10 Haziran 2015 Çarşamba

Arçabil ýolunda gaýa çykmak boýunça onunjy Çagalar festiwaly geçirildi

“Agama” alpinistler kluby Arçabil ýolunda gaýa çykmak boýunça onunjy Çagalar festiwalyny geçirdi. Gaýa çykmak boýunça bäsleşikler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Çagalar gazansynyň we Arçabil etrap häkimligi tarapyndan guraldy. Festiwaly guraýjylar skaladromy, esbaplary taýýarladylar, ene-atalary we çagalary ulag bilen üpjün etdiler, ýaş türgenler üçin bolsa baýraklary we sertfikatlary taýýarladylar. 

Festiwal gaýa çykyjylaryň täze neslini, geljekki çempionlaryny kemala getirýär. Festiwaly guraýjylaryň ynam bildirişleri ýaly, olar halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň abraýyny gorarlar. Çagalaryň şatlykly ýüzleri bolsa bu ajaýyp çagalar baýramçylygyny guraýjylar üçin iň gowy sowgat boldy. 

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen bu festiwala dürli ýaşdaky çagalaryň elliden gowragy, şeýle hem olaryň öz wagtynda gaýa çykmagyň inçe syrlaryny öwreden hossarlary gatnaşdylar. Balkanabadyň “Mert” alpinistler kluby çagalaryň uly toparynyň bu ýere gelmegini gurady. 



Bu ýerde bu çärä gatnaşyjylaryň her biri öz başarnyklaryny ilkinji sapar synap bilerler. Sebäbi festiwalyň esasy çäresi uzynlygy we çylşyrymlylygy boýunça dikligine ýokary çykýan ýoly ýeňip geçmekden ybarat bolup durýar. Özi hem bäsleşige gatnaşýanlar aralygy özbaşdak, hiç-hili kömeksiz, geçmegi başarmaly. Bu bäsleşige gatnaşyjylaryň birnäçesine başartdy: olar ýoluň 8-ni hem geçmegi başardylar. 

Uly ýaşlylaryň arasynda Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň okuwçylary S.Atahanowa we S.Meňliýewa dagy tapawutlanmagy başardylar. Olar gowy wagt görkezip, ýoluň köp sanlysyny geçmegi başardylar. Bäş ýaşdan ýaşa çenli “türgenler” S.Lýubyh, A.Argetkina, S.Iwlew, K.Zubko, D.Bulaýew dagy olardan iki ýoly az geçdiler. Olar Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlaryna, hemaýatçylaryň taýýarlan sertifikatlaryna we baýraklaryna mynasyp boldular. 

“Uly ýaşly” gaýa çykmakda meşhur gaýa çykyjylar – A.Ahmedow, N.Kostowa, D.Kuntaşow dagynyň we “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň beýleki türgenleriniň nähili bäsleşýändiklerine syn etmek boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar gaýa çalt çykmak boýunça görkezme çykyş etdiler. Onda K.Şoşinow, S.Doronin dagy ýokary netije görkezmegi başardylar. 

Festiwaly guraýjylar festiwala gatnaşyjylaryň köpüsiniň sportuň bu görnüşini özleşdirmegi dowam etdirmek üçin “Agama”alpinistler klubynyň “Demirýolçy” Bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň çäginde ýerleşýän sport bazasyna gelerler diýip garaşýarlar. 

“Agama” alpinistler kluby Arçabil etrap häkimligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş günlerinde Gökderede ýerleşýän sagaldyş merkezlerinde çagalaryň arasynda syýahatçylyk boýunça bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder