Tebigy gazy has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi we onuň gaýtadan işlenen önümleriniň eksportda paýyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan çig maly öndürýän ýurtdan bäsleşige ukyply taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmek hem-de himiýa önümleriniň has girdejili bazarynda mynasyp orny eýelemäge çalyşýar.
Uglewodorodlaryň gazylyp alynşyny artdyrmak we turbageçiriji toruny ösdürmek bilen bir hatarda, ýurtda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň infrastrukturasy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 20 essä golaý artdy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda tebigy gazy suwuk we/ýa-da gaty ýokary hilli eksport nebithimiýa önümlerine öwürmek has aktual bolup durýar. Tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek üçin dürli ugurlar boýunça işler alnyp barylýar. Gazhimiýa önümleriniň ýokary girdejiligini üpjün etmek we onuň önümleriniň girdejilik mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin bizde hemme şertler bar.
Bu üstaşyr-ulag gurluşlarynyň gaz ýataklaryna ýakynlygyndan, tehnologiki komponentleriň (suw, bug, elektrik energiýasy) gerek bolan mukdarda bolmagyndan, uzakmöhletleýin gelejek üçin çig mal bilen üpjün edilmeginiň kepillendirilmeginden ybaratdyr.
Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemek tehnologiýasy boýunça indiki esasy üç sany ugry: çig gazy ilkinji gezek gaýtadan işmek; düzüminde etany, propany we butanlary köp saklaýandygy bilen tapawutlanýan “ýagly” diýip atlandyrylýan gazlary toplumlaýyn gaýtadan işlemek; tebigy gazy suwuklandyrylan hala öwürmek, tebigy gazyň fizika-himiýasynyň dürli sintetiki organiki önümlerine konwersiýasy ýaly ugurlaryny tapawutlandyryp bolar.
Häzirki wagtda gazy karbamide konwersirlemegiň tehnologiýasy üstünlikli ösdürilýär, gazyň metanola, benzine, dizel ýangyjyna, olefine konwersiýsynyň tehnologiýasy üstünlikli ösdürilýär. Nebit we gaz instituty gazy konwensirlemegiň meseleleri boýunça belli ylmy-gözleg institutlary we inžinering kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
“Galkynyş” iri gazkondensat ýatagynyň ulanylmaga berilmegi bilen, kükürt wodorodlaryny adaty kükürde öwürmek üçin gaýtadan işlemegiň zerurlygyny aradan aýyrýan tebigy gazy turşy gazlardan arassalamak tehnologiýasyna bolan gyzyklanma artýar. Olifeni – polimeri we beýleki gymmat bahaly önümleri öndürmek üçin başky çig maly almak üçin düzüminde esasy we möhüm çig mal bolan azyndan 3 göterimli metanyň, propanyň we metanyň gomologlarynyň bolmagy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň esasy şerti bolup durýar.
Golaý geljek ýyllar üçin Türkmenistan şeýle gazlaryň ýeterlik serişdelerine eýedir. Bu ýerde esasy mesele – bu biziň ýurdumyz üçin gelejegi has uly we amatly bolan tehnologiýalaryny, önümlerini we gazhimiýa toplumlarynyň konfigurasiýasyny saýlamakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda Gyýanly şäherçersinde ýylda 5 milliard kubmetr gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge we ýylda 386 müň tonna polietileni hem-de ýylda 81 müň tonna polipropileni öndürmäge mümkinçiligi bolan ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde ikinji gazhimiýa elasmerler toplumyny amala aşyrmak teklip edilýär.
Gazhimiýa toplumynyň üçünjisiniň gurluşygy suwuk ýangyjy öndürýän gazhimiýa toplumy bilen Merkezi Garagumyň ýataklarynyň gazlaryny we nafty (uçýan suwuk uglewodorod garyndysy) toplumlaýyn gaýtadan işlemäge esaslanýar. Bu ýerde polietileniň, etilenglikolyň, kaustiki sodanyň we beýleki birnäçe möhüm önümleriň önümçiligi teklip edilýär.
Gazy gaýtadan işlemegiň konwersion ugrunda sintetiki benziniň önümçiligi has işjeň öňe sürülýär. Gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod häzirki wagtda Ahal welaýatynda gurulýar. Bu kärhana her ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlär we ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy öndüriler.
2018-nji ýylda bu ýerde häzirki zaman tehnologiki enjamlar, kömekçi desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam, şol sanda suwy arassalamagyň ajaýyp ulgamy hem gurular.
Olefinleri öndürmek üçin Türkmenistan ýagly gazlara ýeterlik derejede eýedir. Ýöne olaryň ulanyldygy saýyn olefinleriň beýleki çeşmeleri hem gerek bolar. Şonuň üçin hem, metany katalitiki konwersi arkaly almagyň taslamasy uly gyzyklanma döredýär.
Olefinlere we poliolefinlere bolan talabyň artmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, aýratyn hem düýpli gurluşygyň, turba önümleriniň önümçiligi we gaýtadan işleýän senagatyň ösmegi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Bu önümçiligiň kuwwatynyň artmagy bilen onuň girdejiligi hem artýar.
Bu taslamalar Türkmenistanyň innowasion taýdan ösüşini, tebigy baýlyklary ýurduň ähli raýatlarynyň bähbidine netijeli peýdalanmak baradaky nusga alarlyk mysalyny dünýä ýüzüne görkezmäge bolan mümkinçilik möhüm ähmiýete eýedir. Gazy konwersiýa etmegiň amala aşyrylmagy we gazy gaýtadan işlenilmegi netijesinde alynýan önümleri eksport edilmegi goňşy döwletlere we iri deňiz portlaryna çekmek bilen ulag kommunikasiýalarynyň giňeldilmelidigini talap edýändigini nygtamalydyrys.
Bu ugurda gazy gaýtadan işläp alynan önümleri eksport etmek meseleleriniň düýpli çözmäge şert döretjek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlygyna, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, goňşy döwletlere we iri deňiz portlaryna çykýan transmilli üstaşyr-ulag geçelgeleriniň geografiýasyny giňeltmäge gönükdirilen “açyk gapylar syýasaty” möhüm orun eýeleýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder