22 Haziran 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Wekilleri Küşt Boýunça Dünýä Kubogy Ugrundaky Ýaryşlara Gatnaşarlar

Bu barada ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn (Merkezi Aziýa zolagy) çempionatynda mälim boldy, şonda türkmen küştçüsi, haklara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň güýçli küştçüleriniň arasyndaky bäsleşikler şweýsar usuly boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň hersi boýunça düýnä çempionatyna gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda  bäsleşildi, şol sebäpli hem ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şunda bu gadymy oýnuň ussatlarynyň köpüsiniň grossmeýsterlerdigini göz öňünde, 20 ýaşly türkmenistanly küştçi Ýusup Atabaýewiň üstünlik gazanmagy örän buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby alty döwde ynamly ýeňiş gazanyp, iki oýunda deňme-deň oýnap, bir duşuşykda utuldy we mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Ýusup diňe gazak küştçüsi, grossmeýster Renat Jumabaýewden asgyn geldi. Bu duşuşyk 6  sagatlap dowam edip, çempionatda iň uzaga çeken oýun boldy – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdiniň goýberen ýeke-täk ýalňyşy gazagystanly küştçiniň mynasyp bolan birinji ornunyň ykbalyny çözdi. 

Şeýlelikde, Ý.Atabaýew güýzde geçiriljek dünýä çempionatynda baş baýrak ugrunda güýç synanyşar. Dünýä birinjiligi olimpiýa usulynda geçirilip, utulan oýundan çykýar. Eýýäm türkmen küştçüsi halkara derejeli ýaryşlaryň köpüsinde ýeňiş gazanmagy başardy, olaryň iň ähmiýetlisi 2010-njy ýylda Türkiýede geçirilen mekdep okuwçularynyň arasyndaky çempionatda gazanan bürünç medalydyr. 2008-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde, 2010-njy ýylda Russiýanyň Hanty-Mansi awtonom okrugynda we 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşan Ý.Atabaýew ýokary liga girýän erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda üç gezek ikinji orna eýe boldy. Indi bolsa ol Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda üstünlik gazanyp, dünýä kubogyna gatnaşmak hukugyna mynasyp boldy.

Bu ýaryşda gazanan ikinji orundan başga-da, Ýusup halkara grossmeýsteri derejesini almagyň ýolunda ikinji baly gazandy, şeýle hem öz dünýä derejesini ýokarlandyrdy, häzir ol 24-35 belgä deňdir. Küşt dünýäsinde iň ýokary derejä ýetmek üçin Ýusup halkara derejesindäki iri ýaryşda ýene bir bal gazanmalydyr: ol eýýäm güýzde Bakuwda geçiriljek dünýä birinjiliginde grossmeýster derejesine eýe bolup biler. 

Zenanlar toparynda çykyş eden türkmen küştçüleri hem dünýä birinjiligine gatnaşmak hukugyna golaýlaşdylar. FIDE-niň ussady Bahar Hallyýewa Gazagystandan we Özbegistandan gelen küştçi zenanlaryň ikisi bilen deň -  6 utuk toplady. Şunuň ýaly deň möçberde utuk toplananda sport netijeliliginiň barabarlygy hasaba alynýar, şonda biziň ildeşimiziň netije barabarlygy pes gelip, olar bilen ikinji - dördünji orunlary paýlaşdy. Bu üstünlik Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymyna  halkara ussady derejesine eýe bolmagyň ýolunda 1-nji baly getirdi.

Geçen ýekşenbe güni Aşgabadyň ýörite küşt-şaşka mekdebinde halkara ýaryşy badalga aldy, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan, şeýle hem Russiýadan, Germaniýadan we Türkiýeden  küştçüler gatnaşýarlar. Bu ýaryşlarda medallar ugrunda 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli küştçüleriň 140-sy bäsleşer. Ýeňijiler 25-nji iýunda mälim ediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder