7 Haziran 2015 Pazar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri öz gutlaglarynda bu resminamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň sebitleýin we dünýä möçberinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde soňky ýyllarda abraýynyň ýokarlanýandygy, milli Liderimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýändigi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýip belleýärler.

Gutlag hatlarynda we telegrammalarda türkmen bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady syýasatynyň ugurlarynyň sebitleýin ösüşe oňyn täsir edýändigi, çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy hadysalar zerarly kyn ýagdaýa düşen ýurtlara we halklara ynsanperwerlik kömegini bermekde Türkmenistanyň möhüm orny aýratyn bellenilýär. Bitaraplyk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygy gowşatmaga, howpsuzlygy pugtalandyrmaga we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşdy. Şu ýyllaryň içinde biziň Watanymyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe boldy. Gutlaglary iberenler Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerine Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hormat goýmaga we ony goldamaga, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna hem-de çäkleriniň bitewligine hormat goýmak baradaky çagyryşa ünsi çekýärler. Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu resminamanyň kabul edilmegi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldaýandygynyň, ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygyynyň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde üstünlikler arzuw edýärler.

Milli Liderimizi Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan şanly waka mynasybetli A. Nurberdiýewa gutlady.

Hormatly Prezidentimize Türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Milli Liderimizi ýurdumyzyň ähli ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we köpsanly beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder