Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Sizi ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamzat jemgyýetiniň ösüşi we özgerişi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, Ylymlar gününiň bitaraplygyň, parahatçylygyň hem-de dostlugyň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan baýramçylyk dabaralary agzybir jemgyýetimiziň bitewüligini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Ylym häzirki zamanyň ösüşini esasy kesgitleýjileriň biridir. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hem ylym jemgyýetimiziň we döwletimiziň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň esasy güýji bolup durýar. Häzirki döwürde ähli durmuş-ykdysady ösüşlerimiz we ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki ornuny pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler ylym ulgamy bilen baglanyşyklydyr.
Berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmäge we kämilleşdirmäge, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyranymyzda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döredenimizde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirenimizde biz in öňdebaryjy innowasion-tehnologik tejribelere hem-de düýpli ylmy esaslara daýanýarys.
Eziz Diýarymyzda adam döwletiň in gymmatly baýlygy hasap edilýär. Şu ynsanperwer taglymatdan ugur alýan ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş maksady, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, ylym ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri bolan hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň täze neslini kemala getirmekden, şeýle hem ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewi ulgam hökmünde kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, onuň garamagyndaky institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly, düýpli we täzeçe işleri ýola goýmak hem-de şol işleriň netijelerini milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini ýokarlandyrmaga gönükdirmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär.
Gadyrly myhmanlar!
Tebigy baýlyklarymyzy, mineral we uglewodorod serişdelerini, «Altyn asyr» Türkmen kölüni ulanmagyň kämil tehnologiýalarynyň döredilmegi, ýerli çig maldan ýokary hilli derman önümçiliginiň ýola goýulmagy, miwe, ir-iýmiş, gök we bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi, mallaryň we guşlaryň tohumçylygy ýurdumyzy senagat-innowasiýa taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň depgininiň has-da güýçlendirilmegine, şeýle hem dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna uly itergi berýär.
Gadymy, orta asyrlar, täze we in täze taryha, arheologiki we taryhy ýadygärliklere, medeni-ruhy gymmatlyklara, däp-dessurlara, sungata bagyşlanan bilelikdäki ylmy-barlaglar, sebitleýin hem-de halkara derejesindäki maslahatlardyr sergiler döwletimiziň ylmy-medeni kuwwatyny berkitmek bilen birlikde, dünýä bileleşiginiň ylmy-medeni, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Ylym ulgamyndaky ýokary depginli ösüşler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylmy-tehniki syýasata örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Geljekde hem dünýäde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň \m hökmünde Türkmenistanda ylym jemgyýeti düýpli täzelemegiň esasyny düzer, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine hyzmat eder!
Häzirki döwürde biz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, bu asylly däpleri mynasyp dowam edýäris. Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarys, ata Watanymyzyň halkara ylym giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga çalyşýarys.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy jemgyýetimiziň ylmy-döredijilik kuwwatyny täze derejelere göterýär. Bu durnukly tehnologiki ösüş milli we halkara ylmy-innowasion taslamalary, älem bilen bagly barlaglary alyp barmak hem-de şol barlaglaryň netijelerini durmuşa geçirmek boýunça täze gözýetimleri açýar.
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýramyň şanyna geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we täze açyşlary arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder