Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli köpsanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň alyp barýan köpugurly işiniň netijesinde ylym ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy hem-de olaryň strategiki milli bähbitleri üpjün etmäge, ykdysady ösüşde täze sepgitleri eýelemäge gönükdirilendigi nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, guramalaryň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly hem-de giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Ylymlar güni mynasybetli milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.
Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy A.Nurberdiýewa gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow mähirli gutlaglaryny ýolladylar.
Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.
Milli Liderimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ylymlar güni bilen Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder