Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hem-de edebiýatynyň okgunly ösmegine saldamly goşant goşýan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň möçberli medeni-köpçülikleýin çärelere beslendi. Medeniýet hepdeligi halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edip, medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda döretmäge ruhlandyrýar.
Ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada günüň birinji ýarymynda guralan çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary hem hut şu belent ýörelgelerden ugur aldy. Bu toparlar ýurdumyzyň dürli künjeklerinden geldiler. Ýaş artistleriň joşgunly aýdym-sazlary we tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki çagalar baýramçylygy milli zehinleriň egsilmez döredijilik çeşmesiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän bu Medeniýet hepdeligi hem türkmen medeniýet we sungat işgärleri bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, milli sungatyň ähli görnüşlerini – aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam, teatr, şeýle hem edebi we halk döredijiligi sungatyny täze döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň zallarynda açylan Halkara sungat sergisi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Medeniýet hepdeligine daşary ýurtlardan -- ABŞ-dan, Russiýadan, Finlýandiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gatnaşýanlar sergä öz suratlaryny, amaly-haşam sungatynyň we zergärçilik önümlerini, milli lybaslary we beýleki gymmatlyklary getirdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň suratkeşleriniň suratlarynyň sergisi, Döwlet muzeýiniň, Çeperçilik akademiýasynyň, Şekillenderiş sungaty muzeýiniň we beýlekileriň gymmatlyklarynyň sergisi hem açyldy.
Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň belleýşi ýaly, mähriban topragymyza bolan çäksiz söýgini, Türkmenistanyň tebigatynyň täsin gözelligini, täze taryhy eýýamyň ägirt uly özgertmelerini şöhlelendirýän özboluşly nakgaşlyk suratlarynyň köpdürli mowzugy we beýleki mowzuklaýyn sergiler milli sungatyň ösüşiniň hil taýdan täze derejesine, türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň örän baýdygyna şaýatlyk edýär.
Muzeýiň zallarynyň birinde Lebap welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, goraghanalary syýahatçylyk ugurlary we zolaklary barada gürrüň berýän dokumental film görkezildi.
Gadymy türkmen topragynyň bu sebitinde dürli eýýamlaryň ýadygärlikleriniň 200-den gowragy ýerleşýär. Olaryň arasynda orta asyrlaryň binagärlik ýadygärlikleri, Atamyrat etrabyndaky Astanababa medresesi, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň okan Halaç etrabyndaky Idrisbaba medresesi, Daýahatyn kerwensaraýy we beýleki gadymy binagärlik ýadygärlikleri bar.
Köýtendag döwlet goraghanasyndaky dinozawrlaryň yzlary galan dag tekizligi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, Repetek döwlet goraghanasy we Amyderýa döwlet goraghanasy barada gürrüň berýän şekiller tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gadymy ýadygärlikleriň, goraghanalaryň we beýleki gyzykly ýerleriň ählisi “Lebapsyýahat” kärhanasynyň syýahatçylyk ugurlary bolup durýar. Şol ýerde “Jadyly Köýtendag” ugry daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň syýahatçylarynyň hem-de jahankeşdeleriniň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir.
Amyderýanyň kenaryndaky şäher şu günler köpöwüşginli medeni-köpçülikleýin we teatr çäreleriniň, dürli estrada, sirk, folklor toparlarynyň, bagşylaryň we dutarçylaryň ägirt uly meýdançasyna, suratkeşler üçin döredijilik meýdançasyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Teatryň uly zalyny dolduryp oturan tomaşaçylar ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşda meşhur bolan zehinli sazandalaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk çäreleriniň ikinji güni agşam Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň uly konserti bilen tamamlandy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder