikli bölegini guradylar. Baýranmçylygyň  hormatyna paýtagtymyzyň sport toparlary     görkezme çykyşlaryny görkezdiler.

Bagşylaryň joşgunly aýdymlary,  pälwanlaryň göreşde bil tutuşmaklary hem-de dürli milli oýunlarda türkmen jigitleriniň ýaryşlary baýramçylyk  ruhuny artdyrdy. Estrada ýerine ýetirjileri, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň aýdym-saz tans toparlary hem dabara  gatnaşyjylara we myhmanlara öz döredijiligini görkezdiler. Bu ýerde dikeldilen owadan bezelen ençeme ak öýlerde bolsa türkmen halkymyza gadymy asyrlardan bäri mahsus bolan göwün açyklyk we hoşniýetlilik bilen myhmanlary milli tagamlar bilen hezzetlediler. Şol tagamlar şu ýerden uzak bolmadyk ýerde uly gazanlarda atarylypdyr. Şunuň ýaly baýramçylyk görnüşleriň ählisi ajaýyp umumymilli toýuň  ruhuny döretdi. 

Hasyl toýy oba hojalyk ýylynyň tamamlanmagynyň, onuň netijeleriniň jemlenmeginiň nyşany hökmünde ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu ählihalk baýramçylygy türkmen topragynyň sahylygyny, daýhanlaryň zähmetsöýerligini, olaryň yhlasy bilen ýetişdirilen bereketli hasyllary, saçaklaryň bolçulygyny şöhratlandyrýar.

Bu baýramçylyk  mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde däbe görä dürli çäreler—konsertler, sergiler, maslahatlar, teatr, sport çykyşlary    geçirilýär. Ine, bu gün hem ýurdumyzyň paýtagtynda bolşy ýaly, welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynyň meýdanlarynda eziz Watanymyzyň gazanan üstünliklerine belent buýsanjyň nyşany hökmünde dabaraly çäreler bellenip, olar şatlyk-şagalaňa beslendi. Baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalarda  zähmetsöýer türkmen daýhanlaryny sylagladylar, belli estrada aýdymçylary we artistler, tanymal bagşylar, ussat döredijilik we tans toparlary, şeýle hem ýaş we tejribeli türgenler çykyş etdiler.

Türkmenistanyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýeti müňýyllyklary öz içine alyp, bu gün öz ösüşiniň täze derejesine çykýar. Şunda oba hojalyk işiniň hünärmenleri işiň täze usullaryndan hem-de ata-babalarymyzyň tejribesinden ugur alýarlar. Türkmen halkyna gadymy döwürlerden mahsus bolan ene topraga, suwa aýawly garamak duýgusy şu güne çenli dowam edip, oňa uly ähmiýet berilýär. Ýerleriň hasyllylygy netijeli artdyrylýar, önümçilikde oba hojalyk ekinlerini damjalaýyn suwaryş ulgamy peýdalanylýar, öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar, tohumçylyk, täze özleşdirmek, täze tehnologiýalary ulanmagyň esasynda önümleri gaýtadan işlemek babatda uly işler geçirilýär. 

Ýurdumyzda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň bereketli hasyllary alyp, päk ýürekden çeken zähmetiniň miwelerini görüp bilmegi, öz hal-ýagdaýlaryny yzygiderli ýokarlandyryp bilmegi üçin ähli şertler döredildi. Daýhanlar ýeňillikli bahalar boýunça mineral dökünlerini, tohum we himiki serişdeleri satyn alýarlar. Ýurdumyzda olaryň tabşyran önümleri üçin maliýe hasaplaşyk ulgamy kämilleşdirilýär. Döwletiň giňden goldaw bermegi netijesende pudakda öndürilýän önümiň möçberi yzygiderli ýokarlanýar.

Paýtagtymyzda Hasyl toýunyň resmi bölegi atçylyk sport toplumynyň öňündäki ýörite enjamlaşdyrylan sahnada geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde bellenmegi örän çuň many-mazmuna eýe bolup, bu baýramçylyk halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr hem-de ene topraga yhlasynyň, söýgüsiniň, mähriniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr diýilýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns   
berýäris. Oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen oba hojalygynyň öňdebaryjy hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge önjeýli goşant goşan ussat kärendeçilere, alymlara, oba hojalyk işgärlerine, mehanizatorlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Baýramçylyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize oba hojalyk pudagynyň işgärleri hakynda edilýän alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hasyl toýy paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynda baýramçylyk atçapyşyklary bilen dowam etdi. Olaryň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp baýraklar gowşuryldy. 

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti guraldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan dabaraly konsert agşamlary geçirildi. Bagşy-sazandalar, aýdym we tans toparlary öz ajaýyp döredijilik çykyşlary bilen biziň edermen daýhanlarymyzyň asylly zähmetini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini joşgunly wasp etdiler.  

 

Sosial Ulgamlarymyza Goşulyň!

Sosial Ulgamlarymyza Goşulmak Üçin Aşakdaky Linklere Basyň!
FACEBOOK  Türkmen Habar Gullugy
TWİTTER  Türkmen Habar Gullugy
VK  Türkmen Habar Gullugy
LINKEDİN Türkmen Habar Gullugy
GOOGLE PLUS Türkmen Habar Gullugy
YOUTUBE  Türkmen Habar Gullugy
MAİL.RU  Türkmen Habar Gullugy
OK.RU  Türkmen Habar Gullugy
INSTAGRAM  Türkmen Habar Gullugy
PINTEREST  Türkmen Habar Gullugy 
LINE  Türkmen Habar Gullugy
Web Saýt: www.turkmenhabargullugy.com  

E-mail: turkmenhabargullugy@gmail.com









28 Kasım 2015 Cumartesi

Prezidentimiz Hasyl Toýy Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Ýygnananlar milli Liderimizi türkmen topragynyň rysgal-bereketiniň hem-de ýurdumyzyň ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini alamatlandyrýan ähli halk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek ýolunda täze üstünlikler arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyza obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudagy bolan oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine aýratyn üns berýändigi, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň – ýokary hasyl ussatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladasy üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi, ekerançylar üçin şu ýyllaryň dowamynda mynasyp durmuş we zähmet şertleri döredilýär. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ekerançylary üçin soňky ýyllarda mineral dökünlerini, tohumlary we oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy himiýa serişdelerini ýeňillikli nyrhlar bilen satyn almaga mümkinçilik döredildi, kärendeçileriň tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.  Döwletiň aladalaryna oba zähmetkeşleri joşgunly zähmet bilen jogap berip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda “2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň” çäklerinde türkmen topragynda buýdaýyň, bakja ekinleriniň, miwäniň we beýleki ir-iýmişleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Olar her maşgalanyň saçagyny bezäp, halkymyzyň abadançlygyny alamatlandyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hakyky ýer eýeleriniň şanyna döwlet derejesinde bellenilýän baýramyň ähmiýetini aýratyn nygtady, ekerançylarymyz öz ata-babalarynyň köp asyrlyk şöhratly däplerini dowam etdirýärler. Bellenilişi ýaly, olaryň ýadawsyz, tutanýerli zähmeti netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edildi, oňa tekjeleri tutuş ýylyň dowamynda ter gök we miwe önümlerinden doly ýurdumyzyň bazarlary hem şaýatlyk edýär.

“Biz geljekde hem oba hojalygyny ösdürmäge uly üns bereris, pudakda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýar” diýip, milli Liderimiz bu ugurda eýýäm durmuşa geçirilýän işleriň  türkmen topragynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli obasenagat toplumynyň önümlerini daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýndigini nygtady

Şunuň  bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän möhüm çäreleriň hatarynda ugurdaş ylmyň işini kämilleşdirmek, hojalygy ýöretmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy us ullary ornaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem toplanan tejribeleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giňden alyşmagy ýola goýmak görkezildi, bu işlere iri halkara forumlarynyň we oba hojalyk sergileriniň geçirilmegi hem degerli ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow       degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, Hasyl toýuny we oňa gabatlanyp geçirilýän çäreleri – zähmetde tapawutlanan ekerançylary sarpalamak dabarasyny, dürli oba hojalyk önümleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça dürli sergileriň, sport ýaryşlarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, at çapyşyklarynyň we beýlekileriň iň gowy milli ýörelgelerimize laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryk berdi. 

Döwlet baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin egindeşlerine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, milli senenamamyzyň ajaýyp wakasy bilen oba zähmetkeşlerini gutlap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe gitmegini   üpjün edýän täze zähmet ýeňişleriniň gazanyljakdygyna we öňde goýlan ähli sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdi.



Türkmenistan Suratlary 89

Türkmenistan Suratlary 89






Türkmenistanyň Howa Maglumaty 29.11.2013

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
29.11.2013
Aşgabat
+11… +13°
Türkmenbaşy
+11… +13°
Balkanabat
+13… +15°
Mary
+9… +11°
Türkmenabat
+7… +9°
Daşoguz
+4… +6°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Prezidentimiz Paýtagtymyz Boýunça Iş Saparyny Amala Aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk pudagyna hem-de Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyz bilen iş saparyny amala aşyrdy. 

...Irden hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde “Oguzhan” köşkler toplumyndan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Ruhyýet köşgüniň arka ýüzünde, “Oguzkent” myhmanhanasynyň garşysynda ýerleşen “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähine tarap ugrady. 

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, Aşgabadyň ajaýyp keşbini kemala getirmek hem-de jana şypaly howany emele getirmek üçin şeýle ýaşyl zolaklaryň wajypdygyny belledi. 

Bag-seýilgäh, landşaft bezeginden başarnykly peýdalanmak şäheriň estetiki we ekologiýa ulgamynyň möhüm şertidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmeleriniň gerimini nazara almak bilen, bu ugruň ýokary derejede ösdürilmelidigini nygtady. 

Ähli seýilgähleriň we seýilbaglaryň, meýdançalaryň möhüm bölegi bolan köpsanly suw çüwdürimleri hem Aşgabadyň bezegine öwrüldi. Suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň ýollaryndaky bölüji zolaklarda hem sazlaşykly guruldy. Şeýle çüwdürimler Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda hem bar. Ajaýyp binalar, amatly hem-de timar berlen ýaşyl zolaklar, dürli reňklerde öwşün atýan gül aýmançalary—bularyň ählisi sazlaşyk hem-de gözellik döred ýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şäherde tertip-düzgüni saklamagyň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Şäheriň ähli düzümleri takyk hem-de bökdençsiz işlemelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bar bolan käbir kemçiliklere ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary, şol sanda adamlar üçin oňaýly bolar ýaly ýerasty geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, şäherlileriň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, ulag ulgamynyň işini gowulandyrmak hem-de pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz seýilgähden Atamyrat Nyýazow şaýoluna çykdy, bu ýerde hormatly Prezidentimizi käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri garşyladylar. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza ýörite kompýuter ulgamly welosipedi sowgat berdi. Bu ulgam nanotehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen kämil abzallaryň kömegi bilen ýüregiň urşunyň ýygylygyny, gan basyşyny we welosipedçiniň bedeniniň beýleki görkezijilerini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem ulagyň tizligini hem-de howanyň temperaturasyny görkezýär, Internet bilen baglanyşdyrylan JPS ulgamy bilen üpjün edildi. 

...Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolmak bilen, işiniň örän köpdügine garamazdan, hemişe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar. Döwlet Baştutanymyz yzygiderli türgenleşmegiň diňe bir adamy beden taýdan taplaman, eýsem, onda ruhubelentlik, zähmetsöýerlik hem-de maksadaokgunlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz şunda ýaşlara görelde görkezip, iri möçberli köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, şol sanda welosipedli ýörişleriň başyny başlaýar. Şeýle sport baýramçylyklary olara gatnaşýanlary geljekde sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirýär, welosiped ýaly ekologiýa taýdan peýdaly ulagy wagyz etmäge ýardam edýär. 

Milli Liderimiz ýygy-ýygydan weliosipedli ýörişleri ak mermerli paýtagtymyz boýunça iş saparlary bilen utgaşdyryp, möhüm gurluşyk meýdançalaryndaky hem-de täze desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar. 

Ine, bu gezek hem hormatly Prezidentimiz sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, welosipede mündi we welosipedçileriň lybasyndaky beýleki welosiped ýörişine gatnaşyjylar bilen bilelikde Bitarap Türkmenistan şaýolundaky çatrykdan Atamyrat Nyýazow şaýoly boýunça ýola düşdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň şu böleginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, paýtagtymyzyň döwrebap keşbini kemala getirmek boýunça birnäçe maslahatlary we tabşyryklary berdi. Paýtagtymyzyň şu böleginde şäheri ösdürmegiň 12-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan ak mermerli binalar ýerleşýär. 

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň dünýäniň nusgawy binagärlik ýörelgelerini hem-de milli binagärligiň ajaýyp däplerini we täze inženerçilik çözgütlerini özünde jemlemelidigini, Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligine görk goşmalydygyny aýdyp, degişli edaralaryň paýtagtymyzy, onuň ulag-aragatnaşyk düzümini, beýleki ykdysady pudaklaryň ählisini ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek bilen baglanyşykly işlere işjeň gatnaşmalydygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryny şähergurluşyk taslamalaryna, paýtagtymyzda amala aşyrylýan bezeg işlerine has işjeň çekmegiň maksada laýykdygyny belledi. 

Ýolugrunda milli Liderimiz “Köpetdag” sport toplumynyň golaýynda aýak çekip, bu ýerde toplumyň ýanaşyk çäginiň abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow Atamyrat Nyýazow şaýolunyň bu bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygy barada hasabat berdiler. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bolýan “NATA” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň ünsüni ýol düzümini dünýäniň iň ýokary ülňüleriniň derejesine çykarmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu kompaniýa şeýle desgalary gurmakda uly tejribä eýedir. 

“NATA” kompaniýasynyň ýolbaşçysy daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin ähli şertleriň we ýeňillikleriň döredilýän Türkmenistanda işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ak mermerli Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösmegine, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň amala aşyrylmagyna goşant goşmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, şäher meýdançalarynyň giňelmegi hem-de ilatyň awtoulaglarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda paýtagtymyzyň ýol-ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýtdy hem-de ugurdaş düzümi, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, ýol aýrytlaryny, awtoulag duralgalaryny we beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm mesele bolup durýandygyny aýdyp, bag ekmek işleriniň depginine, şäheri agaç nahallary bilen üpjün etmäge ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişini, ýylsaýyn islegleriň artýandygy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň energetika kuwwatyny artdyrmagy şäher hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabadyň syýahatçylyk, sport we saglygy goraýyş düzümlerini ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berip, bu ugurlarda mahabatyň mümkinçiliklerinden, şol sanda daşky serişdeleriň – bannerleriň, telemonitorlaryň kömegi bilen has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. 

Azyk bolçulygyny üpjün etmek, şäheriň söwda ulgamyny giňeltmek we bu ulgama hyzmatlaryň täze çemeleşmelerini hem-de görnüşlerini ornaşdyrmak meseleleri birjik-de ünsden düşürilmeli däldir, munuň özi ulag gatnawlarynyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary amala aşyrýan gulluklara hem degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň merkezinden Halkara howa menziline çenli uzalyp gidýän, durky täzelenen ýol boýunça welosipedli geçip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, pyýada ýolagçylar hem-de sürüjiler üçin amatlyklary üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdi. 

Ini 30 metre barabar bolan ýol tehniki häsiýetnamalary boýunça şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplary doly ödeýär. Ýoluň döwrebap düşegi, awtoulaglaryň hereketini kadalaşdyrýan häzirki zaman ulgamlary, özboluşly yşyklary, maglumat tablolary we ugurdaş inženerçilik desgalary hem ýokary talaplara laýyk gelýär. Şaýoluň durky täzelenen böleginiň ugrunda awtobus duralgalarynyň 13-si guruldy. Onuň demir ýoluň aşagyndan geçýän böleginiň hem durky doly täzelendi. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ulag düzümini ösdürmegiň ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine, onuň barha artýan halkara ornuna hem-de 2017-nji ýylda Aziýanyň sport paýtagty bolmak baradaky hormatly hem-de jogapkärli wezipä laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi şäheri abadanlaşdyrmagyň ähli ugurlaryna, onda seýilgäh zolaklaryny we oňaýlylyk ýagdaýyny döretmäge hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramak, ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şaýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirip, ýurdumyzyň paýtagty hökmünde Aşgabadyň Türkmenistanyň ähli sebitleri hem-de beýleki döwletler bilen aragatnaşygy üpjün edýän möhüm ulag merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýändigini belledi. Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny abatlamak, ýol aýrytlaryny hem-de köprüleri gurmak, durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar, şäheriň çägindäki seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar giňeldilýär. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, paýtagtymyzy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek uly baýramçylyk dabaralaryna hem-de 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlamak babatda geçirilmeli giň möçberli işlere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli edaralaryň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, energetika, söwda, awtomobil ulagy, syýahatçylyk, sport, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, azyk senagaty hem-de tebigaty goramak ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi. 

Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, ulanmaga berlen desgalaryň, şol sanda ýollaryň talaba laýyk ulanylmagyny üpjün etmegiň hem-de kadaly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir pudagyň öňünde anyk wezipeleri belledi. 

Döwlet Baştutanymyz hyzmat edýän ulgamyň kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulag ulgamynyň işiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlarynda tertip-düzgüni berk berjaý etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz döwlet gulluklaryndan paýtagtymyzda desgalary gurmak babatda potratçylara bildirilýän talaplaryň, şol sanda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça edilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda toplanýan tejribäniň ýurdumyzyň beýleki şäherleri üçin hem peýdaly boljakdygyny, şoňa görä-de, şäher düzümini, onuň köpugurly ykdysadyýetini, hyzmat ediş ulgamyny, jemagat hem-de ýol-ulag hojalygyny dolandyrmagyň guralyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň biziň buýsanjymyzdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň has-da gözel keşbe eýe boljakdygyny nygtady. Bularyň ählisi Aşgabadyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny, onuň dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de welosipedli ýörişi Atamyrat Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň kesişýän ýerinde tamamlady. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň merkezine gaýdyp gelip, egindeşleri bilen bu ýerde ýerleşen seýilgäh zolagyndan ýöräp geçdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi ilatyň saglygy baradaky aladanyň möhüm bölegidir, şeýle hem biologiki köpdürlüligi aýawly saklamagyň hem-de artdyrmagyň wajyp şertidir. Adamlar hakyndaky alada, döwrebap düzümli şäher ulgamyny, türkmenistanlylaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleriniň ünsüni ýene-de şu günki saparyň barşynda beýan edilen meselelere çekip, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça işleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi we olaryň ýolbaşçylarynyň bu wezipeleriň ýerine ýetirilişi we möhletleri babatdaky şahsy jogapkärçiligini ýatlatdy.