19 Haziran 2015 Cuma

Adam Söwdasyndan Habardar Bolmak Zerurdyr!

Adam söwdasy dünýäde adamzada garşy jenaýat hasap edilýär. Ol agirt uly pul aýlanyşygy bilen guramaçylykly jenaýat bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda duş gelýär. Ol esasan hem, ýurtlarda arzan işçi güýjüne bolan islegiň döremegi netijesinde ýüze çykýar. Adam söwdasy zorluk bilen jynsy gatnaşyklaryň, mejbury zähmetiň, gulçulygyň ýa-da bendiligiň pidasy bolmak bilen gutarýar.  

Adam söwdasynyň PIDASY nädip bolýarlar?  

Daşary ýurtlarda işlemek barada edilýän diýseň özüňe çekiji tekliplere aldawa düşenler, ýagny

1)     Olar size: "Hünäriňiz bolmagy hökman däl. Size ýanyňyz bilen pul almagam gerek däl, biz hemme zady özümiz gurarys, diňe biziň bilen gitseňiz bolýar".

2)    Olar size ýeňiljek iş üçin artykmajy bilen hak alarsyňyz diýip aýdýarlar.

3)    Olar siziň ähli ýol harajatlaryňyzy we ýaşaýyş çykdajylaryňyzy tölemegi wada berýärler;

4)    Olar: "Puly soň gaýtaryp berersiň. Saňa bütin ömrüň geljegi garaşýar" diýýärler.  

Daşary ýurtda iş gözläňizde nädip özüňizi  HOWPDAN GORAMALY?  

Daşary ýurtlarda işlemek barada edilýän diýseň özüňe çekiji tekliplerden ägä boluň.

Size zerur iş gerekmi? Siz başga ýurda göçmegi meýilleşdirýäňizmi? Eger şeýle bolsa – öz hak-hukuklaryňyzy biliň we bu barada soraşdyryň.

Daşary ýurtda iş teklip edýän agentlikleriň resminamalarynyň we rugsatnamalarynyň hakykydygyny hemişe barlamagy unutmaň. Şol agentlikleriň iş teklip etmäge hukuklary barmy? Doly öwreniň.

Iş ýeriňizde ýa-da bolýan ýeriňizde hiç kime hiç bir sebäp bilen öz pasportyňyzy bermäň!

Özüňiziň boljak ýeriňiziň anyk salgysyny maşgala agzalaryňyza, garyndaşlaryňyza ýa-da dostlaryňyza berip gidiň!

Eger kimdir birini gul hökmünde mejbury işleýändir diýip pikir etseňiz, dessine degişli hukuk goraýjy edaralaryna ýa-da ygtyýarly guramalara habar bermelidigiňizi UNUTMAŇ!
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder