12 Haziran 2015 Cuma

Prezidentimiz “Baku-2015” I Ýewropa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ir bilen milli Liderimiz Aşgabadyň halkara howa menzilinden Baku şäherine ugrady. Bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň “Boingi” Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy.

Milli Liderimizi Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem I Ýewropa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wekilleri garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Azerbaýjanyň Lideriniň “Gençlik” kabulhanasyna geldi. Bu ýerde  Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk iki goňşy ýurduň gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini we olaryň Liderleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklady. 

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde özara ynam, deňhukuklylyk hem-de milli bähbitleriň esasynda guralýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän uly sport baýramçylygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin öz türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanda türkmen Lideriniň saparyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan, barha berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Baştutanyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň, şeýle hem meýletinçileriň mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostlukly halky şunuň ýaly möhüm we wekilçilikli sport forumyny geçirmek hormatyna mynasyp bolandygy bilen gutlady we azerbaýjan türgenlerine bu halkara derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlikler arzuw etdi. 

Özara ynam we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we sebitleýin düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän oňyn gepleşikleriň gyzyklanma bildirýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halkara durmuşynyň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, häzirki döwriň ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda olaryň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi.  

Soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan gatnaşayklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanmak bilen belläp, taraplar iki ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygy döwrüň talabyna hem-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyklykda okgunly ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Eýýäm amala aşyrylan işler, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň döredilmegi, yzygiderli esasda geçirilýän daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler hem-de işewürlik duşuşyklary munuň aýdyň mysallarydyr, olar haryt dolanyşygyny artdyrmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we sporty hem goşmak bilen ähli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönüden –göni ýardam berýär.

Söhbetdeşler goňşy döwletleriň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygralydyklaryny tassyklap, soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygyň eýýäm ýakyn wagtlarda  täze iri möçberli milli we sebit ähmiýetli taslamalaryň hasabyna has-da işjeň häsiýete eýe boljakdygyna özara ynam bildirdiler. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda, hususan-da, Hazar sebitinden Ýewropa tebigy gazy ibermegi amala aşyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, häzirki zaman üstaşyr-ulag düzümini döretmegiň mümkinçilikleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlary hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideriniň energetika we ulag ulgamy ýaly strategiki ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna hem-de oňyn syýasaty geçirýändigine ýokary baha berip, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Türkmenistanyň bilen ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle hem Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany goldan ilkinji döwletleriň biri bolandygyny kanagatlanmak bilen belläp, dostlukly ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

Prezident Ilham Aliýew çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, öz nobatynda türkmen Liderini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasyny kabul edendigi bilen gutlady, bu biziň ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşýan ägirt uly goşandynyň hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ykrarnamasydyr.

Medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň meşhur akyldary, döredijiligi bütin dünýäde belent hormata eýe bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň geçen ýyl bellenilen 290 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylmagynyň aýratyn meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini hasaba almak bilen, iri halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini beýan etdi.  

Duşuşuygyň ahyrynda iki döwletiň baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan edip, goňşy ýurtlaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Soňra Geýdar Aliýew merkezinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan döwlet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryň hökümet wekillerini we beýleki hormatly myhmanlary resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna guralan kabul edişlikde söz sözlemek bilen, Ilham Aliýew ýurduň ilkinji Ýewropa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary edendigini, bildirilen  hormata abraý bilen hötde gelmek ugrunda zerur çäreleriň görlendigini belledi. Bu sport wakasynyň diňe bir Ýewropa üçin däl, eýsem tutuş yklym we dünýä üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr, şeýle hem onuň bäsdeşlik häsiýetiniň bardygyna garamazdan, bu ýaryşlar adamlary we halklary birikdirýär, bilelikde ägirt uyl üstünlikleri gazanyp boljakdygyny äşgär edýär.

Resmi kabul edişlikde ilkinji Ýewropa oýunlary barada wideorolik görkezildi. 

... Günüň ikinji ýarymynda iş sapary mahalynda döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasy ýerleşýän  “Four Seasons Baku” myhmanhanasynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Bakuwa gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň duşuşygy geçirildi. 

Iki ýurduň Liderleri doganlarça salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça pikir alyşdylar, bu hyzmatdaşlyk bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki doganlyk halkyň ruhy-medeni umumylygy, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýokary ynama we özara düşünişmäge esaslanýan  türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň  ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.  

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan  döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini,  özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  Kuwwatly dostluk we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ägirt uly üstünliklerini kanagatlanmak bilen belläp, söhbetdeşler ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün Azerbaýjanda şanly waka bolup geçýär – sportuň taryhynda I Ýewropa Olimpiýa oýunlary – 2015-iň  açylyşy bolýar. Sport dürli ýurtlaryň halklaryny birleşdirýän parahatçylygyň ilçisidir. Häzirki döwürde sport dünýäniň dürli döwletleriniň parahatçylykda ýaşaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar diýip aýtmak bilen, türkmen Lideri bu möhüm sport çäresiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. 

Öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutany bilen şu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini  belledi. Biz dostlukly Azerbaýjanyň halkyny we türkmen halkyny öz doganlarymyz  hasaplaýarys diýip, türk Lideri aýtdy.  Dünýä sportunda, hakykatdan-da, taryhy waka bolan bu ýaryşlaryň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi.  

Döwlet Baştutanymyz üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklary barada aýtmak bilen, şu ýylyň mart aýynda Türkiýä bolan resmi saparynyň ähli ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk-azerbaýjan hyzmatdaşlygy babatda aýtmak bilen, Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň iýun aýynda Bodrum şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýetini nygtady, ol üç dostlukly döwletiň gatnaşyklarynda hil taýdan täze tapgyryň açylýandygyny alamatlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň ikinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen 2015-2017-nji ýyllar üçin türkmen-azerbaýjan-türk Çarçuwaly maksatnamasynyň oňat netijeleri berjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň  Hazaryň türkmen kenarynda duşuşygyny geçirmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy.  

Türkmen Lideri halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  netijeli häsiýetini belläp,  ýurdumyza ýakynda Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň 3-nji iýunda geçirilen 69-njy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň 193-si tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy”  Kararnamasy biragyzdan kabul edildi, onuň awtordaşlary hökmünde dünýäniň 47 ýurdy çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, bu möhüm resminamany Türkiýe Respublikasynyň goldandygy üçin öz türk kärdeşine minnetdarlygyny beýan etdi. Milli Liderimiz şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy, ol Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriler. 

Türkiýe Respublikasynyň lideri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň işine gatnaşan  dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Türkiýäniň wekilleriniň  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany makullap, Türkmenistanyň Bitaraplyk  hukuk derejesini ýene bir gezek  goldaýandyklaryny  tassyklandyklary bilen gutlady, munuň özi diňe doganlyk türkmen halky üçin däl-de, eýsem, türkmen döwletiniň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen  parahatçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny  ykrar edýän halkara jemgyýetçiligi üçin hem möhüm waka bolup durýandygyny Türkiýäniň Baştutany belledi. Şeýle hem türk Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda geçirilýän çärelere gatnaşýandygy üçin hoşallygyny bildirdi.  

Dostlukly ýurtlaryň öňde boljak üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen,  Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bu wakanyň türk-türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny nygtady. 

Soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow  we Rejep Taýyp Ärdogan  iki dostlukly ýurtda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürlik forumlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz şu aýda Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň däp bolan sergisiniň nobatdaky gezek döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary mümkinçiliklerini görkezjekdigini aýtdy. 

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary energetika pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamagyň maksada laýykdygyny nygtadylar. Türkmen Lideri häzirki wagtda iri türk kompaniýalarynyň milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary iki ýurduň arasyndaky barha ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygynyň kanagatlanmak bilen belledi. 

Iki  ýurduň geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändiklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda birleşdiriji bolup durýan Hazar sebitiniň ägirt uly ykdysady we energetika kuwwatlyklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary   iki dostlukly ýurduň abadançylygyna we tutuş sebitiň durnukly ösüşine ýardam berýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky pikiri aýtdylar. 

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy görkezdiler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn esasda işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi belläp, döwlet Baştutanlary bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalaryň birnäçesini mysal hökmünde görkezdiler. 

Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkiýede gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek babatynda dogry ýoly saýlap alan doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanylýar. Häzirki wagtda türkmen döwleti ynamly öňe barýan ýurduň ajaýyp nusgasydyr diýip, türk Lideri belledi. Şeýle hem  Türkiýe Respublikasynyň Baştutany özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady  gatnaşyklaryň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň ýurtlarymyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky orunlarynyň berkidilmegini şertlendirjekdigini aýtdy. 

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Iki doganlyk halkyň baý, medeni we ruhy mirasy  ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat  bolup hyzmat edýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türk hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda metjidiň gurulmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky ruhy gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar.      

Iki ýurduň Liderleri söhbetdeşligiň barşynda sport we syýahatçylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň sport babatda gazananlary barada aýtmak bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen türgenleriniň soňky döwürde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türk Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistandan gelen türgenleriň Türkiýede geçirilen sport bäsleşiklerinde eden şowly çykyşy bilen gutlady. Türk hünärmenleriniň pikirine görä, türkmen türgenleri ýokary taýýarlyk derejesi bilen tapawutlanýanlar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň sazlaşykly ösmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýändigini belläp, türk kärdeşine ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de  Rejep Taýyp Ärdogan iki döwletiň köpasyrlyk dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk  gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklara döredijilik hem-de  ösüş ýolunda bagt, abadançylyk we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. 

... Agşamara hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Baku şäheriniň Olimpiýa stadionyna tarap ugrady. Ol ýerde Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Büýüg-Şor kölüniň kenarynda ýerleşýän bu ägirt uly köpugurly desga 2015-nji ýylyň 6-njy martynda açyldy. Onuň eýeleýän meýdany 50 gektara barabar bolup, alty gatly toplumyň beýikligi 62 metrdir. Toplum 70 müňe golaý tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde 2015-nji ýylyň I  Ýewropa oýunlarynyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçiriler we oýunlaryň ýapylyş dabarasy bolar. 

“Baku-2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti tarapyndan köp ýurtlar bilen göni alyp görkezmek baradaky ylalaşyklara gol çekdiler. Türkmenistanyň milli telewideniýasynyň sport ýaýlymy hem şu gün Ýewropa oýunlaryndan göni gepleşikleri görkezip başlady. Bu ýaryşlara ýurdumyzyň meýletinçiler topary gatnaşýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   we beýleki döwletleriň Baştutanlary, Ýewropa ýurtlarynyň Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary, köp sanly hormatly myhmanlar stadionyň VIP derejeli münberlerdäki orunlaryna geçýärler.

Bakudaky Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy azerbaýjan halk sazlaryny – mukamlary ýerineýetirmekden başlandy. Nagaranyň sazlaşykly owazy astynda 24-den 0-a çenli yzyna wagt hasaplamasy geçirildi. Munuň özi Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny alamatlandyrýar. Biraz salymdan soň meýdança azerbaýjan halylarynyň nagyşlary bilen örtülýär. Bu nagyşlary stadionyň meýdançasynda tansçylaryň müňlerçesi “çekdiler”. 

Kabul edýän tarapyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň gutlagyndan soň, stadionda Azerbaýjanyň senasy ýaňlanýar. Soňra Ýewropa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy boldy. Bu alaw müňden gowrak türgeniň we ýüzden gowrak ulag serişdeleriniň gatnaşmagynda ýurduň  şäherleri we etraplary boýunça uzak ýoly geçip, şu stadiona getirildi. Alawyň geçen ýolunyň umumy uzynlygy 5,5 müň kilometrden gowrakdyr. 
  
“Bakuw-2015” oýunlarynyň nyşanlary Jeren we Nardyr. Nar bu oýunlaryň owadan logotipinde hem şekillendirilipdir. Logotip özüne bäş nyşany – alawy, suwy, Symrug guşuny, haly gölleriniň şekilini we Azerbaýjanyň esasy miwesi bolan nary birleşdirýär. Stadionyň ýokarsynda gaýyp ýören ägirt uly nar açylýar we ondan bişen nar dänelerini ýatladýan howa şarlary çykýar. 

Soňra däp boýunça bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklarynyň astynda türgenleriň dabaraly ýörişi başlanýar. 28-nji iýuna çenli dowam etjek bu oýunlara dünýäniň 49 ýurdundan 6 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Bäsleşikler mahalynda sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda güýç synanyşylar. Şolaryň 12-sinde türgenler Olimpiýada –2016-a gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda göreşerler. Olaryň hatarynda sportuň boks, göreş, welosporty, woleýbol, dzýu-do, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, tüpeň atmak, peýkam atmak, triatlon we taekwando ýaly görnüşleri bar. 

Soňra olimpiýa çempionlarynyň bir topary, dünýäde meşhur türgenler stadiona Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň baýdagyny çykarýarlar.  Oýunlaryň açylyş dabarasyna şüweleň ulgamynyň dünýä derejesindäki ýyldyzlary hem gatnaşdylar. Köp öwüşgünli dabaranyň ahyrynda bu agşama gatnaşýan ýerine etirijileriň müňlerçesi bir ýere jemlendiler we milli azerbaýjan ýally tansyny ýerine ýetirdiler. 

Şu pursatlarda Baku şäheriniň asmanynda köp öwüşginli feýerwerk yşyklary peýda boldy. Ol sport ýaryşlaryna, ýeňişlere bolan pursatlaryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Mundan başga-da Ýewropa oýunlarynda uly medeni maksatnama meýilleşdirildi. Tutuşlygyna alnanda bu giň möçberli waka ýurduň ykdysmady, medeni durmuşyna we syýahatçylyk pudagyna oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol dürli maksatly halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegini şertlendirer we dostlukly, işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäniň halklarynyň arasynda birnek-birege ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirer. 

Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň wezipelerine hut şu nukdaý nazardan garaýar. Aziýada-2017-niý Guramaçylyk komitetiniň we Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlislerinde bu barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň guramaçylygy, ýokary derejeli türgenleriň, tälimçileriň, eminler düzüminiň, meýletin ýardamçylaryň, hyzmat ulgamyna degişli wekilleriň taýýarlygy boýunça maksatnamanyň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa komitetiniň we Okeaniýanyň      Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýanyň 17 ýurdunyň Aziýada- 2017-ä gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. 

Şonda döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlarynyň sportuň 19 görnüşini özünde jemleýän maksatnamasyna atçylyk sportuny (konkury) we türkmen milli göreşini goşmagy teklip etdi. Soňky döwürde sportuň konkur we göreş görnüşleri sport muşdaklarynyň we türgenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi  munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda Aziýada-2017-ä taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzyň sport binýadynyň ösdürilmegi we ulgamyň işgärleriniň taýýarlanmagy üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Hut şonuň üçin hem onuň taýýarlyk işlerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi işjeň öwrenilýär. Daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary Olimpiýa oýunlarynyň we beýleki iri möçberli sport çäreleriniň guramaçylygyna gatnaşan bilermenler işjeň çekilýär.

2015-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Aziýada- 2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň  çäklerinde bu oýunlaryň ähmiýetine seredildi. Munuň özi iri ýaryşlaryň diňe bir ýurdumyzyň sport ulgamyna däl, eýsem jemgyýetiň we döwletiň ähli ugurlaryna bolan täsiriniň has-da ýokarlyndyrylmagyna täsirini ýetirer. Şol ulgamlar bolsa durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan başlap, sebit we dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasyny durmuşa geçirmäge çenli möhüm ugurlary öz içine alýar. 

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaryşlary şöhlelendirmek aýratyn möhüm ugur bolup durýar. Bu ulgamda “John Tibbs and Associates” (JTA, Beýik Britaniýa)  kompaniýasy biziň hyzmatdaşymyz bolup çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Aşgabatda dürli ýurtlaryň esasy habarlar agentlikleriniň wekilleriniň, Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sport media-forumlary geçirildi. Taýýarlyk görmek işlerine Angliýanyň meşhur kompaniýalary hem gatnaşýarlar. Olaryň işi iri möçberli ýaryşlarda hyzmatlary hödürlemek we Olimpiýa obasyny, sport desgalaryny dolandyrmak bilen baglanyşyklydyr. 

Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda hem işler giň gerimde alnyp barylýar. Onuň gurluşygy üçin türkmen paýtagtynyň günorta böleginde giň çäk bölünip berildi. Umuman, bu şäherjik 157 gektar meýdany eýelär, onda 30-dan gowrak desga ýerleşer. 

Şu ägirt uly sport baýramçylygynyň geçirilmegi netijesinde Aşgabat iri sport ýaryşlaryny guramakda uly tejribe toplamak bilen çäklenmän, eýsem sporty mundan beýläk-de ösdürmek,  Olimpiýa oýunlaryna çenli ýygyndy toparlary kemala getirmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolar.

Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sport bilen baglanyşykly meseläniň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gün tertibine, daşary ýurtlara bolýan saparlaryň maksatnamasyna girizilýändigini bellemelidiris. Şol saparlaryň barşynda döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, dürli ýurtlarda döwrebap sport düzümini guramagyň tejribesi bilen tanyşmak üçin wagt tapmaga çalyşýar. 

Hormatly Prezidentimiziň I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrylmagy ýurdumyzda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Aziada – 2017 bu hyzmatdaşlykda täze sahypany açmaga ýardam eder. 

Milli Liderimiziň  şu saparynyň Aziada-2017-ä gönükdirilendigini saparyň iş derejesi we döwlet Baştutanymyzyň şol ýere iberen wekiliýetiniň düzümi hem aýdyňlyk bilen görkezýär. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň sport ulgamynyň hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek   Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary girdiler. 

Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty, giň halkara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzda iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi hem-de türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine barha giňden gatnaşmagy netijesinde ýurdumyzyň sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Biziň türgenlerimiziň 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy olar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmen türgenleriniň möhüm halkara ähmiýetli ýaryşlarda toplan uly tejribesi bolsa olaryň 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna ýardam etdi. 

2014-nji ýylda Soçide geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda bolşy ýaly, Baku şäherine bolan şu saparyň hem belli bir maksady bardyr. Şol maksat bolsa iri sport çärelerini guramagyň, degişli düzümi döretmegiň   tejribesi, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we innowasion çözgütler  bilen tanyşmakdan ybaratdyr. 

Ýokarda bellenilişi ýaly, bu çözgütler Türkmenistan üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we iş ýüzünde durmuşa geçirilýän ägirt uly sport we dostluk baýramçylygyny geçirmek pikiriniň töwereginde berk jebisleşdi. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary hem şeýle baýramçylyga öwrülmelidir. Bu giň möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol  sanda sport giňişliginde abraýyny has-da artdyrar. 

Häzirki Türkmenistanda sportuň muşdaklarynyň sany barha art ýar, onuň jemgyýetdäki ähmiýetine düşünmek derejesi bolsa ýokarlanýar. Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen anyk ädimleri bilen bu babatda beýleki ýurtlara görelde bolýar. Bu syýasatyň  üstünlikleri we aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň milli Liderimiziň we halkymyzyň, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşygy bolup durýandygyny görkezýär. 

... Birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäheriniň howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder