6 Haziran 2015 Cumartesi

Daşkentde Türkmen-Özbek Syýasy Geňeşmeleri

2015-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýei Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Daşkent şäherinde bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Iş saparynyň dowamynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň güýzünde Özbegistana boljak saparyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, öňümizdäki saparyň dowamynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalara seredilip geçildi. Şeýle hem, halkara gün tertibinde özara gyzyklanma bildirilýän ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna jikme-jik garaldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýumlar we söwda ministri, türkmen-özbek hökümetara toparynyň başlygy E.Ganiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlary, ýagny himiýa senagaty, oba hojalyk we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda ýola goýmak meseleleri barada pikip alşyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder