11 Haziran 2015 Perşembe

Sýurihde Türkmen-Şweýsar Işewürler Maslahaty Geçirildi

2015-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Şweýsariýanyň Sýurih şäheriniň «Eden au Lac» myhmanhanasynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Bitaraplygnyň 20 ýyllygyna bagyşlanan türkmen-şweýsar işewürler maslahaty geçirildi.

Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin täze çözgütleri we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek bolup durýar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministriniň orunbasary K.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de hususy kärhanalaryň wekilleri goşuldylar.

Şweýsar tarapyndan gurnaýjylar bolup Şweýsariýa-GDA Söwda-senagat edarasy we Sýurih şaheriniň söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Maslahata nebit we gaz, energetika, gurluşyk we arhitektura, maşyngurluşyk, demir ýol gurluşyk, kommunikasion tehnologiýalary, azyk senagatynda täze tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen 30 golaý şweýsar kompaniýalary gatnadylar.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti üçin birnäçe şweýsar kompaniýalaryna saparlar gurnaldy. Olaryň arasynda nebit-gaz pudagynda ýokary hilli tehnologiýalary öndürmek boýunça öňdebaryjy kompaniýalary «Burckhardt Compression» we «Sulzer Chemtech», demir we gara ýollary, metro ulagyny gurmak ugrunda ýöriteleşdirilen «Walo Bertschinger» kompaniýasy. Şeýle hem wekiliýet deňizdäki nebit-gaz ojaklaryny işläp taýýarlamakda ulanmak üçin kompressorlary öndürmekde ýöriteleşdirilen  «MAN Diesel &Turbo Shweiz AG» kompaniýasyna baryp gördi. 

Şweýsariýa Konfederasiýasynda üstünlikli geçirilen bu maslahat, taraplaryň türkmen-şweýsar döwletara gepleşiklerini ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze ýörelgeleýin derejesine çykarmak babatda ýagşy niýetlerine esaslanyp, uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn bähbitli esasda gurnalýan, köpugurlaýyn hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn berkitmekde we giňeltmekde täze itergileri berer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder