Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwilä gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder