11 Haziran 2015 Perşembe

Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

2015-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary sýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oman tarapynyň wekiliýetine Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Ahmed Bin Ýusef Al-Harsi ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler girizildi. Hususan hem, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň hökümet edaralarynyň arasyndaky geljegi bar bolan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine esasy üns berildi.

Taraplar dürli halkara guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlarynyň özara goldawlaryndan hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň zerurlygy bellenildi. Hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine toplumlaýyn garamak maksady bilen taraplar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-oman Hökümetara toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oman tarapy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýändigini nygtamak bilen, bu ýagdaýyň daşary ýurt döwletleriniň biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýum gyzyklanmalarynyň artmagyna getirýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda göni gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, medeni-gumanitar ulgamynda, hususan hem, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk pudaklarynda ýakyndan gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygyny gurnamak boýunça bilelikdäki tagallarynyň utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahalaşyldy. Bu bolsa  öz gezeginde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň mehanizmine itergi berer. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýurtlaryň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykarylmagynyň tarapdarydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryny geljekde kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti bellendi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder