Ylymlar güni mynasbyetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňişi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gurýar.
Hormatly Prezidentiniň esaslandyran bu döwlet bäsleşigi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, alymlaryň täze nesilleriniň kemala gelmegine, olaryň dürli ulgamlardaky ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Bu bäsleşige zehinli ýaşlaryň birnäçesi gatnaşýar. Olaryň hatarynda ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşmeleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy işe ägirt uly höwesi bolan ýaşlaryň köpsanlysy bar.
Abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl oňa ylmyň obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar, ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanak, energetika, ýangyç we olary tygşytly ulanmak, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi, maglumat we telekeommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hem-de barlaglaryny hödürleýän ýaşlaryň 897-si gatnaşdy.
Bäsleşige hödürlenen işleriň möhümdigini, olaryň netijeleriniň ähmiýetlidigini we önümçilige ornaşdyrmagyň zerurlygyny, ylmy açyşlaryň derejesini kesgitlän bilermenler topary ýeňijileri ýüze çykardylar.
Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerinih hormatlamak mynasybetli guralan dabarada hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ylmy işgärler, jemgyetçilik guramalarynyň agzalary, dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar , Türkmenstanyň Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşýan hormatly myhmanlaryň hatarynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” ady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologioýalar merkezinde şu gün açylan Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bar.
Bu ýere ýygananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly, bagtyýar nesiller okamak,öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen ähli ukyp-başarnyklaryny, zehin-yhlaslaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Bu wezipe ýaş alymlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. Çünki bäsleşige ukyply işläp taýýarlamalary alyp barmak, berkarar döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek uly bagtdyr.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat diplomlary we sowgatlar gowşuryldy. Ylmy bäsleşigiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaşlary hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratlaryny, zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Olaryň ýerine ýetiren ylmy işelri uniwersitetiň eýwanynda ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da sergide kitap neşirleri we ylmy işleriň ýygyndylary, şeýle hem dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümleriniň innowasion tehnolgiýalary, Garagumyň çägelerinden gurluşyk serişdelerini we kremnini almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.
Tükmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňişiniň ylmy bäsleşigiň jemleri boýunçah her ýylda taýýarlaýan “Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary” atly dördünji neşirinde ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde baýrakly orunlara düşen ylmy işleriň netijeleri hakynda gürrüň berilýär.
Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini täzeçil esasda ösdürmek, milletiň baý mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi babatda tagalla edýändigi üçin döwlet baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş söleri aýdyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder