12 Haziran 2015 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. "Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýaş alymlaryň we talyplaryň bir topary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2015-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy. Karar metbugatda dolulygyna çap edilýär.
 ***  
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Zakirjan Jumakulyýewiç Kurbanow Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder