3 Haziran 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly şertleri döretmek we gowy hilli hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 8 sany 400 orunlyk hem-de 11 sany 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalaryň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we köp gatly awtoduralgalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder