11 Haziran 2015 Perşembe

Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Aşgabat şäherine «Berkara döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin gelen, Koreýa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy j-p An Hong-Jun tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Koreýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň Dostluk Assosiasiýasynyň Başlygy hanym Li Ok Rýon gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösüşi barada aýdyp, taraplaryň wekilleri ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça tagallary birleşdirmekde iki döwletiň Ýolbaşçylarynyň ähmiýetli ornuny bellediler. Mundan başga-da taraplar ýaragsyzlandyrmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmak bilen göreşmekde we ýadro ýaragyndan azat zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary bellediler. Halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyna degişlilikde, taraplar bu ugur boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdarydyklaryny aýtdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Köpugurly, netijeli we köpmaksatly ulag-tranzit geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri strategiki taslamalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Şol bir wagtda taraplar öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan hem, demir ýol gurluşyk, portlaryň gurluşygy, nebit-himiýa önümçiligi, agrosenagat toplumy, gümrük düzümlerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Medeni-gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, wekiliýetleriň agzalary bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň zerurlygyny aýdyp, bilelikdäki ylmy taslamalaryny döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň Dostluk Assosiasiýasynyň wajyp ahmiýeti bellenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder