Okuw ýylynyň ahyrynda Aşgabatda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň iň ökde terbiýeçileriniň, orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndan bäsleşik geçirildi. Bu däbe öwrülen bäsleşigi mugallymlary hünär taýdan kämilleşmek we bilim ulgamynda üstünlik gazanmaga höweslendirmek maksady bilen, her ýylda ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirýär.
"Ýylyň terbiýeçisi" we "Ýylyň mugallymy" bäsleşikler iki günde bir wagtyň özünde geçirildi. Hormatly mugallymçylyk derejelerine Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bagynyň tejribeli hünärmeni Maýsa Saparowa we Aşgabat şäheriniň 69-njy orta mekdebiniň fizika mugallymy Berdinyýaz Çolukow mynasyp boldular.Ýakynda halypalaryň gatnaşmaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem tamamlandy. Onda himiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri Ilmyrat Gurmanow öňdeligi eýeledi.
Bu jogapkärli synaglaryň sanawynda iň soňkusy "Ýylyň talyby" bäsleşigi boldy. Oňa öňünden geçirilen – ýokary okuw mekdepleriniň özara bäsleşiklerinde tapawutlanan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri boldular.
Bu däbe öwrülen bäsleşigiň jemini dabaraly ýagdaýda jemlemek çäresi ýakynda Türkmen döwlet ulag we ara gatnaşyk institutynda geçirildi. Bu ýerde ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisini, aýratyn hem, baýrakçylary hormatlamak dabarasy boldy.
Bäsleşikde Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň dördünji ýyl talyby Yslam Mämmedow ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de oňa "2015-nji ýylyň talyby" atly dereje berildi.
Geljekki agronom bu hormatly derejä öňünden berk we tutanýerli taýýarlyk gördi, bäsleşikleriň synaglarynyň ählisini tapgyrma-tapgyr ýeňmegi başardy. Yslam emin agzalaryna ussatlyk taýýarlygyny we intellektual gazananlaryny görkezdi.
Yslam Mommadowyň ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda geçen ýylda bolup geçen ylmy taslamalaryň döwlet bäsleşiginde gazanan üstünligi hem çynlakaý ýeňiş diýlip atlandyryldy. Ýaş alymyň birinji orna mynasyp bolan işi onuň geljekki hünärine – "oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy" atly işine bagyşlanandyr. Geljekki hünärmen özüniň gözleg işleri bilen meşgullanmagyny işjeň dowam etdirýär. Bu gün onuň ylmy işi gidroponika – ösümligi topraksyz ösdürip ýetişdirmek ylmy bolup durýar.
Biziň ýurdumyz üçin oňat däbe öwrülen türkmen alymlarynyň we talyplarynyň bilelikdäki gözleg işleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň geljekki hünärmenleriniň ylmy gyzyklanmalaryny ýüze çykarmaklygy äşgär işjeňleşdirendigini belläp geçsek artykmaçlyk etmez.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder