17 Haziran 2015 Çarşamba

Russiýa Bilen Hytaý Tebigy Gaz Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

Russiýa bilen Hytaýyň Sibiriň güýji tebigy gaz turba geçiriji taslamasy arkaly 30 ýylyň dowamynda 30 milliard kub metrlik tebigy gazyň akdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Russiýanyň Prezidenti Putin Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy.
Duşuşykda taslama barada maglumat beren Miller üstümizdäki aýyň ahyrynda turba geçirijisiniň Hytaýdan geçýän böleginiň gurluşygyna başlanjakdygyny aýtdy.
Miller Hytaý bilen 30 ýylyň dowamynda 30 milliard kub metrlik gazyň akdyrylmagy we gurluşygyň möhledi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.
Ýewropa Komissiýasynyň Russiýanyň Ýewropada tebigy gaz turba geçirijisiniň gurluşygyny bökdemegi sebäpli Gazprom firmasy gündogar bazarlaryna gönükdi we Hytaýyň başda durmagynda şol ýurtlar bilen energetika hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
Hytaý bilen baglaşylan şertnama görä Russiýa Hytaýda hem günbatara hem-de gündogara tebigy gazyň akdyrylmagy üçin iki turba geçirijisini gurar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder